Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerinde goşma sözlerden emele gelen ýer-ýurt atlary bolup, olar ýer şarynyň iň uzyn atly ýerleri hasaplanylýar. Geliň, şol ýerleriň käbirleri bilen tanşyp geçeliň:
Taumatawhakatangihangakoauauotamateaturipukakapikimaungahoronukupokaiwhenuakitanatahu. Uzyn atly ýerler sanawynyň başyny 85 harpdan ybarat bolan, Täze Zelandiýanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen «Taumata» depesi ýerleşýär. Beýikligi 305 metre ýetýän bu depäniň ady ýerli Maori dilinde «Topraklary ýuwudýan, daga dyrmaşyjy uly dyzly Tameteanyň gelip, halaýan adamsy üçin tüýdük çalýan depesi» diýmegi aňladýar.
Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch. Sanawyň ikinji basgançagynda Uels döwletinde ýerleşýän, jemi 58 harpdan ybarat bolan «Llanfair PG» diýlip atlandyrylýan ýer hasaplanylýar. Ýewropada iň uzyn atly ýer diýlip atlandyrylýan, bu ýeriň doly ady uelsçede «Gyzyl dükanly Keramatly Tisilio buthanasynyň girdabynyň ýanyndaky ak funduk agajynyň köwegindäki Keramatly Merýem ybadathanasy» diýmegi aňladýar.
Chargoggagoggmanchauggagoggchaubunagungamaugg. Uzyn atly ýerler sanawynyň üçünji ornunda ABŞ-da iň uzyn atly ýer hasaplanylýan «Webster köli» durýar. 45 harpdan ybarat bolan bu kölüň ady amerikan ýerli alkolgin dilinde «Araçäkdäki balyk tutulýan ýer» diýmegi aňladýar. Şeýle hem, bu kölüň ady has irki döwürlerde «Chabanaguncamogue» we «Chaubanagogum» görnüşinde hem gabat gelýär.
Tweebuffelsmeteenskootmorsdoodgeskietfontein. Sanawyň dördünji basgançagynda 44 harpdan ybarat bolan, Günorta Afrika Respublikasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän «Iki gäwmişiň bir gezek atylanda öldürilen çeşmesi» atly öri meýdany eýeleýär. Meşhur Günorta Afrikaly aýdymçy Anton Gusen 2014-nji ýylda çykaran «Putonnerwater» atly albomyndaky aýdymlaryň birine hem ýokardaky ady goýýar.
Azpilicuetagaraycosaroyarenberecolarrea. Ispaniýanyň Nawarra awtonom sebitiniň Azpilkueta obasynda ýerleşýän, «Azpilkuetanyň beýik haýatynyň pes meýdany» ady bilen tanalýan ýeri sanawyň bäşinji basganjagynda durýar. 39 harpdan ybarat bolan, bu ýer Ýewropanyň iň owadan tebigatly ýerleriniň biri hasaplanýar.
Gölbaý GYLYŽOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
31
15
2
5
0
0
1
Teswirler:
Täzeje State [off] Düýn, 22:47
+0
Öň islenende goýupdym şu posty suratlaryna çenli
Premium BAYOGUL[on](Düýn, 22:48)
State, dogry munda surat yok ekeni birje surat bar onam yaltandym goymany
Betinden Sebap [9s] Lekum dinukum we liýe din Şugün, 14:56
Wagt ýitirip okanyňa görä, özüne çekiji, many-mazmuna ýugrulan saýlama eserlerden mowzuk goýulaýsa gowy boljak. Saýtdaşlarmyzyň içinde-de köp, dö...dowamy...
oňam bir kynçylygy bomy, hany aýt, näme üçin bu soragy ýazdyň? näme esas boldy? durmuş oýunjok dälä pully pulsuzy saýlap, düýbinden nädogry sorag...dowamy...
Pul baylyk rol oynayar. Gyzlar garyp oglana barayman. In azyndan sho hojalyk, sizin onup osen hojalygynyzdan girdejisi kop bolsun. Bolmasa onus...dowamy...
Meň pikirim pul bln sen bagytly bolmaýaň pul tapdyrar yöne hakyky yürek tapdyrmaz hokman adamy bay ýada garyp diyip ölcenmeyar esasy zat yüregine...dowamy...
Ýekeje mowuzak acsalaram yetip dur onnam özlerinden ýazsa has Gou biriniň eden işini kopyalap name gerek!! Ýada käbirlerem gysgajyk zt ýazyp bide...dowamy...