“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Gyzgynjak hekaýa. Heniz at hem goýamok 🙂
Premium
 Belki [off]
 27.07.2025 / 15:47
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Birdenkä, gelen hat kompýuteriň ekranyny ýagtyldyp gitdi:
-- Indi ikimize görüşerçe wagt bolandyr-a?!.

*****
Gyz hemişekilerinden ir oýandy, ýuwnup- ardyndy, ertirlik edinibem geýinmek bilen boldy. Egnine mekdep lybaslaryny geýip, saçyny iki ördi-de, keşdeli tahýasyny başyna jaýdar ýerleşdirdi. Ýüzüne-gözüne azajyk reňk çaldy. Niçigem bolsa, bu gün onuň üçin üýtgeşik gündi. Ýantorbasyna "Birden biri görse, içiniň boşdugyny aňyp, gümana gidäýmesin" diýen niýet bilen ýekeje kitaby salmagy-da ýatdan çykarmady. Pişik basyşyny edip otagyndan çykandan soň goňşy otaglara göz gezdirdi. Ejeligi henizem ýatyr. "Dagy näme bolsun?!" diýip, pikir etdi. Kakasy görgüli eşek ýaly işlemeli, bulam irdenden tä günortana çenli ýatmaly, naharam haçan okuwdan gelse Aýsenem bişirip goýar. Bidereklik! Biderek durmuş! Gäwüş gaýtaryp ýatan sygyrdan ejeliginiň näme parhy bolup biljekdigi hakda oýlandy. Tapmady. Soňam ýuwaşjadan daşky gapyny açyp, öýden çykyp gitdi.
Tä obadan çykýança syryny aňan hiç kim bolmady. Her kim ony gündeki bolşy ýaly mekdebe barýandyr öýdüp güman etdi. Dogry, gyzyň adatdakylardan gözel görünýänligini aňyp, gözastyndan dikanlan obaň ýigitlerem bolman durmady. Gyz olaryň baryna biparh garady. Bular nämejikdi onuň söýen ýigdiniň ýanynda.Içinden "Siz entek yzymda kän ylgarsyňyz, barybir, size ýetdirmen!" diýip, olara dodak çöwürdi.
Haçan-da obadan saýlanyp, etrap merkezine gidýän uly ýola düşdem welin, ýeňsesinden gelýän sese tisgindi.
-- Aýsenem, okuwa gideňokmy, gyz, sen? Näme işläp ýörsüň bärde?
Obaň belli gepçisi Gülnaryň bärde näme işi bar diýsene. Ýöne wagty obadan çykýanam däldir, haçan görseň: "Nirede gep barka?" diýip, öýme-öý syryp ýörendir welin, gel-gel şu gün ýola çykasy gelipdir. Wah, şowsuz Aýsenem.
-- A gyz, saňa diýýän, özüňem-ä okuw eşikde.
Gyzyň şol iki arada toslan gepi şu boldy:
--Neme-läý, gelneje, olimpiýada barmyş şu gün. Okuwçy köpräk bolansoň, biziň synpymyza: "Awtobusa sygmarsyňyz, ýol bilen baraýyň" diýdi mollumlar.
Gülnar kellesini ýetişibildiginden iki ýana ýaýkady:
-- Tüweleme, tüweleme, özüňem şu ýyl soňky ýylyň dälmi?! Ejeň alnyndan dirärsiň nesip bolsa.
Näme üçin ala-böle ejeligini agzadyka? Onuň üçin kakasyndan başga yhlas edýän ýog-a. Özem "ejeň" diýýä. Tutuş oba şol zenany Aýsenemiň ejesi hasap etse-de, gyzyň oňa "Eje" diýmejegi çürt-kesikdi. Ene mährini görkezmedik ynsana näme üçin eje diýmelimiş?
Gyz soňky pikirlerini kellesinde öwrüp ýetişmänkä, Gülnar deňlerinde togtan adamsynyň ulagyna münüp gitdi. Aýsenem ýene öz oýlaryna berildi. Kakasynyň oňa ýekeje gyzyny kemsindirmejek bolup, kompýuter alyp beren güni, şol gün begenjiniň çägi bolmaýşy, ýuwaş-ýuwaşdan "Internet" diýlen jadyly äleme garyşyp-gatyşyp gidişi...
Soňra onuň bilen tanyşyşy...Onuň gyza habar gatanyndaky sypaýylygy... Beýle-de gepe-söze ökde ýigit bolar eken. Aýsenemiň synpdaş oglanlarynyň barysam gödek, gyza ýüzlenmegi bilenoklar. Diňe bir Garýagdy bar, olam ýuwaş. Oglan diýeniň dogumly bolmaly, gepini-sözüni diňletmeli. Edil Aýsenemiň söýen ýigdi ýaly. Ol şeýle sözler ýazýardy welin, gyzyň ýetginjek akly bulara düşünibem ýetişmeýärdi. Ýogsa-da, bir gezek Kafka diýilýän ýazyjyň eseri hakda gürrüň edip, "Hemmämizem kimdir biriniň nazarynda hiç bir işe ýaramaýan tomzaklardyrys" diýipdi. Aýsenem bu eseri hökman okamaly hasap edip, bloknodyna belläp goýupdy.
Soňra ýakyndan tanyşan wagty ýigdiň uniwersitetleriň birinde talypdygyny, özünden dört ýaş uludygyny bilip galypdy. Kakasy hem firmalaryň birinde başlykmyş, agasy bilen gelnejesi ýuristmiṣ. Kämil maşgalanyň kämil agzasy. Aýsenemiň şol ojaga gelin bolup baraýsa hor bolmajagy aý aýdyň. Şeýdip, ejeligindenem dynar. Belki, uzagyndan kakasynam ýanyna alar. Goý, şol ölüp ýatan tünegi ejeligine galsyn. Aýsenem kakasynyň kösenmegini islänok. "Gyzym zada zar bolmasyn" diýip gijelerine garawulçylyk, gündizlerine ussaçylyk edeni azmy görgüliň?"...
Gyz durmuşa çykmak pikrini kellesinde aýlamasa-da aýlamazdy. Ýöne ýigdiň özi onuň ugrunda perwana dönüpdi. Gyz oňa: "Özüňi oda ur!" diýse urjak! Onuň görmegeýligi...Gyz ýigit bilen ilkinji surat alyşan günlerini ýatlady. Aýseneme sagatlarça ýalbarypdy. Hamala, ol ölüp barýamyş-da, Aýsenemiň suraty oňa Aby-Haýýat suwy boljak ýaly. Gyzyň suratyny göreninden soň haýal etmän öz suratyny ugradypdy. "Edil kino aktýorlary ýaly" diýip, pikir etdi Aýsenem. Özüne ynamly duruşy, bakyşlaryndaky aýgytlylyk, syrdam boý, gara gaşlar, girdabyna dolap alyp gidýän syrly gözler...
Gyz awtobusa müneninden soňam serindäki pikirlerine gümra boldy. Adyny diýsene: Enwer!!!
Juda ýakymly! Hyýalynda toý çakylyklary janlandy. "Sizi Enwer bilen Aýsenemiň toýuna çagyrýarys!" . Toýlaryna näçe adamlyk restoran gepleşmeli bolarka? Mekdebi gutarmagyna-da bary-ýogy iki aý... Iliň gyzy ýaly okuw diýbem dyzap durmaz. Okap näme alym bolan barmyşmy?! Beýle maşgala gelin bolansoň...
Toýly pikirleri ilkinji bolup agzan ýigitdi. Suratyny göreninden soň "Seniň ýaly akja gyza toý köýnegi nähili owadan gelşer" diýipdi. Şoldur-da-şoldur toý baradaky oýlar gyzyň serinden çykmady. Ýazyşyp ýörenlerine ýedi-sekiz aý bolanyndan soňam ýigit gyzy duşuşyga çagyrdy. Aýsenem ilki aljyrady, näme jogap berjegini bilmedi, heniz biri-birleriniň sesinem eşitmändiler. Ýigit bu zatlaryň aralaryndaky gatnaşygyň "syrlylygyny" ýitirdip biljegini ýanjapdy, gyzam garşy çykmandy. Hemişeki bolşy ýaly gijelerine uzak-uzak ýazyşmaklaryny dowam etdirdiler.
...Ine-de garaşylan gün. Aýsenem ýigdi garşysynda görse näderkä? Tolgunyp özünden gitmese ýagşydyr. Ýok-la, ýigit ony hökman köşeşdirer. Onda nähilidir jady bar. Kim bilýär, gyza owadan gözleri bilen seredip, nähili ajaýyp sözler aýdar?! Sowgadam aldymyka? Hökman alandyr. Ol romantikany gözden düşürjek ýigit däl. Belki, gyza goşgam ýazandyr...
Gyz assa ädimleri bilen belleşilen kafeniň bosagasyndan ätledi. Ýüreginiň gürsüldisi kiçijek gulaklaryna eşdilip durdy. Bu gün onuň ykbalyna brilliant harplar bilen ýazylmaly gündi...Töweregini göz astyndan synlamaga durdy. Edil giräýen ýerindäki stolda iki sany zenan maşgala nähilidir gürrüň bilen başagaý bolup oturdy, olaryň aňyrsynda bolsa bir jübüt. Ortaradaky stollaryň birinde ýaşy kyrk-kyrk bäş töwereklerinde dolmuş, garaýagyz erkek kişi kitap okap otyrdy. Beýlekisinde bolsa uzyn boýly, görmegeý ýaş ýigit telefonyndan nämedir bir zatlara seredýärdi. Kafede şulardan başga yns-jyns ýokdy. Aýsenem ýaş ýigde gaýtadan seretdi. Bu şol bolmaly! Az-kem parhlyrak görünýär, ýöne surat bilen janly göreniň deň bolmaýar-a. Galyberse-de gara gaşlary, syrdam boýy suratdaky bilen meňzeş. Gyz ýigde bakan çalasyn ädimlerini gönükdirdi.
-- Enwer?!
Gyzyň sesine ýigit tisginip gitdi. Äm-säm garaýyşlaryny oklady. Onýança-da hälki kitap okap oturan dolmuş erkek kişi gyzyň garşysyna dikildi.
-- Enwer men bolýan!..


180

44

14

8

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Saparow [off]
 27.07.2025 / 15:55

+1

Bolaýypdyr

 Täzeje
 Saparow [off]
 27.07.2025 / 15:56

+1

"Online söýgi " söýgi diýip atlandyraý


Premium
Belki  (27.07.2025 / 16:01) 

Saparow, has tasirli at tapmaly.


Täzeje
Saparow  (27.07.2025 / 16:05) 

Belki, "Puç bolan höwes", "Paşmadyk arzuw", "Kül bolan ynam", "Ynjynan kalp", "Umyt", "Ýar garaşýar".
Kellä gelenleri şular


Täzeje
Saparow  (27.07.2025 / 16:07) 

Dowam etdirip, şuň romana ýa-da poweste hem öwrüp bolýar.
Enwere durmuşa çykarýaň, soň Enweri ol gyzyň ejeligi bilenem gezýän edýäň… aý garaz ýazybermeli ýaltanmasaň


Täzeje
Saparow  (27.07.2025 / 16:08) 

şuny**


Premium
Belki  (27.07.2025 / 16:08) 

Saparow, goyaweri jan dogan ))


Premium
Belki  (27.07.2025 / 16:30) 

Saparow, Kül-peýekun (nowella) diýsek nähili bolar?
Nowelladyr-a. Siz seyle gutarmagyna garasypmydynyz?


Täzeje
Saparow  (27.07.2025 / 17:28) 

Belki, Hawa seniň bu ýazan eseriň nowella. Ýöne adyny heniz pikirlenseň gowy bolaýmasa. Meň pikirimçe bu ýerde kül-peýekun bolarlyk zat ýokmyka diýýän.
Meň öz başymdanam şu gyzyňka meň ýagdaý geçdi, şonda menä kül-peýekun bolmadym
Hemem heniz nowellaň üstünde işlemeli, radaktirlemeli, düzetmeli, goşmaça goşmaly ýerleri bar, elbetde hakyky esere öwürmek isleýän bolsaň.


Premium
Belki  (27.07.2025 / 17:42) 

Saparow, nameler gosmaly, ayyrmaly aydyberin

 Täzeje
 Dani [off]
  - Жизнь одна кайфуй..😎
 27.07.2025 / 16:06

+1

"Seni tanamadym" at kellame geldi
a tak yzynam goyda


Premium
Belki  (27.07.2025 / 16:08) 

Dani, yzy yok. Bolany. Galany okyjyn fantaziyasy

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 27.07.2025 / 16:33

+2

Saytymyzda "Hekayalar" kategoriyasy acyldy gadyrdanlar. Mundan soň hekayalarynyzy şol yere goyup bilersiniz...


Täzeje
 (27.07.2025 / 17:32) 

Belki, "Lapykeçlik" dp, atlandyrsaňam-a boljak eken hekaýa. Hekaýa gyzykly, düşnükli, çeperçiligine söz ýok. Molodiss👍

 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 27.07.2025 / 20:03

+0

Yzyny goyjakdami gyzykly yerinde gutarypsynay


Premium
Belki  (27.07.2025 / 20:35) 

Bagul, yok okyjyn ozi goz onune getirmeli indi galanyny )

 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 27.07.2025 / 20:04

+0

Ýas gyzyn ykbaly diysen nader adyna

 Täzeje
 FanB [off]
 27.07.2025 / 20:38

+0

... Gyzynň haýýaty göçýär, aňk-taňk bolýar. Zoordan -bagyşlaň diÿýärde hyrra yzyna öwrülýär. Ädimlerini çaltlandyryp derrew kafeden çykyp ýoluň gyrasynda maşyn saklamaga durýar. Yzyndan ýaňky kytk-kyrkbäş ýaşlaryndaky garaýagyz adam hem kafeden cykyp gyza tarap ýöräp gelýär.
-Aýsenem diyip onun̈ adyny tutýar. Gyz hem oňa üns bermän deňinde gelip duran maşyna münýärde bu ỳerden gidýär.


Premium
Belki  (27.07.2025 / 20:52) 

FanB, jemleme-ha bolmaz mundan.Hayran galdyryjy gutaranym gowy. Yone ceperciligine hayran sen. Hekaya yazsan okardym.


Täzeje
FanB  (27.07.2025 / 23:35) 

Belki,
Ceperciligime beren bahan ucin sag bol Hanym Belki

 Täzeje
 Hickim [off]
 28.07.2025 / 01:33

+0

Yzyna seretmäni gaydandyr gyz tamam

 Täzeje
 Tahallus [off]
 28.07.2025 / 10:32

+0

Hekayanyn adyny
..Internetdaki hakykat.. diyip goysan bolar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýaňajygy çukurjam


Harp ýalňyşlarny bir dogry ýazyň! ýuwkam *ýukam...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Mizandy (13.09.2025 / 07:46)

Ýaňajygy çukurjam


Sen geldiň, Men bildim. Gelşiňem gowy, Bilşimem gowy. - Gazetden yzyna gaýdan goşgym...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Altyn_asyr (13.09.2025 / 06:51)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Indi mowzik açmana bolarsyňyz zar... Admina gelenok, Moderator bar... )) Bolmasa üýşip ýazalýyň şoňa, Mümkin peýda eder, _Goýmalyň soňa... ...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Näme sebäpden mowzuk açmakçy bolamda, "günlik limidiňiz gutardy" diýýär, hiç zat açmakaň nähili gutarýar!?...dowamy...

Gijeki myhman


Gowy eser...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Mahrimah (09.09.2025 / 20:40)

Gijeki myhman


Gynansak-da hiçkim laýkam basmandyr, teswirem ýazmandyr....dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
BAY-HAN (09.09.2025 / 13:15)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Nädip mowzuk açýaňyz?...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


2011 bolsa men bardym şol döwürler saýtda...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Mendede bar şunýaly arhiwler...dowamy...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->