Umyt (goşgy)

medet_mededi [off]
15.07.2025 / 17:49
Ýüregimi gobsundyrdy öňküden,
Elimden erkimi aldy gözleri.
Görmesem,
ýürege bir zat sünjüler,
Aýdybam bilemok söýgi sözlerin.
Ony ýatlap, gussalarmy taşlaýan,
Arasynda ýylgyrmany çykardym.
Ýürek öz-özüni tijäp başlaýar,
Agyr gelýär, diňe gerden çekerden.
Duýmaýan deý meniň düşen halymy,
Gülmek bilen yşk oduny tütedýär.
Syrly çekip ýörün söýgi zaryny,
Kä güldürýär, käte bolsa lüt edýär.
Ol meniň göwnüme şeýle hoş ýakýar,
Mähir bilen sowuk kalbym ýylandy.
Meniň ähli dertlerimi boşadýar,
Ýanymda ýeke-täk şatlygym galdy.
Şemala oýnaýar saçlarnyň tary,
Ak alnyndan öpýär Günüň şöhlesi.
Diňe meniň üçin aýdylýan ýaly,
Gulak bolup diňleýärin şol sesi.
Men ony durmuşda bagtly ederin,
Ýaş aksa gözünden begençden akar.
Men bagtyma hökman bir gün ýeterin,
Ykbal maňa Gün deý ýylgyryp bakar.
Medet MEDEDOW
«Garagum» žurnaly 📚
2024ý.
![]() 82 |
![]() 17 |
![]() 2 |
![]() 9 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
Hormatly ulanyjylar !
Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...