Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Ejemin "kellan nirde" diyen soragyna, jogabymsyn sen.. #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuşa barmak arasyndan bakma!!!
 Täzeje
 Melisa [off]
 Düýn, 19:44

Sen gorkakmy? Belki, bu soragym saňa juda gömelteý eşidilen bolmagy mümkin. Has giňişleýin aýtsam – eger-de durmuşyňda nämedir bir zady şu wagtkysyndan has gowulyga tarap üýtgetmekçi bolanyňda, üýtgetmegi ýüregiňe düweniňde, nähilidir bir gorky-ürkini, çekinjeňligi duýýarmyň diýdigim. Bir zady ýa-da ýagdaýy üýtgetmek islänimizde ýa-da öň öwrenişmedik zadymyzyň başyna barmagy pikir edenimizde nähilidir bir gorky-ünjiniň bizi gaplap almagy tebigy ýagdaý. Töwekgellik artdygyça birahatlyk hem güýçlenýär, gorky hem ulalýar. Psiholog lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, gorky – ýüze çykyp biläýjek howp-hatarlardan (şolary gozgaýan zatlardan, sebäplerinden) goraýan zat, emma käbir halatlarda ol ösüşiň öňündäki esasy päsgelçilik we böwetdir. Artykmaç gorky işe yhlasly ýapyşmaga, zähmet çekmäge, öňe ilerlemäge päsgel berýär. Şeýle ýagdaýdan halas bolmak we ol gorkyny bejermek mümkindir. Öňden bar bolan zady üýtgetmek isleýän adama her-hili ýakymsyz (otrisatel) we göwnüçökgün duýgularyň esger kimin hüjüm edýändigi subut edilen zat. Şeýle oňaýsyz pikirler ony maksat--myradyny hasyl etmekden alyp galmaga synanyşýar. Şolaryň has möhümleriniň biri hem gorky duýgularydyr. Gorky adamy ýesir edýär. Ýaramaz nebsine bat berip, duýgularyna hökümini ýöredýär. Eger-de gorkusy rüstem gelse, ol adam hasrata çümýär, ünji, çekinjeňlik, birahatlyk duýgularyna şam bolýar. Gowy zatlar hakda pikir ýöredip bilenok. Älem-jahany tümlüge gark bolan mysaly kabul edýär. Dünýäni barmaklarynyň arasyndan synlap başlaýar. Çünki biz näbellilikden şeýle bir gorkýarys. Täze gapylary kakmakdan çekinýäris. Öňki bilýän we öň öwrenişen zatlarymyza ýa-da öň köpleriň synap gören zadyna ýapyşanymyzy eý görýäris. Emma garadangaýtmaz, ýürekli, maksadaokgunly adamlar ömrüň bir gezek berilýändigini we ol ýerde ikinji ömre pursat ýokdugyny, bu ömri gorky-ürkä gaplanyp ýaşamaly däl-de, şol näbelli zatlara hem dokunyp görmegi, täze tejribelerden lezzet alyp ýaşamagy, töwekgelçilikl erden we her täzeçillige ýürekli topulmakdan lezzet alyp ýaşamagy eý görýär. Munuň üstesine amerikan ýazyjysy Mark Twen biziň her birimize juda ähmiýetli bir maglumaty habar berýär. Ol uzak we asuda ömür sürüpdir. Ýüreginde bolsa ençeme dowul, howatyr bar eken. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, onuň kalbyna dolaşan gorkularyň hiç biri hem hasyl bolmandyr. Ol bize biziň has erbet gorkýan zatlarymyzyň hiç wagt başymyza gelmeýändigini, biziň şol gorkulary görmezden dünýäden ötüp gidýändigimizi nygtaýar. Biziň içimizdäki nebis hemişe bizi nähilidir bir howsala, gorky bilen gurşaýar. Biziň köpimiz hereket edýäris we kellämizde hem iň ýaramaz zatlaryň ssenarisi dur. Şol ýaramaz ssenariler hem biziň gündelik durmuşdaky kararlarymyza täsir edýär we geljegimiz üçin kabul edilmeli möhüm çözgütleriň öňüni, badyny alýar. Ähmiýetli durmuş kadalarynyň ýene birini ýaňzydaýyn, üns ber – üstünlik hiç wagt sowgat berilmeýär. Üstünlik gazanylýar. Ony göreşip, çekip almaly. Sen iki sany ýagdaýyň birini saýlamaga borçly: ýa-ha adaty ynsan (belki adatylykdan az-kem tapawutlysyň) bolup, aman-asuda ýaşa, ýa-da beýik adam bolup, töwekgelçilik edip, kynçylyklary ýeňip geç-de, has ajaýyp durmuşda ýaşa! Isle barmak uçlarynda ýöräp, daraklygyňa basyp, «ýer birden jygyldaýmasyn, dünýäniň nazary maňa gönügäýmesin» diýip, gorky-howsala bilen ýaşa ýa-da sesiňi beýgeldip, bardygyňy subut edip, özüňi ykrar etdirip, durmuşda batyrgaý we şadyýan ýaşa!

32

10

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Kerim-98 [off]
  الله أكبر
 Düýn, 19:46

+0

durmuş hakynda


Täzeje
Melisa  (Düýn, 19:47) 

Kerim-98, hawa

 Täzeje
 Bravee [off]
  Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!
 Düýn, 22:00

+1

Gaty gowy durmuş diyilse hasam meň uçin Gou yetirip dur


Täzeje
Melisa  (Düýn, 23:25) 

Bravee, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yarysyn netijeleri


Wiii howwa menem ikisine basypdym 2 njini gowy görüp basdym birinjini licka yazanson basdym Men sebapli ses ayrylany ucin bagyslan bilmandirin💔...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Aixcam_nx (Şugün, 02:20)

Garaşmak


Oraşandyr düýşiň belki )...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Garaşmak
Gulmahrem (Şugün, 01:51)

Howsala


Täsirli goşgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Howsala
Gulmahrem (Şugün, 01:47)

Meniň öýüm Daşoguzda...


20nji layk menden dos hgalamyñ ujy ÿiti bolsyn zÿom...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň öýüm Daşoguzda...
@menin_dunyam (Şugün, 01:30)

Yarysyn netijeleri


Bolayypdyr dyndynyzmy ahyr...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Bayradot (Şugün, 01:22)

Yarysyn netijeleri


5nji belgili seryozno owadan yone....Dani maladis çala gorupledim))...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Diamante (Şugün, 00:38)

Yarysyn netijeleri


Nädip ses bermelaý...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Narcissist (Şugün, 00:00)

Yarysyn netijeleri


Gutly bolsun...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Ayjahan (Düýn, 23:50)

Yarysyn netijeleri


Utanlan bayragy gutly mubarek bolsun...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Bentner (Düýn, 23:39)

Yarysyn netijeleri


20:00dan soňa dal bolmaly doganjyklarmyň ses beren wagty vn belki men yalnysyandyrn....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yarysyn netijeleri
Bezzat (Düýn, 23:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика