Şagal dişlän gelin hakda waka

bagabat [off]
16.07.2025 / 16:40
Geçen asyryň segseninji ýyllarynda, sowet döwründe, hemmäň durmuşy-düzgüni birmeňzeş ýasawdy. Goňşulykda ýaşaýan gelnem melleginiň aýagujunda gurlan ýatakda baş sany iki ýüzden geçeňkirleýän towuk saklardy. Ýumurtgasynam biziňki ýaly özünde towuk ýok goňşulara satardy ýa-da şähere bazara äkidip, ýerläp gelerdi.
Biziň ýaşaýan köçämizem şol wagtlar obanyň ahyrky köçesi bolup (häzir ondan aňyrda ýene 12 köçe ýaşaýyş jaýy bar), aýagujumyz ekin meýdanlarydyr zeýden agan suw zerarly emele gelen ymgyr gamyşlyk-batgalyga sepleşip gidýärdi.
Hemmäň gapysynda it bolsa-da, käte-käte şol mydam çus janawerleriňem gözüne güýdüşip, şo gamyş batgalykdan gelen şagal ýa-da tilki, ýaşaýjylaryň towuklaryny çilerdi. Bir günem, açlykdan ýaňa halys aňkasy aşandyr-da, ýaňky goňşy gelniň ýatagyna giren şagal, towuklarynyň-a birki sanysyny parçalapdyr. Ir bilen towuklaryna iým bermäge baran towukbikesi gelni görüp aljyrabam, sümlen deşigini tapman, gorkusyna heýýaty göçüp, ýatagyň içinde çar ýana pelesaň kakyp, urunmaga başlapdyr.
Gelnem oslagsyzlykdan ýaňa kellesi göçgün, ärini ýa-da degenek jahyl ýüwürjisini kömege çagyraýman: “Bi ýerçeken, janawerjiklemmiň galanynam gyran-jyran edýä, häzir!” diýen howatyr bilen, eline jontuk taýak alyp, ýataga giripdir. Gapyny-da ogry şagala gaçyp çykarlyk açyp goýaýman, gaýta içinden mäkämläp, goturlap giden, gözi şully, gapyrgalary sanabermeli igliden arryk, bedibagt mahlugy ýatak içre jyrraldyp kowalamaga başlapdyr.
“Dynman uruberseň ahyrynda item adam bolar” diýlişi ýaly, şagal pahyrjygam tutda-bas kowalanyp ýörlensoň, ahyryn öňki giren deşiginiň üstünden baryp, zut gaçypdyr. Şol gaçdy-kowdy hezilligiň arasynda-da gelniň eline-aýagyna gyltyzrak sypjyryklar düşüpdir. Towuk ähliniň penakär bikesi – gaýduwsyz gelin goňşam, haýhatly jeňiň aldym-berdimli garpyşygynyň dowamynda-ha ojagaz-bujagaz sypjyryklara üns bermändir welin, söweşden soň sowaşyp, köçämizde ýakyndaky bolup geçen wakany güpbe ýadyna salypdyr.
Şagally wakaň birki aý öňüsyrasynda goňşularyň biriniň on-on iki ýaşly ogluny it dişläpdi. Ol item, dişleneniň agasy armaturlap öldürenem bolsa, erninden hyllygy akyp durandygy zerarly “guduz bolaýmasyn” diýen ätiýaç bilen, oglany oba saglyk öýüniň lukmanyna görkezipdiler. Lukmanam esli wagtlap onuň garnyndan sanjym etmäge gatnatdyryp gezipdi.
Şonda-da, owal-a köçämiziň, galyberse-de onuň belentden beýik kenarlaryndan dolup-daşyp, obamyzyň ilatynyň arasyna: “Şunuň ýaly ýaman zor apasnyý ýagdaýlarda eddiljek göbegiň gapdalyndan kyrk sanjymy, arasyna maý salman, yzba-yz kyrk günläp wurmalymyşyn! Ýogsa adam, ikinji hepde diýlende, ýüzüne, bir ýerine damdyk suw degdigem çabalanyp-çabalanyp öläýýämişin!” diýen, hut bütin dünýäň, tanyş üsti ýa para-peşgeş bilen däl-de, öz güýjüne okuwa girip, öz güýjüne dissertasiýa goran, iň hakyky alymlary tarapyndan, diňe biziň obamyz üçin tassyklanyp berlen, jyda ýaman ygtybarly gürrüň ýaýrapdy.
Bu waka ýadyna düşüp ýüregine wehim aralaşan gelnem, özüni şagal dişländir öýdüp, iň myrtaryny çaklapdyr-da, ýüzüni ak tam edip, ejemiň ýanyna ylgap geldi. Elinde-de ýumurtgaly bedresi. Eýgörmüş görgüli, herniçe aljyraňňy serimsal bolsa-da, ketekdäki ýumurtgany çöplemeg-ä unutmandyr eken :-).
“Gelneje ja-a-a-n, indi şeýdip, artyp galmyş bäş sany ütülen towugy haram ölen şagaldan gorajak diýip, öz-özüňden guduz açyp, jilliräge-de ardurja ölüp gidäýmeli bormuka-a-a-m?! Bi men ölsem, çagalara kim esewan bola-a-r?! Bi ýer çekmän galan-a heniz mazaryň gumy solmanka bir ýerden entäp ýören kel gyrnagy tapynyp geler-le welin...” diýip, dodaklaryny titredip, entäk ölmänkä öz agysyny özi aglajak bolup, ber-başagaý özem.
Ejemem, özümiziňkiden gaýry ýene maňlaýky hem ýeňseki iki, jemi-de üç köçäň, şuňa meňzeş zatlardan jyda ýaman gowy baş çykarýan bilermeni, tebibi, hekimi, göbegenesi, hünärmeni... darykmag-a beýle-de dursun, hamana, goňşy gelinler gözüniň alnynda gyzyl-ýaýyrt bolşup, günde ölüp-direlip ýatan ýaly, hiç zat piňine däl.
-Howsala düşme, Neme jan, Hudaý bolsun etmese, “öleýin” diýip ölüp ýatsaňam ölmersiň,-diýip ejem, goňşymyzy başardygyndan köşeşdirýär:-öläýseňem çagaňa-ha sereden tapylar, äriňe-de entäp ýören. Beýdip ölmänkäň öljek bolup ölüp ýatma-da, bar derrew, eliňdäki bedräňi öýüňde goý! Soňam git, obaň dugtoryna tarap. Görsünler, eger seni çyndanam şagal dişlän bolsa, olam guduzlan bolsa, kol wursunlar. Kim bilýä, belki guduzlaman galsaň, şeýle galmak maňlaýyňa ýazylan bolsa, galaýarsyňam... Äý onsoňam, biziň şü giden çülpe bilen bolup ýörşümiziň özem guduzlandan enaýy däl-le! Onsoň mundan artyk biz görgüliler nirä guduzlaly diýsene...
Eýýäm haçan her pursat alýan demi bilen dembe-dem guduzlap barýana dönen goňşy gelin, sähel salymam säginmän, ýumurtgaly bedresini şalkyldadyp zut eňdi öýüne baka.
Jigimi emdirmesini kesmän gyşaryp ýatan ejemem maňa äňetdi-de diýdi:
-Bar senem, beýdip, allanäme kitap okaýansyran kişi, gulagyňy pakgardyp heleý gepini diňläp ýatma-da, tigriňi alyp, gelnejeňe ýoldaş bol. Birdenkä ýolda barýarka çaşyp-üýşüp başagaý bolup ýörmesin.
Menem ol wagtlar bolaýsam on ýaşymdadyryn, okap ýatan gyzykly kitabymyň arasynyň, şunuň ýaly biderekden gelen bir bihuda zat üçin böülnýänine nägile, gaşymy bürüşdirip, ýerimden gaharly turdum:
-Nämmolsun-aý war-a, eje?! Entek ony şagalyň dişlänem belli däl-ä. Senem derrew kim gabat gelse, öz çagaň derdiňe däl, köçede ygyp ýören iti tutup, ýüpüne tirkän ýaly: “bar gideweri, ýolloş boloweri” diýip, ýanyna dakyp goýberýäň-aý bar-a... Illeň özleri şumat seni ýa meni şeýdip şagal dişlän bolsa, dugtora gidişmäge kömekleşer öýdýäňmi?!-diýibem hüňürdedim.
-Gürleme, ýaşy uzap galan! Näme diý-äý, hökman ol öýüň gyrnagy ýaly bolup hüňürdäp galmasaň, diliňden bismil çykar seniň! Çalt bol-da, git ýany bilen, ýogsa-da agşam kakaň işden gelenden soň ýamanlap-ýamanlap julkuňy çykardaryn,-diýip ejem, gaharly haýbat atdy.
Emma burnumy şuguldadyp gapydan çykyp ugranymda, ýene dözmedi. Jandurmazaklygyny edip yzymdan sargap galdy:
-Oglum, ýöne gelnejeň bilen barýarkaň gaty golaýyndanam gitmegin. Alla saklasyn, bolmawersin welin, kim bilýä, ol işigaýdan dugtora ýetmän, ýolda güpür-tapyr guduzlaga-da, senem dişläýmesin birdenkä... şoň üçin biraççyk gaçarak duraýgyn, gelnejeňden...
Garaz, köp gepiň az şerhi, men tigrimi idip köçä çyksam, goňşy gelin, eýýäm gyňajyny tatar hanynyň atguýruk tugragy ýaly jaýtyk pasyrdadyp, hol çatrykdan dazyrdap barýar.
Eňdim yzyndan.
Deňleşenimizden soň haýalladym-da, goňşy gelniň gadam urşuna görä badymy sazlap, tigrimiň çarhyny käte bir myýkyjak aýlan bolup barýan. Gözümiň çetem goňşy gelnejede. Özümem içimden garaşýan: “häli guduzlap başlar, şindi guduzlap başlar”. Şol guduz itiňki ýaly agzyndan hyllygyny akdyryp, boýnuny tagaşyksyz gaňtaryp, jym-gyzyl gözlerini elek-çelek edip ugradygam, “çüw, atym” tigriň biline depäge-de, zut jyrmakçy, obaň saglyk öýüne, lukmanlara “buşlamaga” garşy.
Ýöne goňşy gelneje saglyk öýüne barýançak biraz daljykdy diýäýmeseň, başga zad-a bolmady. Iki bolup tirkeşip girdik saglykhana. Biziň obaly, tutuş oba belli, ýaşy kyrkdan geçiberen lukman aga, goňşy gelnejäni “geliň-geçiň” diýip garşy aldy. Oturmaga ýer görkezdi. Menem: “ýolda-ha nemetmedi welin, indi şu taýda-ha bir nemedermikä-raý” diýýänpisint, otagyň bosagasyndan ätdim-de, gapyň söýegine ýaplanyp durdum.
Obaly bolansoň obaň häsiýetine belet lukman aga maňa ähmiýet bermän, goňşy gelnejeden sorap-idäp, bolan wakaň änigine-şänigine ýetip ugrady. Ol gelnejäniň ellerindäki sypjyryklary ýagşyja gözden geçirdi-de, hümürdedi:
-Dişlenen-ä däl bular, keýgim,-diýdi-de ol, özüne umydygär gultunýan goňşy gelnejä gözüni göterdi:-ýa şo şagaly ellediňmi?
-Ýok,-diýip gelneje başyny ýaýkady.
Geňirgenýändigi lukman aganyň ýüzünden bildirdi:
-Hä, keýgim?! Onda nä beýle basga galyp ýörsüň?
-A men ýumurtgalary elledim-ä-ä. Şolardan ýokan bolaýsa näbileýin-ä-ä-ä...-diýip gelneje görgüli zarynlady.
Hasam geň galanynyň alamaty – demsalymlyk lukman aganyň owasy içre gözleri ulalyp gitdi:
-Weh,-diýdi ol:-o şagalyň ýumurtgalaryny näme üçin ellediň, keýgim?!
Şu pillede olaryň özara gepleşigini ünsli diňläp duran men: “pyňk” etdim-de, bir demde içimi dolduran gülkä bäs gelip bilmän, arkan gaýyşdym welin, gerşim direlen gapy açylyp, tas omadekgetdan aşýardym :-).
![]() 110 |
![]() 32 |
![]() 3 |
![]() 5 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:

Dani [off]
- Жизнь одна кайфуй..😎
16.07.2025 / 22:51
+2
kyn sozleri gaty kanay okamak kyn eken atak molodes
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Her kimiñ öz halaýan niki bolýada, "plan hili nik oñat görýan, owadan" diyip biljek däl mena, özim ücin in gowy diyip saylanymam șu nikim, üns be...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Wah nigiň gowysy känle, haýsy birini sanajak. Men gowysy öz nigym barada size gür bereýinmi?...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Birhili boldy öz-ä, öňki nigim "Muawiye" bolmaly, derejämem "özümiziňki" bolmaly. Dikeldilse gowy bolardy. Saýdyň beýle bolmagyna gynandym. Näd...dowamy...
Düzgünler, herbir ulanyjy hökman bilmeli (düzgünnama)!
bu programma play marketde barmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Düzgünler, herbir ulanyjy hökman bilmeli (düzgünnama)!
guide98 (22.08.2025 / 21:26)
guide98 (22.08.2025 / 21:26)