Eje (goşgy).

Bravee [off]
02.07.2025 / 20:43
Gayrat ediňde akyl satmaň,özüňize gerek bor..!?
Ýyly mähriň Günüň çogly kuýaşy,
Men seniň nuruňdan güýç alýan, eje!
Gamly günüm ýürek urar bikarar,
Mährem ýüzüň görsem ynjalýan, eje!
Ýakyn bolsak ýa bolsagam alysda,
Mydam saňa söýgi-hormat bar, eje!
Beren terbiýäňe, beren edebňe,
Perzentleriň senden minnetdar, eje!
Her pursadym seniň bilen gözeldir,
Päklik jemlenipdir keşbiňde, eje!
Nirde bolup, näme hakda ýazsam-da,
Mydam waspyň bolar kesbimde, eje!
Ýerdäki perişdäm, bagt bagbanym,
Baýlygym, barlygym, gymmatym, eje!
Müň şükürler edýän çüwen ykbala,
Sen arşdan inderlen jennetim, eje!
Söýgiň ýaly söýgi bagş etmek üçin,
Kalbymy kalbyňa nagyşla, eje!
Kejirligmi edip degsem göwnüňe,
Ýekeje gyzyňy bagyşla, eje!
Nurgözel ÝAZBERDIÝEWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy.
![]() 101 |
![]() 14 |
![]() 3 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)