Premium
rexha [1m] 26.06.2025 / 07:25 Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
Kaka gyşdyr-kä salkyn käte sowuk,
Onda gar ýagsa-da ereýändir soň.
Başdan aỳy:r zyýanly zady kowup,
Pähimi ömrüňe ýaraýandyr soň.
Eje ýazdyr-saňa ilki jan beren,
Şoň bilen dünýäde açylar güller.
Gum-guklyk ýaşaýşa aýdym-saz geler,
Pasyllaryň soltany ejeli günler.
Uýa tomus-onuň yssy mähiri,
Ýetişdirip aň-akylyň bişirer,
Ýollaryňa ýalkym saçjakdyr keşbi,
Ýalňyşaňda ýalňyşyňy ýaşyrar.
Aga güýzdir-dökülýändir dertleriň,
Mert bolup kän aladaňy owradar.
Bile geçişjekdir ýollaň kertlerin,
Gussaň alyp geljegiňe ugradar.
Ýer ýüregi olar bilen urýandyr,
Hemmejesi gerek ajap pasyllaň,
Biri kem bolsa bildirip durýandyr,
Dünýäň gözel şolaryň arkasyndan.
Awtor:Şanazar Hydyrow
Mowzugy vip edenler:
rexha - 8 sagat vip etdi!
(26.06.2025 / 07:27)