“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Pelsepeçil pikir paýlaşmak hakda durmuşy wakajyk
 Öwreniji
 bagabat [off]
 23.07.2025 / 09:16

Hemmä mälim: ýaşuly adamlar adatça pelsepeçil, gabat gelen ýerinde akyl bermäge, paýhas paýlaşmaga ümzük atagan bolýar.
Hasam mugallymçylyk ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan, şoňa başbitin berlip, şol kesbi-kärine ömrüni bagyş eden kişilerde bu edähet ýiti ýüze çykýar.
Halypam Tagan aga-da ýokary okuw mekdebini tamamlan gününden başlap, ömrüniň otuz ýylyna golaýyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde mugallymçylyga bagyşlan adam. Üstesine-de ol, ömürboýy ylym bilen meşgullanyp, ençeme okuw, ylmy, ylmy-populýar, amaly-tejribe kitaplaryny hem taýýarlap, neşir etdiren. Şol sebäpdenem Tagan agada-da köplenç pelsepeçillik, öwüt-nesihat etmäge ýykgyn etmek endigi bardy.
Ol hasam bir iş otagynda oturan ýyllarymyzda maňa kän öwüt berermen bolup, meniň bilen öz pikirlerini paýlaşagandy. Çünki, birinjiden-ä men onuň talyby; ikinjiden çagalary bilen ýaşyt; üçünjiden şägirdi; dördünjiden uniweriň bosagasyndan ätlän ilkinji günlerimizde Tagan aganyň bize beren hukuk ylmy bilen tanyşdyryjy birinji sapagyndan bäri onuň bilen üýnümiz alşyp, aramyzdaky ýaş, tejribe, ylym-bilim gor, durmuşy paýhas we ş.m. tapawudymyza garamazdan, ikimiz dostana gatnaşykda; bäşinjiden biz Tagan aga bilen hukuk ugrundan birnäçe okuw kitaplaryny, ylmy makalalary bilelikde ýazan awtordaş; altynjydan ikimizem bir edarada deň wezipede, utgaşykly ugurda zähmet çekýän kärdeş. Iň esasysam, ikimiziň ylym-bilim, adamlara bolan gatnaşyk babatda dünýägaraýşymyzyň aglaba bölegi tas deň diýen ýaly.
Umuman, bir gezegem, keýpiniň köklügi iş otagymyza girip, ornunda ornaşyşyndan mese-mälim bildirýän Tagan aga, gele-gelmäne meniň bilen pikirini paýlaşyp başlady:
-Inim,-diýdi:-ýaňy awtobusda gelýärkäm kelläme täze pikir geldi. Hany aýt bakaly, seniň pikiriňçe, ynsana durmuşda il içindäki abraýa mynasyp bolmak, bolelin, bereketli günde ýaşamak üçin nämeler gerek?
-Üç zat: pully, wezipeli kakaň; pully, wezipeli gaýyn; ýa-da: “Jennetde jaýyň bolandan Narhozda daýyň bolsun” diýdirýän, ozal-a ejeň üstünde, galyberse-de “gurt arkasyndan guş doýar”, şonuň arkasyndanam seniň üstüňde ölemen, pully, wezipeli daýyň. Bolany!-diýip menem Tagan agaň jogabyny nagt etdim.
Halypam meniň jogabym aňyna ýetýänçä gözüni gyrpyp, sekuntsellem durdy, soňam “hehhildäp”gülüp ugrady:
-Häý eşek,-diýip, gülkiň arasynda-da maňa käýinen kişisiredi:-seniň bilen bar-a, inim, düýbünden çynlakaý gürrüň edip bolanog-a! Näme gürleseň anekdota öwürýäň, he-he-he...
Gülüp bolandan soňam, maňa aýtmak islän oýlanmasyna dolandy:
-Heh. O diýýäniňem-ä biçem däl welin, inim, ýöne, çynlakaý gürlesek, meniň pikirimçä-hä durmuşyňda abraý-mertebä, döwletli gün-güzerana ýetjek bolsaň, esasy üç zat gerekmikä diýýän: jepakeş zähmetsöýerlik; hemme kişiň göwnünden turýan, hiç kesi bihuda ýa-da maýda-çüýdelikde ynjytmaýan alçaklyk; onsoňam polady ýumşak mylaýymdan gelen mylakatlylyk. Niçik görýäň, inim? Bu aýdýanym dürsmi?!
Men, halypamyň çynaberimsiz oýun-henege öte gowy düşünýän, hatda ýerlikli ulanylýan, aňsat-aňsat kişiniň göwnüne degmezek, ýitiden duzluja, pynhan neşderli, assarly, il içinde: “saman astyndan suw goýberen” diýilýän, göwnaçyk, hoşana wäşiligi iňňän halaýan, özem, öz “mellegine” bilip-bilmän “kesek oklanyň” sözde petigulusyny bermek üçin hiç haçanam, gep tapman, jaýdar jogap gözläp, aljyraý-bulaşa “kise dörüp” oturmaýan kişidigine juda belet. Şonuň üçinem halypamyň bu çynlakaý sowalyna teýenelije gülümsiredim-de, diýdim:
-Mollum, eger-de zähmetsöýerlik bilen abraý-mertebä, bol-elinlige ýetilýän bolsa, onda dünýäde eşekden sarpaly, eşekden gowy günde ýaşaýan jandar tapylmazdy. Çünki Ýeriň ýüzünde şondan kän agyr zähmet çekdirilýän jandar ýok bolsa gerek. Hut şol sebäpdenem: “eşşek ýaly işletmek” diýen meňzetme ýörgünli. Bu bir. Indi ikinji agzan häsiýetiň boýunça aýdaýyn: jahanda maýmyn ýaly oýunçy, alçak, şoh janaweri tapmak kyn. Ol özüniň alçaklygy, oýunbazlygy bilen hemmeleriň diýen ýaly göwnünden turýar, ondan hiç kim ynjamaýar, gaýta onuň ýanynda her kesiň göwni açylýar. Hut şonuň üçinem: “maýmyn bolup oýnamak” diýen meňzetme biminnet, mugt alçaklygy aňlatmakda esasy ulanylýan jümle. Şoňa görä-de alçaklyk bilen ýol alynýan bolsa, onda maýmyn, ol-a baý ýa-da beg bolmak eken, külli yklymlara hökümdar saýlanardy. Indi üçünji: bilemok, başga halklarda nähilidigini, ýöne türkmençilikdä-hä: “pişik ýaly myrlap” diýen meňzetme bilen islendik adamyň diýen ýaly süňňüne rahatlyk aralaşdyrýan mylaýym-mylakatlylygy aňladýarlar. Şol sebäplem eger-de sap mylaýymlyk, ymgyr mylakatlylyk bilen belent derejelere ýetip bolunýan bolsa, onda “myr-myrlap”, ol öňüne dogramça oklasyn-oklamasyn, her gapdalyndan ötene süýkenip-sürtenip ýalynýan pişik, ýumşakdan-mymyk, zer-zerbap kürsüler üste mekan edinip, diýarlaryň dikmeligine dikilerdi.
Jogabymy soňuna çenli ünsli diňlän Tagan aga, ýene kelteje güldi-de, dillendi:
-Heh. Aýdýan-a, çynlakaý gürleşer ýaly däl-ä seniň bilen! Bilýäň-ä inim, ruslarda “poruçik Ržewskiý” atly, biziň Aldarkösämize, Ependimize, Myralydyr Keminämize, Esenpolatdyr Nuryşkamyza, Poşalak, Topalak, Emenegimize çalymdaş henek-ýomaklaryň gahrymany bar. Ol baradaky henekleriň hemmesi diýen ýalam ýa-ha wejera, ýa-da nakysdan suwjuk. Gepiň gerdişine görä, şol henekleriň birini aýdyp bereýin: Ine bir gün, rus patyşasynyň köşgünde, XIX asyrda adybelli rus kompozitory Modest Musorgskiý özüniň fortepiano üçin döreden “Sergi suratjyklary” atly mukamlar çemeninden bir sazyny çalyp otyrmyş. Onuň sazynyň jadysyna göwni joşan, şol döwürler meşhur şahyr Afanasiý Fet hem saklanyp bilmän, heňe goşup, özüniň inçeden duýguly, nepisden näzik setirlerini labyz bilen okamaga başlapdyr...
Şu ýerde Tagan aga gözüni güldürdi-de, dymdy. Men, ol aýdyp oturan heneginiň yzyny dowam etdirer öýdüp, demsalym garaşdym. Emma ol dillenmänden soň halypamyň nämä garaşýandygyny derrew kellämde aýladym-da, onuň isleýänini edip, soradym:
-Onsoň, mollum?!
-Heh,-etdi-de, Tagan aga kibtini gysdy:-soň bolsa, poruçik Ržewskiý, galyň perdäniň aňyrsyndaky buljumja ýerde, rus melikesiniň mydama turşusy depesine urulgy ahwalda gezýän, uçguryna gowşak, hemme erkekden tamakin kenizegi bilen bilelikde ýap-ýaňyja näme iş gaýrandygy maňlaýynda möhür – balagynyň ýazdyrylan iliklerini dakyşdyryp, kemerini düzedişdirip niredendir bir ýerden çykypdyr-da, şasaraýdaky ümmülmez ruhana medeniýetlilige beslenen bu çeper duşuşygy ýüzugra wejeralyga gark edäge-de, sungat meýlisiniň neşesini uçuryp, ähli zady poha garyp taşlapdyr.
Men ýylgyrdym:
-Bäh, mollum, Pyragy atamyzyň: “bäş ýylda kitap eden işimiz, gyzylbaşlar gelip weýran eýledi” diýşine barabar, “Meniň ir ertirden bäri kelle döwüpler, azap edipler bina kylan, çuňňur felsefe ymaratymy poruçik Ržewskä dönüp, poha bulap taşladyň-aý...” diýýäň-ow?!
Halypam: “Gözel göwnüň, inim! Nähili düşünseň düşünibermeli...” diýýän pisint, sesini çykarman gülümsiredi.
-Indi, mollum, bu “gep döwünde çöp nobaty” maňa geçdi. Siziň maňa poruçik Ržewskiniň üsti bilen öz pikiriňizi düşündirişiňiz ýaly, rugsat berseňiz, menem size adaty kellä gaçan kerpijiň kömegi bilen käbir çuňňur filosofiki närseleri allegoriki usulda aňlatmaga synanyşaýyn?!
Tagan aga myssa ýylgyryp oturyşyny üýtgetmän, “Baş üstüne! Sahna seniňdir, şägirt! Görkez-de gaýyr bakaly, näme oýnuň bolsa!” diýen terzde eliniň aýasyny ýokaryk göterip, yşarat etdi.
-Göz öňüne getir, mollum! Kellä gipotetiki kerpiç gaçyp gelýär,-diýip men söze başladym:-Onuň uçup gelşini görmegi başarmak – bu Kabul edişiň ýitiligi. Eger-de kerpiç gelip degse onuň hökmany ýagdaýda yza berjekdigine öňünden akyl ýetirmek – bu Danalyk. Onuň gaçyp geliş ugruny hem-de gelip degjek pursatyny hasaplap çykarmak – bu Bilim. Ondan öz wagtynda sowulmagy başarmak – bu Akyl. Çowlam-çowlam sögünçdir-gargyş ýa-da mymykdan-mymyk haýyş-towakga bilen kerpiji özüňden zyňany dagy-duwara bu hereketini gaýtalamaz ýaly etmek – bu Harizma (özgeleri yzyňa eýermäge we diýeniňi etmäge ymtyldyrmak ukyby). Eger-de bu ajaýyp häsiýetlerdir başarnyklaryň hemmesiniň özüňde barlygyna garamazdan, kerpijiň gelip çat maňlaýyňa patylamagy – bu Ykbal.
Meni diňlän Tagan aga ýene şyg-şyglap gülmäge durdy:
-Äý, ýok-laý, inim! Ikimiziňki boljak däl. Ikimiziň gep wuruşduryşymyz edil bir tarapda-ha ker-kör, beýleki tarapda-da lal durup, gyzyl-gyran jenjelleşen ýaly bir zat bolýa-laý,-diýip ol gülküsiniň arasynda ýanjady.
Umuman, bujagaz durmuşy wakajykdan gelip çykýan “maralyňam” “amandyr-eseni” – Türkmen aganyň: “gaşaşsaňam deňiň bilen gaşaş” diýşi ýaly, degişseňem, düşünişseňem, aň-düşünjesi özüňkä deň bilen deprenişeniň hop ýagşy bolaýmasa :-)...
...ýa-da başga zat...


82

15

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 bagabat [off]
 23.07.2025 / 09:52

+0

Dostumdan bir gezek bir zat soradym welin, ol meniň soragyma giňişleýin jogap bermäge başlady. Esli gürläp, meni gyzyklandyrýan zady jikme-jik düşündirip boldy-da, birdenem ýüzüme şübheli garap diýdi:
-Dos, şü sen islendik bir zady bilmän soraýaňam welin, bilip soraýan ýaly bolup dursuň-aý?!
Men kibtimi gysdym-da, göwnübir jogap gaýtardym:
-Okadyp gör. Okanyň demi düşgür bolsa, şondan soň ol-bi bolar-bolgusyz zatlar sebäpsiz-bahanasyz ýerden göwnüňe-de gelip ýörmez, gözüňe-de görünmez...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýaňajygy çukurjam


Harp ýalňyşlarny bir dogry ýazyň! ýuwkam *ýukam...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Mizandy (13.09.2025 / 07:46)

Ýaňajygy çukurjam


Sen geldiň, Men bildim. Gelşiňem gowy, Bilşimem gowy. - Gazetden yzyna gaýdan goşgym...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Altyn_asyr (13.09.2025 / 06:51)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Indi mowzik açmana bolarsyňyz zar... Admina gelenok, Moderator bar... )) Bolmasa üýşip ýazalýyň şoňa, Mümkin peýda eder, _Goýmalyň soňa... ...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Näme sebäpden mowzuk açmakçy bolamda, "günlik limidiňiz gutardy" diýýär, hiç zat açmakaň nähili gutarýar!?...dowamy...

Gijeki myhman


Gowy eser...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Mahrimah (09.09.2025 / 20:40)

Gijeki myhman


Gynansak-da hiçkim laýkam basmandyr, teswirem ýazmandyr....dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
BAY-HAN (09.09.2025 / 13:15)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Nädip mowzuk açýaňyz?...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


2011 bolsa men bardym şol döwürler saýtda...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Mendede bar şunýaly arhiwler...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->