Hudaýa şükür, dünýede merdana hatynlar, ägirt hatynlar henizem bar-aý!
Biz erkekler durmuşyň çarhyny özümiz aýlaýandyrys, onuň labyryny gerdenimizde özümiz saklaýandyrys öýdüp, öz-özümizden monça bolan bolup ýörüs. Hakykatda welin, diňe dünýäň ýüki, dünýäň özi däl, hatda biziň özümizem şeýle merdana hatynlaryň gerşinde.
Muny nämeden diýýän?
Birki hepde mundan ozal, ine indi ýigrimi ýyl bäri ýakyn gatnaşyp ýören dostumyň altmyş dokuz ýaşly ejesiniň aşgazanasty mäzinde II derejeli rak keseliniň bardygy ýüze çykaryldy. Onsoň derrew tanyş-biliş – hemmesini aýaga galdyryp, ony hassahana ýerleşdirdik. Seretdiler, seljerdiler. Onsoň dostum lukmanlar bilen maslahatlaşyp, ejesini daşary ýurda bejergä äkitmeli diýen netijä geldi. Ýene-de haýdan-haý hereket edip, onuň özüniň hem ejesiniň resminamalaryny düzetdik. Onsoň daşary ýurda gitmeli gününiň öň ýanyndaky gün, hoşlaşmak üçin dostum bilen hassahanada ýatan ejesiniň ýanyna barsak, görgüli, bir sykym bolup gurap galypdyr. Mejalsyz. Düzüwli iýip-içibem bilmeýär. Iýenjesem, hatda bir käse suw içse-de yzyna gaýdýar.
Dostumyň ejesem, edil meniň ejem ýaly juda, juda, juda merdana, gaýduwsyz, edermen, hiç bir kynçylyga epilmejek, döwülmejek, ýagşy-ýaman hiç närsäň öňünde jinnekçe-de ýan bermejek, eger-de çagalary üçin gerek bolsa ýanyp duran oda-da sagynman özüni urmaga her deminde, her pursatda mydam taýýar aýal – olaryň ulusy heniz on sekizem ýaşamanka, dostumyň kakasy bilen on-on iki ýaşly körpe jigisi ulag heläkçiliginde pajygaly ýagdaýda aradan çykandan soň, çagalarynyň hatyrasyna öz hasratynam, ejizliginem, ýalňyzlygynam, syrkawlygynam... düýrläp aýagastyna dykyp, entek hiç haýsy öýerilip-çykarylmadyk üç ogul üç gyzy, oba ýerinde, kösençli ikimüňünjileriň holtumyndan aldyrman-ýoldurman sogrup alyp, olary hiç kesiňkiden kem etmän ekläp-saklap, öýli-işikli edip, indem arkaýynlyga çykmagy başaran ene! (“Dile geldi, bile geldi” aýdaýyn: dostumyň ejesi bilen bolup geçen gülküli waka hakda-ha “Durmuşy dynnymjyklar” hekaýalar toplumyna girizilen “Linoleum” atly hekaýamda, onuň durmuşynda bolup geçen pajygaly hadysa barada-da “Dört närse” atly hekaýamda ýazypdym).
Onsoň dostum, durmuşyň kän-kän jygba-jyg hadysalaryna döz gelip, kän-kän ýerde ejizlemän, henize bu güne çenli gaty köp zadyň öňünde dogumly durup ýaşap gelýänem bolsa, ejesiniň horja göwresiniň eline damjalaýyn sanjym iňňesi dürtülgi, ýatyş sekisinde deramatsyz ýatyşyna gözi düşdi-de, biygtyýar bozuldy. Kyrk üç ýaşyndaky, çagalary ýetişen pyýada gözüni ýaşardyp, hamsygyp, müzzerip dur.
Şonda-da ejesi ýatan ýerinden oňa alaryldy-da, nireden güýç-kuwwat tapýar, şol bolup ýatyşyna-da, birdenkä merdemsilenen ses bilen oňa käýýemäge başlady:
-Nädip dursuň-a, han ogul?! Näme, men seni: “Şunuň ýaly lellim, nalajedeýin bol!” diýip, terbiýeledimmi? Munuň şumjaran bolup durşuny, gyz! Gyýw! Utanmadyň nätdiň? Meniň-ä oglum, dynnym ýalyjagam gynanýan zadym ýok şumat! Allajan öz beren amanat janyny hut şu muntda alsa-da, birjigem gaşymy çytman ýa-da wälemän: “Me, Ýaradan Rebbim! Oňaraýdyň şun-a! Ýogsa ýygnaryňa, ojagaz neressejigimiň ýanyna baryp, şojagazymy bagryma basaryma garaşa-garaşa halysalla ýadabam gitdim men-ä!” diýip, ony yzyna – Hak Eýesine uzatmaga tapba-taýýarjak ýatandyryn. Siz gaýta, suw-sil izzerişen bolup... Hamana bu zatlar ilde ýok zat ýaly... Onsoňam, gyz,-diýip dostumyň ejesi, özüne zor salyp, başyny ýassykdan çala galdyrdy:-siz meni köşeşdirmeli weli, halys ulalyp-oňalman geçenler, şu halyma-da ýene men sizi höre-köşelemeli bolýan-a! Nä, men başagaýyň, başga derdi-gaýgysy ýokdur öýdýäňizmi?
Dostumyň ejesi oňa şeýdip igendi-igendi-de, bolanja ysgynam gitdimi nämemi, birsellem dymyp ýatdy. Soňam pessaý hümürdäp, üstüne goşdy:
-Gaýta, gowy dälmi, bahymrak kakaň bilen jigiňe gowuşsam... şu geçen ýyllaň içinde olary göresim gele-gele, ýüregim sykylyp, gurady gitd-ä halys...
...Şundan soň menem durup bilmedim. Geplemäge ýagdaýym ýok, ýüzugra bejeriş otagyndan çykdym-da, dälizde eýläk-beýläk ibirt-zibirt gatnaýan şepagat uýajyklaryndan ýüzümi gizläp, elýuwar otaga haýdadym...
Mert ene...
...edil meniň ejem ýaly, soňky demine çenli enelik borjuna tutuş emer-damary, iki dünýäsi, ähli özi bilen... başbitin berlen...
Ejem görgüli 2011-nji ýylyň tomsunda pahyr boldy. Bende, soňky on ýylynam ýarawsyzlykda geçirdi.
Ol ýogalandan soň ejem hakda 10 ýyllap hiç zat ýazyp bilmedim.
Ýazjak bolýan welin, düýbünden özüme diýen etdirip bilmän, öz-özümiň öňümde masgara bolýardym.
Hernä, gögele ýetginjeklikden bäri, hamana aýyp bir iş edýän dek, il gözünden gizlenip, ýekelikde ýazmaga endik edilenem bir gowy zat...
Ejemiň ýogalanyna on ýyl bolandan soňam, göwnüm biraz köşeşdimi nämemi, ony jaýlan günümiz hakda «Ýetimlik» atly hekaýamy ýazdym.
Onam zordan…
...şol geçen on ýylyň içinde şol hekaýany azyndan elli-altmyş gezeg-ä başlap, dowam edip bilmän taşlandyryn.
Ahyrynam nesibeli bir güni geldi-de, ýazylyp dynylaýdy...
30
7
1
2
0
0
0
Teswirler:
Premium Belki [31s] Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok. Şugün, 11:19
+0
Saglygy ugrunda goresyanlerin ahlisine Allajan sabyr-takat bersin! Umydyny kem etmesin!