Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Begenjimden aglanymy bilemok. Ýöne, gahardan gülen wagtym köp bolupydy..#.fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Indi biz ikimiz Ýyldyz
 Täzeje
 Gownejay [off]
 Düýn, 06:44

Oglan gyza
Bilýäňmi sen, ikimiz indi kim. Öň kimdik indi kim. Indi ikimiz hem ýyldyz. Biz ikimizi hemme tanaýar. Ýer ýüzünde. Men bokser hem karatist, hem futbolist. Sen bolsa tik-tok bilen instagramy eýelidiň. Bize hemmäniň gözi gidýär
Onda gyz oglana
Hawa, hawa dogry aýydýaň. Biz ýyldyzlaryňda ýyldyzy.Maňa owadanlykda taý ýok. Saňa bolsa uryşmakda deň ýok. Baýak telewizorda görüp otyryn ol jyk orsy bir urdyň. Biçäre jykk edip ýykylyp galdy.
Onda oglan gyza.
Bu häli hemmesi däl. Tizara dördüsi bilen birbada urşyp görkezjek. Onsoň men kinoýyldyz bolaryn. Haçan kinoýyldyz bolanymda seni ýanyma kinoda bile oýnamana teklip ederin. Onsoň ikimiz bilelikde kinoýyldyz bolarys. Pulymyz köp bolar. Her kino üçin bir milliard dollar alarys. Men özüme aýratyn köşk satyn alaryn Dubaýdan. Seniň bolsa Antaliýada deňiz boýunda köşgüň bolar.
Gyz oglana.
O näme üçin ikimiz bir ýerden köşk almaly däl
Oglan gyza.
Häzir moda. Söýüşýänler aýry-aýry ýerde ýaşap her gün biri söýgülsiniň ýanyna uçyp barmaly. Edil guşlar ýaly.
Onda gyz oglana
Biz häli söýüşýänlerden däl ahyry
Onda oglan gyza.
Haçan milliarder bolanymyzda söýüşýänlerden bolarys çünki söýüşýänler milliarderleri söýmeli bolýar. Kada şeýle däp şeýle. Milliarder oglan milliarder däl gyzy söýüp bilmez ahyry
Onda gyz
Onda tizräk milliarder bolaly. Sen indi uryşa çyksaň dördüsini dälde sekiz orsy urup çempion bol. Men bolsa instagrma girip ähli gyzlary gyran-jyrana bereýin. Goý olar özlerini Antaliýada dälde sogan atyzda duýsynlar. Meniň bilen oýun etmek bolanaga. Men iň owadan gyz bolsam ýer ýüzünde näme üçin olar meniň bile deň bolmaly. Şeýle dälmi?
Oglan gyza
Hawa.hawa. Sen iň owadan gyz. Men trenirowka etmesem boljak däl. Daýaw bolmak üçin oba gidip sogan atyzdan sogan daşaýyn. Sen bolsa şu ýerde işiňde gal. Wagtlaýynça. Kinoýyldyz bolýançak her kim bir ýerde bolmasa boljak däl ýaly.
Gyz oglana
Sen bir topar zatlary aýytdyň welin iindi men hut şu wagt hem milliarder hem hem kinoýyldyz bolasym geldi. Belki bir zatlar oýlap taparys. Edil amerkinski kinolardaky ýaly etsek bolanokmy. Onda hut kinoda dälde durmuşda hem biz ýyldyz bolardyk.
Oglan gyza.
Bu barada men eýýäm bir wagtlardan bäri meýilnama düzüp ýörün. Ýöne sen goldamarsyň diýip aýytmadym. Munyň üçin bize iki sany puşka bilen bir sany sary giden ford maşyny gerek bolar. Ikimiz gangster bolmaly. Puşkany alyp banklary omarmaly. Soňra pul alyp gaçýyp gitmeli Meksika tarap. Sen şuny göz öňünde tutdyňmy?
Gyz
Hawa. Şeýitsek has tiz baýardyk hem kinoýyldyz bolardyk. Onsoňam häli türkmende bank omaran ýok. Biz birinji bolup Türkmenistanda at alardyk. Bizden daşary ýurtlylar gelip interwuýu alardylar. Biz bolsa nädip banky omaranymyzy aýdyp berip ýene goşmaça pul alardyk.
Ýöne tutulsak näme ederis. Ikimizi türmä basarlar.
Oglan
Ýok seni basmazlar. Meni basarlar çünki men bu ogyrlgy öz boýnyma alaryn. Sen diňe men türmeden gelýänçäm garaşyp otyrmaly bolarsyň
Gyz
Bolanok. Bu etjegimiz. Ata-enem saňa garaşdyryp goýmazlar. Üstesine seni türemşik diýip her giz meni saňa bererlermi.Ýok bu etjegimiz bolanok. Başga bir ugyr oýlap tapmaly.Hem kinoýyldyz hem milliarder bolar ýaly.Bu günlikçe kellämize dem bereli. Ertir duşsak yzyny dowam ederis.
Ikisi hem turyp öz ýoluna gidýäler.

Ertei gün ýetip gelýär. Oglan bilen gyz ýene parkyň bir künjeginde duşyp maslahat edip başlaýalar.

Oglan gyza.
Düýn hyýala münüp galypdyrys welin kinoýyldyzda, milliarder hem bolman ýaşap bolanokmy?
Gyz oglana.
Gijesi bilen şu barada oýlandym hatda internete girip sowal hem berip gördüm. Hemmesi diýen ýaly söýýän oglan öz söýgüsii gyza subut etmek üçin hemde haçanda olar durmuş guranda olaryň durmuşy bozulmazak bolmagy üçin hökmany suratda oglan gyz üçin bir gahrymançylyk etmeli diýýär
Gyz näme etmeli. Ol diňe iýip-içip ýatybermelimi?
Gyz
Entek muny anyklamok. Şu gün agşam elim degse internete girip tanyş gyzlardan soraryryn. Bir-iki günlikde ýürekdeş. Ru saýtyna girip gördüm. Ol ýerde akylly gyz barmyka diýýärin. Iň bolmanda biri jogap berse gerek.
Oglan.
Men girsem bolanokmy? Ikimiz agşamlarynada gepleşip otyrardyk elimiz boş wagtynda.
Gyz
Ýok bolanok. Ol saýtda iki çäk gepleşip bolanok. Gepiňi hemme diňläp otyrlar. Her ki bir zat diýip ünsüňi sowýalar. Sähel zat üçin bolsa ýaka tutyşýanlarda bar. Edil mugallym ýaly ýalňyşyňy gözläp otyrlar.
Oglan
Aý bolupdyr onda. Düýn ýöne çenden çykyp gidipdiris. Birden kinoýyldyz bolupdyrys birdenem milliarder
Gyz
Arzuw etmekde ýaman zat göremok. Hawa onsoň obada näme täzelik bar.
Oglan
Obada täzelik bar. Aýjahan toý edýä diýip eşitdim. Klasdaşym bolýa. Toýyna baryp gelmesem boljka däl. Sen näme gitmezmiň
Gyz
Ýok. Işimden jogap bermezler.
Gowusy gel bir meýdan arzuw edip otyraly. Sen ýene şol milliarder boluşymyz barada aýdyp ber. Me bolsa üstüni ýetirip otyryn. Biziň bu gürrüňimizi internetde okanlar hezil etsin. Ýogsa bu durmuş iç gysgynç. Arzuw bilen özüňi aldaýmasaň
Oglan
Näme üçin hyýaly. Men boljak zady aýydýan. Ýene iki ýyldan biz ikimiz tanymal adamlar bolarys. Ýöne meni bir zat gynandyrýa öňünden. Haçanda sen tanymal adam bolanyňda meni ýatdan çykarsyň.
Gyz
O nähili men ýatdan çykaryn. Belki sen ilki bolup meni ýatdan çykarsyň. Onsoň men senni ýatdan çykarmaly bolaryn. Bu häli belli däl. Ýöne men birazjyk ynanyp başladym seniň gepiňe biz tanymal adam bolarys diýeniňe. Ýöne biziň ikimiz hem okuwa girmedik. Tanymal adamlar birnäçe okuwda okap gutaran bolýar diýýrärler.
Oglan
Kim aýytsada ýalan aýdypdyr.Hemme tanymal adamlar diýen ýaly köçe bizarydan çykanlar. Men bu barada bir topar zady okadym. Ynha görersiň. Şu ýylyň ahyryna ilki bilen sen tanymal bolarsyň çünki men muňa taýynlyk gördüm. Seniň üçin pul topladym. Şu pullary alda sen iň owadan köýneklerden zakaz et, elleriňi we maňlaýyňy beze. Dizaýner bolmagyň üçin men seni okuwa göýbermekçi Hindistana. Ol ýerden dizaýner bolup gelip şu ýerde Aşgabatda özüň üçin salon açarsyň.Bu zatlar üçin puly men saňa bererin
Gyz
Ýogeý. Men onç puly senden alyp yzyndan nädip tölärin. Saňa bergidar bolmakdan gorkýan.Biziň ykbalymyzyň nähili gytarjagy belli däl. Öýdäkiler oba gel diýseler men şolbada öýe gitmeli bolaryn. Gowusy ýygnan pullaryňy özüňe sarp et.Ikinji plany işe sal. Puşka bilen köneeje ford al. Iň bolmanda bir gezek bank omaryp göreli. Muňa men razy. Ýöne ol aýdanlaryňy men etmerin.
Oglan
Bu ýer Amerikka däl. Biziň banklarymyzda dollar ýok. Bar bolsada azajyk. Kinolar bolsa hyýaly. Durmuşda bank omaryjalyň abraýy ýok.
Ýöne meniň aýydan ugrym dizaýner bolýar. Men hem göwün edýän dizäýner bolmagy. Birazajyk öwrendim diýsede boljak. Ýöne häzir başlangyjy. Öz proektim boýunça jaý salmakçy. Bu proektimi bir-iki ýere görkezdim...
Gyz
Maňa seniň jaýyň gyzygy ýok.Men kinoýyldyz boljak. Serialda oýnajak. Tizara pul jemlärinde Türkiýe giderin. Gitseň ýör. Gitmeseň hoş!

Gyz ýerinden turyp tasanjyrap ýola düşýär. Oglan bolsa onuň yzyndan garap egnini gysyp galýar

Üç dört günden ýene dogry gelýäler. Her haýsy bir tarapa serdip öýkeläp otyrlar.
Gyz oglana
Hä näme diýjek. Meniň işim bar.
Onda oglan gyza
Menem işsiz däl. Obadaşym bolansoň seni görüp gidäýeýin diýdim.
Gyz oglana
Hä, nirä gidýämişiň indi meni görüp gider ýaly
Oglan
Antaliýa bilet aldym. Ertir gidýän. Özüň aýytmadyňmy näme. Türkiýe gitde ol ýerde meniň üçin okuw jaýy taýynla diýip. Ynha bar pullarymy sarp etdimde seni okuwa salmak barada gepleşdim/ Özüm bolsa ol ýere baryp iş girerinde tä sen okuwyňy gutarýançaň ýanyňda bolaryn
Gyz
Waýeý bu nähili şermendelik. Men bilmän gaharlanyp gidipdirin. Sen bolsa çyna aýlapsyň. Indäm hem pullaryňy meniň üçin sarp eden bolsaň öýüňize näme göýbärsiň
Oglan
Bir elde iki garpyz tutdyrmaz diýipdirler. Seniň işleriň bitdi. Sen diňe öýüňize jaň edip Turkiýe okuwa tarap ýol alandygyňy aýytsaň bes. Sen dört ýyldan eli türk diplomly gyz bolarsyň.
Hany jaň et öýüňize. Olar näme diýýär. Ýöne meniň saňa pul berendigimi aýytmak gerek däl. Häzirlikçe. Haçan okuwa gireniňden soň aýdarsyň

Gyz öýlerine jaň edýär. Telefony gyzyň enesi alýar
-Ene sag amanmyň? Ene mende täzelik bar. Men bu ýerden okuwa gidýän Turkiýe tarap.
Enesi
Waý gyzym. Ýüregimi ýaryp geçdiň bütün ömrüňde. Okuwa diýýäňmi. Gyzym pullary nireden alaly. Ýene bir ýyl garaş. Agaňy öýlendireli. Onsoň ymyklyja seniň yzyňa düşeris.
Gyzy
Ene wagt geçip gidip otyr. Men ýene birnäçe günden okuwa ugraýan. Häzirlikçe öz pullarym bilen oňaryn. Onsoň gerek bolsa habar ederin.

Gyz telefony öçürýärde oglana ýüzlenýär.
Ynha seniň aýdanyňy edip Turkiýe okuwa ugraýan boldum. Soňy haýyr bolsunda bu işimiziň
Oglan
Aýytdyma men saňa eýýäm iki ýyla ýetmän seniň ykbalyň düýpgöter üýütgär diýip.
Gyz
Öz ykbalyň nähili bolar
Oglan
Meniň ykbalym seniň ykbalyňa baglyly bolar. Enşalla işimiz oňuna bolar. Ilki bilen sen oka. Onsoň men okaryn we hakykatdanda iki ýyldan bizi kinolarda tanarlar.

Şundan soň bu ikisi turyp bu ýerden gitdiler.
Bu gürrüňden soň bir ýarym ýyl geçip gitdi. Indi gyz kino ýyldyzlaryň çykýan okuwynda okap ýör.
Oglan bilen gyz ýene duşdylar.
Oglan. Çagyrypsyň. Näme boldy
Gyz
Näme bolsun. Hiç zat bolanok. Sen menden hemişe gorkyly soragy berýäň. Düýn kinokasting boldy. Taryhy kinoda surata düşmek üçin. Semkanyň bäş-on güni Arabystanda geçmeli. Ol ýere men bir özüm gidip bilmen. Sen meniň ýanymda gitmeli bolarsyň. Ýöne hany şoňa pul. Meniň üçin kinoompaniýa töleýär. Seniň üçin men tölemeli. Bu meniň ilkinji kino çykyşym. Şu kinoda at alsam köp zada bildirer. Sen näme diýýäň. Meniň bilen ýanymda gidermiň.
Oglan.
Elbetde gitmeli bolaryn. Häli seni ýeke taşlap bolmaz. Bolupdyr.Sen barda nirede ýerleşeniňi habar et. Onsoň men seni gözläp bararyn. Hawa onsoň mende täzelik bar.Men hem şu okuw jaýyna girmekçi. Şu ýyl. Men senden iki ýyl soň gutaryn.
Gyz.
Waý gowy bolaýdy. Ýogsa seniň üçin gorkyp ýördim. Okuwsyz galarsyň öýdüp.
Oglan.
Biz indi arzuw eden bank omarmak kinoňa ýakynlaşyp barýarys. Men eýýäm bu kinonyň sahnalaryny düzüp goýdum. Her haýsymyzyň elimizde iki puşkadan. Pul äkidýän bronemaşyn bank gapysyndan ugraýar. Biz ikimiz köneje fordy bronemaşynyň öňünde kese goýyp puldan doly maşyny togtadýarys.
Polisaýlary kowýas. Sen bu wagt bronemaşynyň rulyna geçýäňde ony sürýäň. Men bolsa yzymyzdan bolan kowgydan goranýaryn. Soňra maşyny ullakan treýlere salýasda dogry Meksika tarap ýol alýas. Serhetde bizi togtatmakçy bolýarlar emma biz maşynymyz bilen polisaýlaryň maşynyny ýenjip gidip galýas. Umuman örän gyzykly
Gyz
Bu kinoda biz toýymyzy hem etmeli bolarys. Omaran pullarymyzyň hemmesini toýymyza sarp ederis. Umuman şunyň ýaly


56

22

3

1

2

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Gownejay [off]
 Düýn, 20:47

+0

Ýazmaklygyň bu usuylyna amerikança western usuly diýilýär. Western kinolary hem bolýar. Bu usuly başda okaýanlar köplenç halatda halamaýarlar. Bu usulda ýazmak bilmek üçin daşary ýurt kitaplaryny köp okamaly


Premium
Belki [12s] (Düýn, 21:41) 

Gownejay, onson sol dunya edebiyaty eserlerininem ceperciligi seyle pesmika?
Menem-a dunya edebiyaty eserlerinin terjimesini kan okayan ya bolmasa turkce eserleri oz ene dilinde okayan yone beyle ceperciligi gowsak esere gabat gelip goremok...


Täzeje
Ahmal  (Düýn, 22:05) 

Gownejay, dogry edyan, amerkanlary men kan halamok, mowzygym halanmasa amerkan still de yazdyp diyip menem amerkanlan ustune atardym).


Täzeje
Gownejay  (Şugün, 08:55) 

Ahmal, Ýazmak erkinligi diýilýän kanun bar. Bu kanuna ähli ýazýan adamlar boýun egmeli. Seniň maňa gadagan etjek bolýanlygyň bolanok. Men islän zadymy islän wagytmda ýazýan


Täzeje
Gownejay  (Şugün, 08:59) 

Belki, Seniň ýaly men göçürip ýazmaýan. Ikinjiden men bu eserlerimi has hem gowy edip ýazyp bilerdim emma näme üçin?? Siz bilegörä meniň ýaznlarymy bahyllykdan ýaman diýip aýydýaňyz men muny anyk bilýän. Başgada sizde birnäçe kemçilik bar.


Premium
Belki [12s] (Şugün, 09:15) 

Gownejay, nirede gocurip yazypdyryn? Subut etmesen tohmet bolup dur

 Premium
 Belki [12s]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 Düýn, 22:53

+0

Western eserleri", genellikle Amerika'nın Vahşi Batı dönemini konu alan film, edebiyat ve giyim tarzı gibi çeşitli sanat ve kültür alanlarındaki ürünleri ifade eder. Bu eserler, kovboylar, şerifler, düellolar, kızılderililer, buharlı trenler ve İç Savaş gibi unsurları içeren bir kültürü ve yaşam tarzını yansıtır.
Western Eserlerinin Özellikleri:
Konusu:
Genellikle 1850'lerden 19. yüzyılın sonlarına kadar Vahşi Batı'da geçen hikayeler anlatılır.
Temalar:
Kahramanlık, adalet, özgürlük, macera ve Batı'nın çorak topraklarındaki mücadeleler ön plana çıkar.
Sinema:
"Western" bir film türüdür ve kovboy filmleri olarak da bilinir. Spagetti Western gibi alt türleri de bulunur.
Edebiyat:
Batı edebiyatı anlamına gelen "western literature" da bu kültürü konu alan eserleri kapsar.
Giyim Tarzı:
Western stili, kovboyların pratik ve sağlam giyim anlayışından ilham alan, kot pantolonlar, kovboy çizmeleri gibi parçaları içeren bir moda akımıdır.
Revizyonist Western:
Geleneksel Western'in kahramanlık ve kötülük anlayışını sorgulayan, daha karmaşık karakterlere ve olaylara odaklanan bir alt türüdür.


Sen munyn westerne berilyan dusundiris bilen dahyly yog-a. Hany nirede amerikanyn durmusy aydylyar nirede olan pelsepesi...


Täzeje
Gownejay  (Şugün, 09:02) 

Belki, Sowadyň pes bolsa men näme edeýin


Premium
Belki [12s] (Şugün, 09:17) 

Gownejay, sul eserin okyjysynyn dal-de yazarynyn sowady pes )

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 Düýn, 23:36

+0

Western diyilse şlýapaly, her gapdalynda rewolwer gysdyrylgy adamlaň kinolary ýadyma düşýär.


Öwreniji
Khanture00  (Şugün, 05:25) 

BAY-HAN,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Garawulhanadaky gürrüñçilikler -2: MÄMMETGYLYÇ


Olar ýaly waka küdelaý, haýsy birini aýdyp geçjek ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garawulhanadaky gürrüñçilikler -2: MÄMMETGYLYÇ
Orazjan (Şugün, 12:47)

Garawulhanadaky gürrüñçilikler -2: MÄMMETGYLYÇ


Dogry durmuşda şoň yaly bolýar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garawulhanadaky gürrüñçilikler -2: MÄMMETGYLYÇ
BMW (Şugün, 12:18)

Men hindi kinosyny oýnadym


Yalnysyp o nikinden yazypdyr teswiri 😁😁😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Men hindi kinosyny oýnadym
Belki (Şugün, 11:50)

Men hindi kinosyny oýnadym


Özüňiz ýazyňda öz ýazanyňyzdan hoşal bolup otyryberiň. Öz ýazýan zatlaryňyza bir serediň. Menä bu saýtda hiç zat okamýan.meni bolsa okaýarlar. S...dowamy...
Erkin mowzuklar | Men hindi kinosyny oýnadym
DonKihot (Şugün, 11:25)

Otludaky dushysyk. 15-njy bölüm.


Nowçadymy shuñ awtory onam bellap geçip gitda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Otludaky dushysyk. 15-njy bölüm.
Pechine (Şugün, 10:53)

Men hindi kinosyny oýnadym


O gyz biziñ ak altyna,şamaha gidyan awtobuslarymyza münse barsy bilen toý edip çykmaly bolarmyka)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Men hindi kinosyny oýnadym
Pechine (Şugün, 10:07)

Pelsepeçil pikir paýlaşmak hakda durmuşy wakajyk


Dostumdan bir gezek bir zat soradym welin, ol meniň soragyma giňişleýin jogap bermäge başlady. Esli gürläp, meni gyzyklandyrýan zady jikme-jik dü...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pelsepeçil pikir paýlaşmak hakda durmuşy wakajyk
bagabat (Şugün, 09:52)

Men hindi kinosyny oýnadym


Awtobusda el tutmak meselesi "basdyrma" cenli gelip yetd-ow)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Men hindi kinosyny oýnadym
Belki (Şugün, 09:46)

Garawulhanadaky gürrüñçilikler -1: SETDAR


Ana şolar ýalylaram "ärim bus-bus" diýip gürleýädä gepinde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garawulhanadaky gürrüñçilikler -1: SETDAR
Orazjan (Şugün, 08:34)

Garawulhanadaky gürrüñçilikler -1: SETDAR


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garawulhanadaky gürrüñçilikler -1: SETDAR
BAYOGUL (Şugün, 06:26)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика