Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Her derde deva olan şey; sarımsak mıydı, sarılmak mıydı? Karıştırdım.
Bir gelniň durmușyndan..
Täzeje Dani [off] 24.07.2025 / 18:23 - Жизнь одна кайфуй..😎
1-nji bolum
Durmuş nähili geň.Biz muňa 5 günlijek ýalançy diýýäs.Emma wagtyň çäklidigine,ömrümiziň bolsa juda gysgadygyna garamazdan,her kimiň durmuşynda gowy günleriň bolşy deýin ajy günler-de hem juda köp.Ýöne muňa hiç hili ýagdaýda durmuş günäkär däl,biz adamlar ömrümiziň gysgadygyny bilmegimize garamazdan näme üçindir birek -biregiň göwnüne degýäs.Iň gynandyryjy ýerem köpümiz kalplara bitmejek ýaralar salýas, ýa-da elimizdäki,durmuşymyzdaky bagtymyzyň gadyryny bilmeýäris we şol baýlygymyzy baky ýitirýäris...
Ine bu waka hem bir geliniň durmuşynda başyna gelen juda kyn günlerinden setirlere geçirilip,hekaýa öwrülen ajy hakykat.
Eneň -ataň elindekaň, ýagny ýaşajyk juwan gyz wagtyň durmuş nähili gowy,gaýgy ýok,alada ýok.Ýöne näme bu bir tebigatyň kanunyda,her bir ýaş gyz wagty -sagady gelip,maňlaýy açylsa öz atasy öýüni taşlap,ýat maşgala gelin bolup barmaly bolýar.Soňra bolsa şol öý,şol maşgala seniň öz maşgalaň bolýar, ýagny şeýle-de kabul etmegi her bir durmuşa çykan gyz başarmaly.Sebäbi bize öz ene-atamyz şeýle öwredipdi ahyryn: ,,Baran ojagyň indi öz öýüňdir,baran ýeriň bilen bolmaly "diýen ündewlerini diňledim we hut şeýlede etdim.Meniň öz ejem,kakam juda gowy adamlar,sylanýan we diňlenýän,ýagdaýlary hem gowy, ýagny il içinde abraýlary juda uly.Meniň ene -atamyň 6 çagasy bar, biziň 4-imiz oglan,2-miz bolsa gyz.Men olaryň uly gyzy.Ýaňky aýdyşym ýaly,her bir gyz maşgala maňlaýy açylsa durmuşa çykýar.Meniň özüm 1989-njy ýylda doglan we 2014-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-sinde durmuşa çykdym.
Ine indi maňa nätanyş we öz enem -atamdan üzňelikde täze durmuş başlandy.Indi men kiçilikden saýlanyp,öz başyma kararlar bermäge mejburdym.Dogry baran ýerimiň ýagdaýy pesräkdi,ýöne baýlyk esasy zat däl ahyryn.Esasan biz bir maşgala bolup,agzybir bolmagy başarsak ýeňilmejek kynçylyk ýokdur.Meniň gaýyn enemem,gaýyn atamam gowy adamlardy,meni hem öz gyzlary ýaly gowy görýärdiler.Baran ýoldaşymam gowydy.Onuň ejesi -kakasynyň perzentleri bolmansoň ogullyk alynandy.Ýagny gaýyn atam meniň ýoldaşymy öz agasyndan çagalyk edinipdir.Ýoldaşymyň öz hakyky kakasynyň özünden başgada iki sany ogly bar ekeni,özi bolsa üçinji ogly eken.Ogullyk bolmagyna garamazdan,gaýyn enem we gaýyn atam ýoldaşymy öz çagalary bolmasa-da,öz bagryndan önen ýaly söýüpdirler,ulaldypdurlar.Meniň ýoldaşymam ýaşlykda köp kynçylyklary başdan geçirip,ene -atasy işläp bilmänsoňlar,işläp eklenç etmäge mejbur bolupdyr.Şeýle kynçylyklary başdan geçiren adam mydama gowy biri bolup galaýjak ýalydy, ýöne ýalňyşýan ekenim, üýtgemez diýeniň üýtgeýär eken gaýta,men muňa juda gowy düşündim.Ýagny toýdan soň ýoldaşym juda gowudy.Bile düşünişip bilýädik, başyndan geçen kyn günlere aglasak hem biz bilelikde juda bagtlydyk.Soňra meniň uluja gyzym galdy göwrämde,7aý dolandan soňra işden dekrete çykypdym.Aý hasabym dolandan soňra bolsa gyzjagazym dünýä indi.Soň bolsa doly işden çykdym.Göräýmäge durmuş gülala -güllük,ýöne bu durmuş duýman duran ýeriňden öz şarpygyny çalýan eken.
Çagamyz boldy,kem zadym ýok diýip ýaşamagyň deregine,bagtsyz durmuşa gadam basyp başlamaga mejbur boldum men.Ýaňky gowy diýen ýoldaşym näme üçindir üýtgäp başlady,tirkeşýän dost -ýarlaryda gowy kişiler däldi,hatda ene -atasyny-da diňlemeýärdi,olara el gadyrmanyda hiç zatça görmeýärdi,maňa hem düýbünden gün bermeýärdi.Bir maşgalany gurmak aňsat bolmansoň,men elimden gelenini edip,çydap maşgalamyzy dargatmajak boldum,gaýyn enem we gaýyn atam hem meni goldaýardylar her haçanam arkamda boldular,ýöne ýoldaşymyň hakyky öz ejesi oglynyň tarapyny çalyp,ýalňyşynada dogry diýýärdi.Ýoldaşym gijeleri içip gelip,maňa gün bermeýärdi,urýardy,düşünişmek islesemem meň bilen sene -mene edip,goşlarymy daşaryk zyňýardy.Ýöne iň janymyň ýanýan ýeri bu wakanyň çagamyň aňynda erbet täsir galdyryp oňa zyýan edýändigidi.Bu ýagdaýlar yzygiderli dowam edip başlansoň,öz ejem, kakam we doganlarymda howatyrlanyp başladylar,maňa we çagama bir zat bolmagyndan gorkup meni alyp gitdiler.Bir ýylyň dowamynda 5 aý gaýyn öýümde bolan bolsam,7 aý atam öýümde bolmaly boldum.Bu zatlar ýoldaşymyň bolsa piňinede däldi.Meni we çagamy enem -atam hor ermedi,gerek zadym bolsa,çagamyň gerek zady bolsa-da elerinden gelen kömeklerini gaýgyrman bize seretdiler.Ýöne ýene-de çagamyň hatyrasy üçin yzymdan gelenlerinde gaýyn öýüme dolanyp bardym.Soňra ikinji gyzym has soňradan bolsa ekizje oguljyklam boldy.Garaz,indi biziň 4 çagamyz bardy,ýöne ýoldaşymyň bu zatlar bilen işem ýokdy.Gaýyn enem ahyry oglundan haýyr bolmajagyny bilip, biziň üçin, ýagny çagalarym üçin daşary ýurda işlemäge gitmeli boldy.Soňra gaýyn enem bize gazananjasyny ugradyp başlady we ýoldaşymam şol ejesinden gelýän pula özüne maşyn hem aldy.Ýöne ýene-de şol bagtsyz günler dowam edip başlady,ýoldaşym hiç hili düzelmedi,gaýta meni we çagalarymy beter köseýärdi,ejesine hem azar berip,ýene -de pul talap edýärdi.Doganlarym başardygyndan maňa kömek etjek bolýardylar,meň üçin we çagalarymyň ýetim galmazlygy üçin ýoldaşymyň hereketlerine seslerini çykaryp bilmeýärdiler, gaýta günümi düzetmek üçin ýoldaşymy işe hem ýerleşdiripdiler,şonda hem peýdasy bolmady,bary biderek.Ne men hakda ,ne-de çagalam hakda hiç hili alada hem etmeýärdi,ol hakda pikirem edenokdy,öýe aýlyk -günlüginem getirmeýärdi.Gaýta irden öýden çykyp gitse agşam giçlik ýa-da daňdan gelip,oň üstesinede urup,sögüp,azar-ýamanyny berýärdi.
Birinji gyzjagazym indi nähili bolsa-da uluja bolansoň,oňa erbet täsir edýärdi,kakasynyň bu hereketleri onda gorky galdyrmagyna sebäp boldy.Şeýlelik bilen zor aýakdan maşgalamy ýykmajak bolup ýaşamagymy dowam etdim.Dogry ýagdaýym pesdi, ýöne oglan doganlarym we gyz jigim maňa we çagalaryma gerek zat bolsa berip durdylar.Aralarynda bir ýagdaýy pes mendim,ýöne şonda-da ruhdan düşüp,sussum pes bolmadym,çagalarym üçin ýylgyryp, aýakda durmaga çalyşdym.Garaz,men hojalygym we çagalarym bilen boldum,ýöne tanyş -bilişlerimiň aýtmagyna görä,meň ýoldaşym ýolda-yzda masgara bolup,görene gep bolup,erbet ýerlerde,bidüzgün hereketler edip ýörenmişin.Dükanlara bergi baryny edip,ýoldan çykan zenanlara hem zat baryny alyp berýärmiş,ýa bolmasa -da özi üçin alkagolly içgileri juda köp alýan eken.Men şunça ile syr bildirmesemde,töwerege gep -gürrüň bolupdyr we öz abraýyny özi gaçyrypdyr.Onsaň isleseňde maşgalany aýakda saklamak üçin diňe bir adamyň güýji asla ýetmeýär,oň üçin bilelikde agzybir bolup hereket etmeklik gerek,gynansamda bu zatlar bizde ýok.Ahyry çagalarymyň we öz saglygymy düşünenim üçin ýenede,çäresizlik bilen atam öýüme gitmeli boldum.Soňra ine bir gün ejem bilen men hassahana gidip barýarkak ejemiň telefonyna jaň geldi.Ol jaň bolsa ýoldaşymyň hakyky öz ejesindendi.Gaýyn atam aradan çykypdyr,oňam bizden başga çagasy bolmansoň, ýoldaşymyň öz hakyky ejesi özüniň biz üçin ýalňyşlar goýberendigini boýnuna alyp,bizi gelmegimizi haýyş edip şol ýere çagyrdy.Meniň gaýyn atam gowy adamdy pahyr,men barmak üçin öz razylygymy bildirdim.Soňra bolsa men gitmekçi bolamda öz uly doganymyň gelnine,ýagny gelnejeme çagalarymy tabşyrdym.Ol atasy öýüne gezmäge gelipdi,ol hem biziň töweregimizde bolansoň dessine geldi.Az wagtdan soň meni ýoldaşymyň agasy ýagny gaýynagam almaga geldi,biz hem gitdik we gaýyn atam pahyry gynançly ýagdaýda soňky ýoluna ugratdyk.Eşdişime görä,ýagny aýtmaklaryna görä,juda gynançly ýagdaý,ýoldaşym gaýyn atamyň maňlaýyna kündik bilen urupdyr we ol görgüliň gany doňup,1 hepde ýaraman ýatypdyr..
2-nji bolum gelsinmi?
Teswirler:
Täzeje Mahri [off] Öÿümiziñ Jynjagazy 24.07.2025 / 18:52+2Okajak, yone doly gelaysin.
Özümiziňki Fantom [off] Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr. 24.07.2025 / 20:06+0Äý, bunuň ýaly wakalar näçe diýseň kän. Gyýnansakda, menä şuňa şunuň ýaly wakalara kään gabat gelýän.
Gytyndan yurekdes [off] "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ" 24.07.2025 / 21:44+0Doly gelaysin sebabi son yzy goyulanok welin gynanyan
TäzejeDani (24.07.2025 / 21:45) yurekdes, ertir goyyan sebabi 1 mowzuk goyup bolyan eken
Premium
rexha [off] вы все такие разные,а заебали одинаково🐬 Düýn, 09:20+0Yzy gyzyklyyyyy
Täzeje Nesip [off] "Ak niýetiň bersin saňa hemaýat" Düýn, 12:38+0Yzyny haçan goýýan?
Gerekli Sasiyona [off] Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik Düýn, 19:37+0Şu mowzugy ozal menem goýupdym inni ikinji sapar okayanda
TäzejeDani (Düýn, 20:48) Sasiyona, men name pal bakyp durunmy
Soňky teswirler
Ýokaryk