Çagalyk dostum on-on iki ýyllap dagy uly edaranyň kompýuter bölüminde esasy hünärmen bolup işledi. Bir gün oňa içerki telefon boýunça edaranyň buhgalteriýasyndan jaň edip, öz kompýuterleri birikdirilen içerki tor ulgamynyň işlemeýändigini aýdypdyrlar-da, düzetmegi haýyş edipdirler. Ol enjamlaryny alyp, buhgalteriýa barypdyr.
On iş orunlyk mähnet otagda, kileň ownukly-irili, ýaşu-durugşan aýal-gyzlaryň her haýsy bir stoluň başynda, diňe özlerine mälim nämedir bir zatlar bilen meşgullanyp otyrmyşlar.
Onsoň dostum, ilki olaryň kompýuterlerini barlapdyr-da, programma näsazlygynyň ýokdugyny anyklapdyr. Soň azajyk pikirlenibem, kompýuterleri biri-birine birkdirýän enjamlaryň birinden ştekeriniň öýjüginden sypan bolmagynyň ahmaldygyny çaklapdyr.
Hemme enjamlardyr simlerem stollaryň aşagynda, şkaflaryň, tekjeleriň arkasynda diýýär. Ol ýuwaşjadan gezekli-gezegine şkaflaryň arkasyna boýnuny uzadyp, biri-birine degşip diýen ýaly duran stollaryň aşagyna zordan sümlüp, simiň sypan ýerini agtaryp ugrapdyr.
Hasapçy gelinlerem, hamana ol otagda ýogam ýaly, öz gybatlary, öz meşgullyklary bilen meşgul-da başagaý, jagyl-da-jugulmyş.
Ahyryn öňündäki iş orun-kürsüsi boş duran bir stoluň aşagyna kellesini uzadanda, ştekeriň modemden sypan ýerini tapypdyr. Ol hyklap-çoklap stoluň aşagyna başbitin giripdir-de, ýaňky ştekeri täzeden ýerine berkitmäge başlapdyr. Esli sellem eglenibem yzyna çykjak bolupdyr welin, al saňa gerek bolsa, ýaňky boş kürsüde eýjejik injiklerini juw-ak edip, bir ýaşajyk hanym otyr diýýär. Özem onuň stoluň aşagyndalygyndan bihabar, kimdir biri bilen aýagaldygyna telefonda gürleşýärmiş.
Dostum galypdyr gara gaýga.
Ýeri indi nädersiň?
Zompa çyksaň-a gorkusyna jynssyz wägirip başlaberse, bilgeşleýin beýden ýaly, özüňem masgara bolarsyň, bi bihabar hanymjygam ýok ýerden wejera güne galar. Çykman otursaňam, ol hanym birdenkä öz stolunyň aşagynda gözüni jüjýjerdip oturan muny göräýse, aňaýsa, munça-da bolmaz.
Birküç minut stoluň astynda ümsümje sojap oturan dostum, ahyryn içinden: «Äý-ý, wäý-eý! Iki şumlukdan bir gümlük-läý, bar-a!» diýäge-de, ajalyny boýnuna alyp, öňe zomapdyr. Bada-badam, şunuň ýaly ýagdaýlarda, munuň laýyk geläýşini, gyzyk gürrüňe gümrä gelin, tigirçekli kürsüsini sähel yza tesdiren wagty, onuň iki aýagynyň arasyndan kellesi dikligine somalyp duruberipdir.
Dostum gürrüň berýär: yzyndan ýagy kowalaýan dek ala-başagaý gyssanmaç ahwalda, aňyrdaka gezek bermän, nämedir bir zatlary serçe dilinde wüjürdäp oturan gelin, aňk-taňk bolmakdan ýaňa gözlerini tos-togalak edip, deminem almagy undup, lam-jimlik zikrinde doňup galaýypdyr. Dostumam aljyraňňyrak bolsa-da, gelne görä taýynlykly, dagy näme diýjegini bilmän, agzyny öweldip, telefony gulagyna tutup oturan hanyma başardygyndan mylakatly garapdyr-da, ýyrşaryp diýipdir:
-Salam.
-Salam,-diýip, ol gelne-de zordanjyk dil bitipdir. Soň ol assaja «hiýhildäp» içini çekipdir-de, demini alyp, sorapdyr:
-Bärde näme işleýäňiz?
«Ine şu ýerde welin,» diýýär dostum: «kelle ýaman kütek işledi. Näme üçin beýle diýendigime özümem düşünmän, kelläme ilkinji gelen zat: «Çemçe gözleýän-laý...» diýip goýberenimi duýman galypdyryn».
-Çemçe?!-diýip, hasam heýrany hüwwet eden gelin seslenipdir.
«Ýeri,» diýýär dostum: «bir gezek tokly osuran ýaly samsyk gepi diliňden sypdyranyňdan soň, ikilenç nädip öz diýeniňi özüň tassyklajak däl-aý? «Howwo. Çemçe» diýdim. Dagy näme diýeýin?!».
-O siz...siziň...çemçäňiz b...b...bärde näm...näme işleýä?!-diýip, ýap-ýaňyja-da telefonda eňegine jaň dakylan ýaly ähli sözleri dürtme-dürsje güzürdedip gürläp oturan gelin, näme üçindir sakawlapdyr.
«Menem,» diýýär dostum: «bu sowala näme diýjegimi bilmän, egnimi gysyp oňaýdym-aý».
Onýança-da gojamanrak buhgalter aýallaryň biri aňyrdan seslenäýipdir:
-Neme jan, kompýuter torumyz işläp başlady. Düzedipsiň öýdýän?!
«Diňe şondan soň,» diýýär dostum: «ojagaz gelin doňňara-daş ahwalyndan açylyp, biraz yza tesdi-de, maňa kellämi öz satanlarynyň arasyndan aýryp, stoluň aşagyndan çykmaga mümkinçilik berdi».
Menem gülüp-gülüp hynçgylawugym tutup gidensoň, zordan demimi dürsäp dostumdan soraýan:
-Dos, oňa näme üçin «kompýuter bejerýän» diýip dogrujaňdan geläýmän, «çemçe gözleýän» diýdiň-aý?!
Dostum, şol bolup geçen hadysa gözüniň öňüne gelýärmi nämemi, gülesi gelmese-de özüne zor salýandygy mese-mälim, pessaýjadan ýasama kikirdän bolup, jogap berýär:
-Äý, şomat näbileýin-aý! Bar oýun eden boljak bolşumdyr ýa-da oňaýsyz ýagdaýda ynama mynasyp bahana tapyşymdyr-da...
51
22
1
5
0
0
1
Teswirler:
Täzeje Saparow [off] Düýn, 00:50
+1
Ha-ha-ha, bizde şoň ýaly ýerde "çemçe gözlemek" nesip etsin
Gulluk dowrim kitaphana boyunça iki sanjak kitap bardy olaram Italmaz Nuryyew bn Halyl Kulyyewiň gokje goşguly kitaplarydy ahli boş wagtymy şol i...dowamy...