“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Ynjyklyk hakda
 Öwreniji
 bagabat [off]
 26.07.2025 / 13:16

Sowet döwründe, howadyr nandan özge hemme zadyň tapylgysyz defisit eýýamy, obamyzda biri ulag edinipdir.
Özem ony edinişem, özbaşyna giden bir dessan: şol birwagtda hem-ä öwlüýälere ýykylyp, tapanja/bolanja molladyr tebibinden doga-tumar alyp, beýleki tarapdanam selsowet, kolhoz prawleniýesi, başlyk, raýkom, ispolkom, obkom, partkom, komsomol býuro, pionerlager, weteranlar soýuzy, potrebsoýuz, ferma müdiri, öz brigadiri, pensionnyý edara, prokuratura, milise, kgb, radiokomitet, sportkomitet, weterinargurama, sanepidemstansiýa, woýenkomat, hassahana, psihdispanser, weneriki dispanser... garaz barmadyk gapysy, ýüz tutmadyk emeldary galmandyr.
“Yhlasa myrat” diýleni, ahyrynam Allanyň beren nesibeli bir güni, ýa onuň alan doga-tumarynyň täsiri bilen ýa-da ýüz tutan emeldarlarynyň biriniň rehimi inip, ol bendä öz bahasyna bir Žigulini satypdyrlar.
Munam öýüne getirenden soň, Nuryşka pahyr aýtmyşlaýyn: “dilenibalnanow ölnüpýetilen” zat, düzüwli münmäge-de dözmändir.
Onsoň halkam nä, munuň ýaly biriniň kemini tapsa, wawwasyny ýorsa, keýp edip şony gorjap bilse armany ýog-a – ýaman bahym ýaňky ulag edinen bendäniň öz maşynjanynyň üstünde kökenekdiginiň tapmaçasyny otarýar-da, adamlar oňa gyjalat berip ugraýarlar:
-Ha-a-w, Pelany jan-haw! Bi nä, öňküň ýaly peýada gezip ýö:ň? Hany bi höküwmediň beren maşşynyny müňmiýäňmi-haw?! Ýa öýdäki dagy: “Ellemäge miltem edäýmegiň! Eddiljek depäň öli ganyny alaýaryn!” diýip azmlyrak beýleki edip tabşyra:dymy?!
-Ýok-laý,-diýip, ulag eýesi bende-de jogap gaýtarýar:-Öýdäkiler-ä münsem hezil edýär. Gaýta özlerinem bir ýerlerik äkitdirjek bolup janserek. Ýöne bu gün öte yssy bolansoň moşşyn janawerjigime “yssy ýaramaz” diýen ätiýäç bilen özüm münmedim-laý!
Soň ýene birneme gün dolanyp, aý aýlanýar-da, pasyl çalyşýar welin, ýaňky ulag hojaýyny bendäň ýene paýu-pyýada gezip ýöreni päkidil biriniň gözüne ilýär-de, olam ony dürtgeläp galýar:
-Pelany dos, bi nä moşşyny münmän ýö:ň?! Ýa abadyny bermän döwügini-beýlekisini sokupdyrlammy?
-Ýok-laý,-diýýär, ulag eýesi görgüli:-Bu gün sowuk bolansoň, ulagjygyma “zyýan bolaýmasyn” diýen ünjüde özüm münmedim-laý!
Şondan soňam ynjyk adamlar bilen baglylykda oba arasyna gep ýaýrady: “Senem-aý, halypa, Pylany:ň maşyny ýaly bolup! Saňa-da diňe ýazyň mymyjak howasy gereg-aý! Hany olam ýylda birki hepdeden köp tapdyrýarmy?!”.


113

30

3

7

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 26.07.2025 / 13:59

+0

😁😁😁hay, Serdar aga ))

 Täzeje
 Saparow [off]
 26.07.2025 / 16:55

+0

Özümiň ilkinji alan telefonym ýadyma düşdi ilkinji telefonymy alan wagtlarym ýumşajyk mata dolap ulanýardym


Täzeje
 (26.07.2025 / 20:13) 

Saparow, 😊

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýaňajygy çukurjam


Harp ýalňyşlarny bir dogry ýazyň! ýuwkam *ýukam...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Mizandy (13.09.2025 / 07:46)

Ýaňajygy çukurjam


Sen geldiň, Men bildim. Gelşiňem gowy, Bilşimem gowy. - Gazetden yzyna gaýdan goşgym...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Altyn_asyr (13.09.2025 / 06:51)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Indi mowzik açmana bolarsyňyz zar... Admina gelenok, Moderator bar... )) Bolmasa üýşip ýazalýyň şoňa, Mümkin peýda eder, _Goýmalyň soňa... ...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Näme sebäpden mowzuk açmakçy bolamda, "günlik limidiňiz gutardy" diýýär, hiç zat açmakaň nähili gutarýar!?...dowamy...

Gijeki myhman


Gowy eser...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Mahrimah (09.09.2025 / 20:40)

Gijeki myhman


Gynansak-da hiçkim laýkam basmandyr, teswirem ýazmandyr....dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
BAY-HAN (09.09.2025 / 13:15)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Nädip mowzuk açýaňyz?...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


2011 bolsa men bardym şol döwürler saýtda...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Mendede bar şunýaly arhiwler...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->