Ynam bolsa

medet_mededi [off]
03.07.2025 / 02:35
Kä suwdan çykaryp oda salýandyr,
Seriňde arzuwlar aşa kän bolsa.
Arzuwlary wysal edip bolýandyr,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Ynançly bendäni gorar Biribar,
Çünki onuň nur imany – dini bar.
Gury agaç pyntyk ýaryp şinelär,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Kynçylygy dişiň gysyp çekersiň,
Ýetilmejek menzillere ýetersiň,
Üstünligiň çür başyna çykarsyň,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Gülki – görübilmeýänden ar alyş,
On sany gussany bir gülkä çalyş.
Mydama ýanyňdan aýrylmaz ýeňiş,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Öwseler-de seniň iridigiňi,
Unutma, milýarddan biridigiňi!
Subut eder durar diridigiňi,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Medet MEDEDOW
![]() 156 |
![]() 26 |
![]() 8 |
![]() 11 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 2 |
Teswirler:


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
03.07.2025 / 07:51
+1
Berkje murapbag bolupdyr. Berekella!

medet_mededi (03.07.2025 / 08:53)
Belki, Sag boluň!
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)