
medet_mededi [off]
18.07.2025 / 00:51
Ak şäher Aşgabat.
Seýilgäh bagy.
Elim gülli talyp gyza garaşýan.
Sowgadymy görüp begener ýaly,
Elim gülli talyp gyza garaşýan.
Duýdurypdym, «barýan» diýip söz berdi,
Ol gyz maňa dözermi ýa dözmezmi?
Oňa duşup juwan kalbym özgerdi,
Elim gülli talyp gyza garaşýan.
Gül meňzini görsem tutulýar demim,
Söýýänimi aýtjak tapyp bir çemin,
Ynanýaryn sözüm ýykmaz ol meniň,
Elim gülli talyp gyza garaşýan.
Gaty köp okaýar, söýýär kitaby,
Ony has bezeýär gyzlyk ejaby.
Şol hanymyň boljak bolup jenaby,
Elim gülli talyp gyza garaşýan.
Köp täsinlik görüp bolýar gülşünde,
Täsinlik bar söýgiň kalba çümşünde.
Huşumda däl, her gün agşam düýşümde,
Elim gülli talyp gyza garaşýan.
Medet MEDEDOW
![]() 97 |
![]() 19 |
![]() 5 |
![]() 7 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |

bagabat [off]
18.07.2025 / 10:21
+1
Sarkaç
Sesi sesjan,
Boýy boýjan,
Gözi gözjan bir ýigit,
Penjirämiň aşagynda
Zygyr-zygyr gatnaýar.
Ol guşly sagadyň sarkajy ýaly,
Menem göýä guşy ýaly sagadyň,
Her ýarym sagatdan penjireden bakýaryn.

bagabat [off]
18.07.2025 / 10:21
+1
Ol durmaýar, oturmaýar, dynjyn almaýar.
Säginmeýär, ýatmaýar.
Onsoň guşam ýatmaýar.
Guş garaşýar,
Ýarym sagat bolaryna garaşýar.

bagabat [off]
18.07.2025 / 10:22
+1
Çykmaly,
Iki ýana serpip wagty,
Ýetip, sabyr-takaty.
Häzir bolsa...
A sen bolsa gatna, Sarkaç,
Gatna, Sarkaç,
sagadyň,
iki ýana gatnamasa sarkajy
Çykmaýar guşy.
Iki ýana gatna, Sarkaç!
23.10.2006ý. Laçyn Pürjäýewa


bagabat, gosgyny okanymdan Lacyn Purjedigini anypdym. Yekeje menzetmanin hatyrasyna tutus gosgyny "akidibilmegi" sondan basgasy basarmasa gerek.

bagabat [off]
18.07.2025 / 10:23
+1
Ine söýgi hakda, "garaşmagyň" näjüre zatdygy hakda, "söýgi, garaşmak" agzalman ýazylan, çyn şygyr...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
Hormatly ulanyjylar !
Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...