Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Perman : Dünýäde Bagtsyz ynsanlar köp däl, şükürsiz ynsanlar kän

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Barmak / hekaýa
 Öwreniji
 bagabat [off]
 29.07.2025 / 09:34

Ünsi sowlanam sekunt.
Misli, tutuş ýalançyda azary köýüp ýatan dek, hyňranyp-harryldap işleýän, köne bolgarka, çepiniň süýemini, göýä ol, mesgeden ýasalan dek, süňki-püňki bilen şarpa kesip äpberdi.
Ol birbada gyzgynyna agyrysynam duýmady. Aňk-taňk ahwalda, nämäň nähili bolup geçendigem aňyna ýetmedi.
Diňe bir saýgaran zad-a nähilidir birhili gyzgylt etmi-süňk bölegi sol elinden gapdallygyna zyňlyp gitdi. Aňşyran zadam çep penjesinde süýem barmagynyň biten ýerinden ýok, jotdaryp durandygy, şol jontukdanam çagajyk buşugýan deý jyzlap gyrmyzy ganyň çüwdürýändigi boldy.
Soňam birdenkä, hiç hili sebäpsiz-bahanasyz ýerden ilk-ä ýüreginiň sary gidip, bir demde tutuş endamy lagşady. Bada-badam essi aýyldy-da, gapdallygyna agdy.
Onýança onuň beýleräginde işleşip ýören ýoldaşlary bolan wakany gördüler-de, ýerli-ýerden oňa topuldylar.
Bolşuna görä, haýdan-haý, gany duruzmak üçin pugta daňdylar.
Elýeterde başga derman-där-ä ýok.
Çüýşeden akydyp, ýarasyna arak guýdular. “Agyrysyny sabadar!” diýip, özüne-de içirdiler.
Suwam berdiler.
Kesilen barmagam çägä bulaşyp ýatan ýerinden tapyp, suwa ýuwdular.
Soňam dagy näme etjeklerini bilmän, “belki agşama çen zaýalanmaz” diýen ýagşy umyt bilen düpbäň aşakbaşyndan kesilen gapjagaza arak guýup, şoňa atyp goýdular.
Özünem – bi giden beýewanyň içinde günden-ýelden ýalňyz taşalary köne wagona eltip ýatyrdylar.
Başga nätsinler?
Oba-garadan ýetmiş-segsen kilometrlik daşlykda, bir puldar obadaşyň mähnet malhanasyny gurýarlar. Olam günde gara daň bilen olary üýşürip, öz mikroawtobusynda getirdýär. Azyk-suwluklaryny, gerek-ýarak zatlarynam ýörite kiçi ýük ulagynda düşürip gidýärler. Soňam gün ýaşara çenli, olary yzlaryndan gelip, ýene öýe alyp gaýdýança, ulaglaram, malhanaň eýesem zym-zyýat bolýar.
Telefon tutanok.
“Uly ýola çenli pyýadalap, ulag alyp geleýin” diýseler, oňa çenlem azyndan ýigrimi kilometr-ä bar. Günem öýleden agdy. Gidip-gelýänçäň hemme boljak zat bolup, gaýym gutarjak.
Garaz, dünýe gapyşyk.
Onsoň, birsellem daşyna hümerlenişip duran ýoldaşlary, ellerinden gelenjesini etdiler-de, soňam ýeňsäni gaşaý-gaşaý, ýene işlerine dolandylar.
Olaňkam düşnükli.
Her kim çaga eklemeli.
Ol-a bary-ýogy ýekeje barmakdan dynmak ekeni, ölüp ýatsaňam başyňy alyp oturmaga bediüzzamanda adamlaň eli degýämi?
Şikes alanam, argynlygy, oň üstesine ardurja awunmagy, ýarasynyň yzasy, kekirdekden zorlabrak ötürilen gyzgyn aragyň seňselediji täsiri teninde helemek boldy-da, birhili, söz bilen düşündirip bolmajak ýarym melul, ýarym serhoş, çärýegem sersag hala düşdi.
Hapa, kirli, posly wagonyň ýarysyndan gowragyna tapylan-tupulan agaç-ugaçdan seki gurlan. Üstüne-de itiň aşagyna ýazaýmasaň, yns gözi ýetjek ýerind-ä-hä adamyň astyna atmaga bognuň ysmajak, ebla palas ýazylgy. Şonda-da maýyp penjesini huwwalap, eplenip ýatyşyna, ol, özi bilen bolup geçýän zatlara düşünýärem, düşünenogam.
Kellede-de bir pikir, çyg toprakdan zor bilen sogrulanda, gap bilinden ýolnan ýagyş gurçugy ýaly bulanjyraýar: “Barmak gitd-aý!”.
Daşardan zaňňyrdadyp, uçgun syçradyp demir kesýän bolgarkalaryň, demri-demre kebşirleýänleň şaňkyldadyp çekiç urýan gohy gelýär.
Yssy.
Kapas.
Ýüregi bulanýar.
Başy sämäp dur.
Penjesiniň agyrysyndan ýaňa, halys deramatdan galyp barýan ýüregem, hemişeki ornunda däl-de, hut şo barmagynyň jontaryp, ganjaryp duran ýarasynda urýan ýaly.
“Barmak gitd-aý!”.
Agysy tutýa.
Kyrka ýetip, saçyna çal sepen, bala-çagasy ýetişiberen, ullakan adam weli, onda-da: “ej-ä-ä” diýip, ulili bilen zörlediberesi gelýär.
Sebäbem...
“Barmak gitd-aý!”.
Indi nätmel-aý?!

*****

Niçigsi kyn bolsa-da, ölmedige wagtam, eýdýä-beýdýä geçäýýä.
Alasarmyk maýyllygyň holtumynda ol, uklamasa-da iňrigiň garalyberip, yzlaryndan ulaglaryň gelendigini eşitmän galdy.
Diňe ýoldaşlarynyň biri gelip özüni yralanda, serine aýlandy.
Şikes alaly bäri birneme özüni dürsänem bolsa, penjesi henizem sorkuldap, ýüregini ezmiljedip dur. Şo sebäpli aýagynyň ysgyny çümmükçe.
Zordan yra-dara ýöräp, ulaga özüni atdy.
Ýene-de hapa sekide ýatandakysy ýaly, bimar melullyk süňňüni gaplap aldy.
Ulag ugransoň, çarkandakly, beýikli-pesli gum ýolunyň şalk-şalkyna-da, ýadawam bolsalar, öýe barýanlaryna biraz keýpleri kökelen ýoldaşlarynyň hümürdisine-de ähmiýet bermeýär.
Gos-goýy şetdaly mürepbesi deýin, şepbeşik, agzyň içini demir tagamly turşumtykdan süýjümtik sülekeýden doldurýan, serimsal ahwal, ony goýultmak-gujagyndan sypdyrarly däl. Şoň girisinde goram-gowşak bolup oturyşyna-da, kellesinde şo bir pikir nalajedeýin terpenýär.
“Barmak gitd-aý!”.

*****

Näçe wagt ýörediler?
Hudaý bilsin.
Süňňüniň deramatyny haýaljakdan, ýöne işdämen sorýan goýultmak-gujakda ol wagty-sagady saýgaranok.
Ýöne öň-ä bu ýol bir sagat gowrak wagtlaryny alýardy.
Onsoň bu gün şo ýoluň nämesi üýtgemelimiş?
Nä, seň barmagyň gideni bilen, dünýe tigirlenmesini bes edip, güpür-tapyr togtamaly-da, hemme öňki baş bolan zatlara aýak, daban bolanlaram depe bolmalymy?
Wa-a-h...
“Barmak gitd-aý!”.
Gündekileri kysmy, mazaly garaňky gatlyşanda oba ýetdiler.
Hernä hojaýynlary adamçylyk etdi.
Ýa zanny gowy adam-da, şonsunam bolşuna görä saklajak bolýa.
Ýa-da “gowy” diýdirjek bolup, gowusyran bolýa.
Garaz, eýleki işgärlerini öýme-öý eltensoň:
-Agam, çykdajysyny alada etme! Ýör dugtora,-diýip entegem özi bilen bolup geçýän zatlara gutarnykly-kesgitli akyl ýetirmän, ýarym äm-säm bolup oturan ony hassahana äkitdi.
Aragyň içine atylan süýem barmakly düpbäň götünem eline tutdurdylar.
Hassahana barýarkalaram ol, köçedäki çyralaryň ýagtysyna, gyzgylt suwuklygyň içinde ýatan barmagyna, aram-aram gözüniň gyýtagyny aýlaýar.
Şonda-da beýnisind-ä: “Barmak gitd-aý!”, göwnüne bolmasa-da, şo arakda ýatan synasynyň bölejigi, edil ertekilerdäki Ýartygulak deýin, ýöne kellejigi şyrdaksyz, başyny göterýär-de, ýazgaryjy nalyş bilen: “Nädäýdiň-ow meni, halypa?!” diýýän ýaly bolup görünýär.
“W-a-a-h, näsini aýdýaň, dos?!” diýip ol barmagynyň nalyşyna içinden jogap berýär: “Özüm nätjegimi bilemok, şumat! Wah, barmak gitd-aý!”.

*****

Bolaýsa, oglundan alty-ýedi ýaş uludyr, nobatçy lukman oglan, oň eline seredişdirdi. Gany gidip juw ak bolan, özem yslanan kişde deý mürşeren barmagyna bolsa, seňrigini ýygyrdy-da, diýdi:
-Agam, munyň-a gonamçylyga äkit-de gömäý, yzyna tikip bolmaz. Eýýäm öz aýdyşyňdanam yssyda, üstesine-de açyk howada, hapa çägälikde, içine nämäň nädip nähili düşendigem näbelli suwuklykda, munça sagatlap ýatandygy mälim weli, ony:ň daş sypatam, honha gör, derde ýararlyk däl. Tiksek, gaýta nekroz başlar. Soň gangrena ýazmagy ahmal. Gowusy, boýnalyk bolsaň, häzir ýaraňy arassalap, açyk damarlaryňy tikeýin. Ýara ýeriň ýüzüne ham dartyp, berçinläli-de – hapa-hupa düşendir – iriňi arkaýyn sykylar ýaly, drenaž goýaýyn. Özüňe-de ýüregiňi, bedeniňi gurbatlandyrmak üçin, agyryňy aýryp, rahatlandyrar ýaly derman ýazyp bereýin. Öýde sançdyrsaňam bolar. Getirseňiz, häzir şepagat uýalaryna tabşyraryn, bärde-de sanjyp bererler. Hämi?
Dagy nätsin, bende?
Sesini çykarman baş atdy.
Lukman aýdanlaryny etdi. Ol tikin-çatynyny dynýança hojaýyn-obadaş bejit gidip, diýlen dermanlary alyp geldi. Sanjymam etdiler. Damjalaýynam goýdular. Birhaýukdan soňam nepesi durlanansoň, hojaýyn-obadaşyň: “Bu gije bärdelik galaý bolmasa. Ol-bi nemesin-ä alada etme. Özüm nemedýän häzir!” diýen teklibindenem çürt-kesik ýüz dönderdi. Bu günki başyna düşen musallat heýhatçylykdan soň, baş galasy – öýüne özüni atsa, yrza.
Gaýtdylar.
Geldiler.
Düşdi.
Öýde aýaly-çagalary eliniň sargysyny, ýüzünde gan-pet ýoklugyny görüp, daşynda kebelek.
Aýdyşdyrdy.
Aýalynyň “ah-wahyna” bolşuna görä “hä-hawa” berdi. Barmagynam boş derman çüýşä şo aragy-saragy bilen guýdy-da, ýahdana saldyrdy.
Öwlüýä ertir äkider-dä.
Soň edilen emlere mejaly gidip, düşeginde süýndi.

*****

Uzak gijede barmagy bilen ümmüldeşip, iki derdinäk başlaryna düşen oslagsyz külpete hamsygyşyp geçdiler.
Ýartygulak barmak, edil bikesiniň aýagyna süýkenýän, myr-myr pişik ýaly, şypyrmasyzja, şytyr kellejigini onuň agyryly penjesiniň açyk aýasyna goýýar-da, ilk-ä birsellem gymyldaman dymyp ýatýar. Soňam gussa bilen dillenýär:
-Bilýäňmi, kiççikkäk, ejemiz pahyr, meň uçjagazymdan öperdi-de, sesiniň mähri bilen ýüregimizi eredip, söýünerdi. Şomatlar men akjadym, kindiwanjadym, naşyjadan pökgüjedim...
-Howwa,-diýip ol, baş atýar.
Ýene biraz dymyp ýatan barmak bolsa, birdenkä pessaýja pyşyrdy bilen ejesiniň şol söýünjini sanap ugraýar:
-Meniň balam, bal oglum,
Dürler saçar dilleri.
Agasynyň toýunda,
Pişme seçer elleri.
Barmagynyň bu hüwdüsine ejesi pahyr ýadyna düşýär. Gözünden biygtyýar syrygyp gaýdan damjalaň gyzgyny ýüregine urýar.
-A soň bolsa, ýadyňa düşýämi, bäş-alty ýaşymyzda kakamyz maşyna mündürjek bolanda meni gapa gapjadypdyň? Baý şonda agyrmak agyrdym-a! Seni dagam it bolup uwladandyryn-ow!
-Howwo,-diýip ol ýene-de tassyklaýar. Soňam üstüne goşýar:-Kakam pahyram şonda, göýä, gapyny özüm ýapyp, öz aňkawlygym sebäpli özüm awunman, özi meni awundyran ýaly, daşymda janserek, jöwlan urupdy. “Goý oglum, aglama, häý, nemesini nemetdigimiň gapysymy! Muny bar-a, häzir palta bilen çapym-çapym ederin, meň oglumyň barmajygyny gapjany üçin!” diýip, jibrinmek jibrinipdi.
-Howwo,-diýip, barmak şo ýatyşyny üýtgetmän, sojap dem alýar. Soňam pyşyrdaýar:-soň, kakamyz pahyr bolanda-da, seň gözýaşyňy men sylypdym. Ejemizde-de. Agamyzda-da...
Ýatan geplemeýär.
Bogazy “lyk”...
...Şo-o-l hümürdeşip ýatyrlar, hümürdeşip ýatyrlar...
Nejis ýerem, barmagynyň ýokdugyny ýüz-ä däl, milýard göterim bilip ýatsa-da, uzakly gije hut şol ýok barmagy gijäp, janyny alyp gelýär.
Nädip gaşamaly?
Hudaý bilsin.
Ýa, turup, gidip, ýahdandaky çüýşejikden çykaryp, gowuja edip, gaşap gaýdaýsamyka?
Haýyr edermikä?...

*****

Ertesi gün öwlüýä gidip, bir çetinde barmagyny jaýlap gaýtdy.
It-guş gazyp ýetmez ýaly, çuňrak gazyp, barmagyny gömenden soň, ilk-ä bir nämetjegini bilmän, serimsal durdy. Soňam: “Äý!” diýip elini silkdi-de, aşak çöküp, edil ynsan merhumyna aýat okan ýaly, bilenjesinden okap, degsin etdi.
Küpürlikmi, dämi?
Näbilsin-aý.
Ýöne şeýtse, göwnüne jaý göründi.
Soňam, ýüzüni sallap, sömpüldäp gaýtdy.
Ertesi daňdanam, allaniçigsi bolup, oslagsyz oýananda-da, gözüne ynanmady.
Sol penjesiniň süýem barmagy ýerindejik dur.
Özem şo öňküje bolşy.
Ýara-paradan nam-nyşan ýok.
Begenip gitdi.
Barmagyny gujaklap, bagryna basanyny duýman galdy.
Nädip, nähili beýle bolýar-a?
Alla bilsin.
Ýa, henizem ýatyrmyka?
Ýa, öň ýatyrdy-da, indem oýanaýdymyka?
Gümürtig-aý ýaman, şü dünýe...


34

11

0

4

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

“SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ


Fantomas dademe yalpyllap duran layk menden...dowamy...
Şygryýet | “SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ
BAY-HAN (Şugün, 18:45)

Menem sorag berip göreýin


bir topar wagty samsyklyga sarp etmek bu...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Menem sorag berip göreýin
Gownejay (Şugün, 18:28)

Siz üçin


Şu Fl Studio-ny aýdaýyn diýip ýördüm, öz ulanýanym gowy şulam. Kmp'dan Pot Player gowy. Onsoňam Format Factory programmanam goý buda faýllaryň fo...dowamy...
Kompiýuter (Software) | Siz üçin
State (Şugün, 16:51)

Bir ýigidiň ahwalyndan...


Sowremenni goşgy diyip şuña aydylýa...dowamy...
Şygryýet | Bir ýigidiň ahwalyndan...
Pechine (Şugün, 16:06)

Siz üçin


Ssylka goyjak bolsanyz menem tapyan oz faylyny goyda bular mende bar, mana steam cs1.6 tapyp bersen boldy...dowamy...
Kompiýuter (Software) | Siz üçin
Crazy-boy (Şugün, 14:15)

Bolan waka


Oz doglan gunumde aclan mowzuk hmm...dowamy...
Şygryýet | Bolan waka
Crazy-boy (Şugün, 14:09)

Siz üçin


Clash of clansyň premimumy bamy...dowamy...
Kompiýuter (Software) | Siz üçin
Bezzat (Şugün, 13:28)

Saňa ýalyk gelişýändir muslima gyz


R.A.M KIM BOLYA...dowamy...
Şygryýet | Saňa ýalyk gelişýändir muslima gyz
BAYOGUL (Şugün, 11:47)

Siz üçin


Sagja bola gardasym hayslarmy pitrenin ucin normandiyany kompdamy ya telde oynap bolyamy...dowamy...
Kompiýuter (Software) | Siz üçin
BAYOGUL (Şugün, 10:41)

Çagalar bilen sapak geçmek...


Beyleki sapaklañdanam goyuber, gyzyklanyan...dowamy...
Anyk we tebigy bilimler | Çagalar bilen sapak geçmek...
BAY-HAN (Şugün, 09:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика