Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : Tam olucak derken her seferinde kursağında kalma işi.
Ata mähri
Premium
BAYOGUL [1s] 26.06.2025 / 22:36
Eziz, kyblam, mähriban atam! Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe ýazsaň-da az. Ýöne, atam, şu gün size bolan söýgimi ak kagyza geçiresim geldi. Ýürekdäki ilkinji söýgüniň biri siz dälmi, eýsem?!
Bäş perzende gala bolup, hemişe olaryň aladasyny edip, gije-gündiz işlediňiz. Her kimiň durmuşynda-da eziz kyblasy kyn gününde elinden tutup galdyrar. Siz hem bizi şeýle pursatlarda ýalňyz goýmadyňyz. Hatda durmuşyň ilkinji ädimini ädenimde, elimden tutup goldaw berdiňiz. Eýýäm şol pursat siz meniň ilkinji gahrymanym bolupdyňyz.
Men häzirem şol pikirde. Häzirem sizden güýçli, sizden batyr, sizden gaýduwsyz adamy başga bilemok men. Dogry, ulaldym, ýöne kalbyňda şinelän ilkinji ynançlar hiç haçan ýitip-ýok bolmaz eken.
Mähriban käbäm bilen berlen ömrüňiziň köp bölegini bize bagyşladyňyz. Her gün gymmatly wagtyňyzdan sarp edip, edep-terbiýäniň ilkinji binýadyny goýduňyz. Çagalaryňyzyň gowy iýip-içip, sagdyn, edepli, terbiýeli bolup, ile-güne goşulmagy üçin eliňizden gelenini aýamadyňyz. Her gün işden ýadap gelseňiz-de mellekde işlärdiňiz. Bag ekerdiňiz, ýer deperdiňiz. Garaz, bizi hiç zatdan hor etmediňiz. Eliňizden geldiginden, sözümizi ýykmajak bolardyňyz. Durmuşda ajy-süýji günleriň boljakdygyny, emma hiç haçan ruhdan düşmeli däldigini, hemme kynçylyklary ýeňmelidigini aňymyza guýduňyz. Bir atanyň perzendine berip biljek iň uly sowgady olara bolan söýgüsidir. Siz perzentleriňize ol söýgüni hem artygy bilen berdiňiz.
Size meňzäsim gelýär. Çünki men şu ýaşyma çenli siz barada diňe öwgüli sözleri eşitdim. Ýogsam näme, etrapda ilkinji sungat mekdebini esaslandyran, halypalaryň halypasy bolan atam bar meniň. «Şägirdem bir perzent» diýýärler. Gör, bu gün siz ykbalyny sungata baglanlaryň näçesiniň ylym atasy.
Bu günki gün perzentleriňizi öýli-işikli etdiňiz. Daşyňyza agtyjaklaryňyzy üýşürip, giň döwletiň eýesi bolduňyz. Döwletiňiz yranmasyn, saglygyňyz egsilmesin, mähriban!
Mähriban käbäm bilen bileje aramyzda başynyzyň dik bolmagy biz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, Taňrynyň beren iň beýik peşgeşidir. Ýyly ýylgyrşyňyz kalbymyzy ýyladar, mähribanlarym. Goý, elmydama janyňyz sag, başyňyz dik bolsun!
Maral Akmyradowa,
«Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Unudyp bilemok.
Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...
dowamy...Unudyp bilemok.
Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...
dowamy...Test
Onyaly soygi galdymow,senin indi oýune getirenine kayyl bolanaklar nm icin erkeklen sacy duship callt garrayalar,sebabi eltenini iyip on bilenem...
dowamy...Test
Biz dűnÿă gelende hiç zatsyz geldik. ALLA műñ şűkűr işlerimiz ugruna hem gaty gowi. Nesibeli gűn bardyr őÿlenmegiñem. Esasy zat men ony tanaÿan,...
dowamy...
Ýokaryk