“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Akyl-huşdan aýyrmasyn...
 Öwreniji
 bagabat [off]
 17.07.2025 / 16:37

Ýaşyň gitmegi bilen akyl-huşuň kütelişmegi gaty kän adamlara mahsus ýaly.
Agamyň dosty bar. Ýaşy altmyşa ýetip gelýär. Şonuň özi gürrüň berdi. Bir gezek obadaky toýa gidip gelipdir. Howlusyna girse, daş işikde garşylan aýaly geňirgenip ýüzüne çiňerilýärmiş.
-Nämä seredýäň-aý? Nä, kyrk ýyla golaý ýaşaşan äriňi tanamajak bolýaňmy ýa ýüzümde Aý dogupdyrmy?-diýip ol, oýun edibrägem bolsa biraz gatyrganjak bolupdyr.
Şonça ýyl ýaşaşan başdaş aýallaryň hemmesiniňem diýen ýaly häsiýeti – gelnejemiz onuň igenjine asla ähmiýet bermän, hamana ol hiç zat diýmedigem ýaly, sorapdyr:
-Biriniň maşynyndan düşdüňmi?
-Howwo düşdüm! Näme, illeň heleýi ýaly: “sag-aman geldiňmi, gitdiňmi:ň” ýok, öz tünegime gire-girmäşe, sülçiň gapysynda gazyk edilene dönderip, üstüme süýt soragyny ýagdyryp dursuň-aý?!-diýip agamyň dosty gatyrganan bolmasynyň gradusyny güýçlendiripdir.
-Ýok-la, gyz,-diýip, parasatly hatyn halkynyň görnükli wekili – şol bir asuda äheňinde dowam edipdir:-meniň-ä: “Hany bi öz maşynymyza näme boldy? Döwüldi-de ussa goýup gaýtdyňmy?” diýip soradygym-la şü...
Şu ýerde-de toýa öz ulagy bilen gidendigi agamyň dostunyň güpbe ýadyna düşüpdir. Maňlaýyna şapyladyp urupdyr-da:
-Äý, bi samsyk kelle tükend-ä-how, halys tükend-ä! Ýaňy toýdan çykanymyzda bäriligine gaýdýan oglanlaryň biri: “Ýör agam, öýe düşüreýin!” diýse, özümiň ulagymda gelenim huşumdan uçupdyr-da, onuňka münüp gaýdyberipdirin-ä...-diýip, müýnli hüňürdäp, ulagyny getirmäge garşy ýumlugyberipdir.
Soňam bir gezek, agamyň ýaňky dosty, aýaly bilen bilelikde garyndaşlarynyň toýundan çykyp gelýärmişler welin, iki sany biri-birine meňzäp duran, saryýagyzja, naşyja, basdaşja oglanjyklar ylgaşyp gelipdirler-de, onuň bilen ikelläp salamlaşypdyrlar. Olaryň edeplijeligine, ýadyrgaman özlerini arkaýyn alyp baryşlaryna agamyň dostunyň mähri gidipdir. Onýança ojagazlar onuň aýalyna-da gysmyljyraşyp, onuň bilenem salamlaşypdyrlar. Aýalam göýä ojagazlary ýitirip-tapan mysaly, her haýsyny taýly gezek ogşaşdyryp, başjagazlaryny sypalapdyr. Aýalynyň ýat çagalara beýle içgin çemeleşmesine birneme geňirgense-de, ol: “Äý, garyndaş-tiredeşleriň biriniň ýa-da goňşularyň çagasydyr-da, öýdäkem bujagazlara beletdir-dä” diýen çaklamany kellesinde aýlap, başdaşyna äňedipdir-de, sorapdyr:
-Kimiň çagajyklar-aý bular?! Ýaman mähirlije ekenler. Özlerem biziňkilere-de biraz meňzemänem durmaýarlar...
Aýaly oňa gümürtik nazar oklapdyr-da, diýipdir:
-Gyýw oglan, näme oýun edýäňmi?
-Nämäň oýny-how? Näme, bir zat sorasaňam oýun etdigiň bolýarmy şo?-diýip ol, ulagynyň gapysyny açyp durşuna säginip, aýalyna alarylypdyr.
-Toba, toba daş edewersin-eý, ölmän gezip ýörseň her haýsyna sataşjak ekeniň,-diýip aýaly ýakasyna tüýküripdir:-Gyýw, öz gyzyňkylar-a, öz agtyklaryňa bular! Agtyklaryňy tanaman, tüýs aklyň çaşypdyr seniň-ä!
Agamyň dostunyň huşsuzlygy bilen bagly indiki wakany ism (at) agzaman aýdyp berseň, onuň düşnüksiz boljakdygy üçin, onuň adyny özümçe üýtgedip, “Myrat aga” diýeýin. Ýogsa onuň asyl ismi-nisbasyny ýazsam, haçanam bolsa bir wagt ol özi barada bujagaz wakajyklary okap, “Ile peçan edäýipsiň-aý, inim! Senden beýle zada garaşamokdym...” diýip, menden gaty göräýmesin :-). Ýogsa: “şahyr, ýazyjy, žurnalist jemagatynyň diline düşen özüň bolma” diýen, gaty kän-kän sapar, öte köp-köp nesilleriň synagyndan geçe-geçe, çyndygy, dürsdügi çirksiz subut edilen durmuşy hakykatam-a bar-la welin...
Garaz, Myrat aga, dört-bäş ýyllykda, gyş aýlary ekiniň bahasynyň ýagşyja gymmat wagty, öz ýyladyşhanasynda ýetişdiren pomidor hasylynyň agramly bölegini diýen ýaly, bazarda söwda edýän, özlerine daşgyn garyndaşrak, özünden birki ýaş uly aýal maşgala nesýesine-sataryna beripdir.
Soňky zamanyň şu pisint täjirleriniňem aglaba köpüsiniň, “dürtme gursak neýlesin”, guýmagursak edäheti – harydyňy, puluňy alanlarynda agyzlarynda aş gatyklap, beýikligi Aýrybaba belentligine barabar dollar dagyny wada berselerem, halalja hakyňy äht edilen möhletindejik gowşurmaly bolanda, burnuňdan-a ikli gan getirmän, depäňem öli ganyny sorman, zäheriň-ä çärýeginem, mereziň-de märýeginem bermeýärler.
Üstlerine gatnaý-gatnaý, köne ertekilerdäki dek “demir hasaň ýonula-ýonula çöpe dönýä, aýagyňda-da ýöreý-ýöreý ýedi jüp polat ädik tozýa”.
Myrat aganyňkam şeýle bolupdyr. Öňem nijema sapar ýaňky söwdagär daýzaň öýüne gatnap-gatnap, halys peteň bolan pahyr, bir günem adatdakysy deý, ýene çykmadyk jana kör umyt baglap, günde-günaşa bolmasa-da, ikaşa-üçaşadan smenli işe gatnan mysaly, at tezegini guratman zygyr-zygyr gatnaýan öýüne sary rowana bolupdyr.
Çagalary ýetişensoň, olary okatmaly, öýermeli-çykarmaly... günsaýyn çykdajysy artyp barýandygy zerarly, mazalyja ýetde-gütdelik basmarlaýan görgüliniň, öňem kekirdeginden ýetik derdiniň üstesine – me saňa, “durnanyň üstüne urna” – özüniň, çagalarynyň tutuş maşgala bolup ençeme aýlap, der döküp gazananja, halal hakyny alyp bilmezlik aladasam gerşinden basyp, kellesini garjaşdyrýarmyş.
Ünjüsi mähnet, çuň oýa batandygy sebäpli, gidip barýan köçesinem ibaly saýgarman, içini hümledip, hakyny gaýtarmaýan heleý bilen gaýybana harçaňlaşyp barýan bende, hyýalynda onuň bilen gurajak gepleşigi hakda ilik-düwme taslama düzýärmiş:
“Ine bararyn gapysyndan. “Salawmaleýkim, gelneje!” diýerin. Soň: “Nähili, öý-içeri, oba-gara, jan saglyklar abatmy?” diýerin. Çünki, onuň ýalynyň jan saglygy bolanyndan öleni janyňa noş bolýanam bolsa, her niçik-de bolsa, oba arasynda sypaýyçylygy saklasaň ýagşy. Onsoň hal-ahwal soraşylandan soň, gep güjükledip durman, derrew esasy gürrüňe geçerin. “Gelneje,” diýerin: “şol pul-a-ha, şu günüň özünde bermeseň, şu müddet ýaman birhili boljak bolup ýatyr-aý! Birdenkä ýöne iş-işden geçip, onsoň ikimizem: “Puluňam başyň iýsin, pamaduryň bilen, Babadurmazyňam!” diýilýän, hemme zat bir köpük derejesine ýetip, şu iki eginde näme üçinem bolsa göterilip ýörülen gara kelläni-de gereklense orta goýulýan, bir bolmasy işiň üstünden baraýmaly-laý!”...
Aýbygadym aýal bilen söhbetini beýnisinde kesip-biçmesiniň şu ýerine ýetende, ol aýala beren ekininiň agram sany, bahasy hem jemi almaly puly ýazylan depderini öýünde galdyryp gaýdandygy Myrat agaň birdenkä ýadyna düşüpdir.
Ýedi derýaň-a suwuny içip, ýetmiş deňizdenem etegini öllemän geçen, ol, aýylganç aždarhany walla-elheder aldyran aýýar edrenç bilen “itiňkini iki kesişmek” üçinem, her bir sanyň jikme-jik magat ýazylan subutnamaň zerur boljakdygy köre hasa.
Myrat aga ulagyň başyny yzyna burupdyr.
Yzyna barýarka-da ýene kellesinde pikir, beýnisinde ýaňky bilen hyýaly harçaňlaşma. Garaz, öýüne ýetýänçä geçen bäş-on minudyň dowamynda ol bendäniň öňem çaşy akly hasam bulaşyp, nakyllar sözi bilen aýdylmyş kylynsa, beýnisiniň: “bir göz-ä Aýa bakyp, beýlekisem şetdaly kakyp” başlapdyr. Ol öz gädiginde togtap, ulagyndan düşüpdir. Howlusyndan ätlände öňünden çykan aýalam gözüne nätanyş biri bolup görünýärmiş:
-Salawmaleýkim, gelneje! Şu taýy Myratlaryň öýüm-aý?!-diýip görgüli, gelen öýüniň öz öýüdigine müňkür, öz adyny tutup, öýüň kimiňkidigini soraýarmyş.
Özi aýdýar: “Şeýle diýdim welin,” diýýär: “öýdäki, birwagtyň özünde, hem-ä güljek bolýar, hem maňa dözmän agzyny kemşerdip, hamsygmaga synanýar. Hemem gözüni ýaşardyp durşuna: “Myrat jan, alynman geçsin-le şo pul! Başymyza gelenini sowsun, öwezini Alla dolsun! Estagpurulla, sen bir aklyňdan azaşaýma birden! Ýa bolmasa, Herrikgalada kakyn-silkini oňat okaýan, demi düşgür molla aga barmyş... Şoňa gidip okadyp geläýeli-le seni... Ony etmeseňem, birki gerdek parasetomol beýleki atsaň, peýdasy degäýmezmikä?!...” diýip, pyşyrdap maňa ýalbarýar”...


77

17

3

6

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (Şugün, 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (Düýn, 23:00)

Hormatly ulanyjylar !


Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
@menin_dunyam (Düýn, 03:46)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Meniñă őz nikim gowy...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Her kimiñ öz halaýan niki bolýada, "plan hili nik oñat görýan, owadan" diyip biljek däl mena, özim ücin in gowy diyip saylanymam șu nikim, üns be...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Wah nigiň gowysy känle, haýsy birini sanajak. Men gowysy öz nigym barada size gür bereýinmi?...dowamy...

Hormatly ulanyjylar !


Birhili boldy öz-ä, öňki nigim "Muawiye" bolmaly, derejämem "özümiziňki" bolmaly. Dikeldilse gowy bolardy. Saýdyň beýle bolmagyna gynandym. Näd...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Muawiyee (22.08.2025 / 21:52)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Başga biriniň nikini saýlamalymy,düşünmedim öýdýän!?...dowamy...

Düzgünler, herbir ulanyjy hökman bilmeli (düzgünnama)!


bu programma play marketde barmy?...dowamy...

Söýgi görk islemez (mi?)


taze yazylan bamy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi görk islemez (mi?)
guide98 (22.08.2025 / 21:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->