Ýürekdeş sözler!
Fantom : Парень — девушке: — Вы что, меня за дурачка держите? — Ага, только ты его никому больше не показывай.
Kompýuter oýunlary
Premium
BAY-HAN [off] 30.07.2025 / 23:57 Ýüregi ýüregime syrdaş...
Salam hormatly agzalar. Bilşimiz ýaly kompýuter oýunlary hem edil kinodyr aýdymlar ýaly adamyň durmuşyna berk ornaşyp, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Ynha bu mowzukda hem men size şol oýunlaryň käbirini ýagny güýçli bolmadyk kompýuterlerde oýnalýan görnüşlerini hödürlemekçi:
1.Total overdose (2005).

GTA görnüşinde düzülen bu oýun özüniň dizaýny, oýunçylaryň herdürli atyş we böküş usullary bilen tapawutlanyp, dünýä ýüzünde meşhurlyk gazandy.



Kompýutere laýyklylygy:
Dolandyryjy ulgam: Windows XP, Vista, 7
Prosesor: Intel Pentium 4 (2,0 GHz), AMD Athlon 64 2000+
Wagtlaýyn ýady: XP üçin 512 Mb/ Vista we 7 üçin 1 Gb
Wideokart: GeForce 6600 GT / Radeon X1300
Kompýuterde tutýan göwrümi: 1.6 Gb
Ýükle https://drive.google.com/drive ... _link
2.Counter-strike 1.6 Modern Warfare

Mälim bolşy ýaly, dünýäde ýene bir özüni tanadan, esasan atyşmak boýunça kompýuter oýunlarynyň arasynda uly ýer alan bu oýunyň Modern warfare görnüşi beylekilerden kän bir tapawutlanmasa-da, pes derejeli kompýuterde oýnaýan oýunçylar üçin has hem ýörgünli boldy.

Kompýutere laýyklylygy:
Dolandyryjy ulgam: Windows XP, Vista, 7, 8, 10
Prosesor: Intel Pentium 3
Wagtlaýyn ýady: 128 Mb
Wideokart: 32 Mb
Kompýuterde tutýan göwrümi: 400 Mb
Ýükle https://drive.google.com/file/ ... _link
3.Tekken 3 (1998)

Köp adamlaryň çagalyk döwrüni ýadyna salýan, gyzykly, özüne çekiji oýunlaryň biri. Bu oýnuňam 4-5-6-7-8-nji bölümleri çykdy.


Kompýutere laýyklylygy:
Dolandyryjy ulgam: Windows XP, Vista, 7, 8, 10
Prosesor: Intel Pentium 4 (2 Ghz)
Wagtlaýyn ýady: 256 Mb
Wideokart: 64 Mb
Kompýuterde tutýan göwrümi: 500 Mb
Ýükle https://drive.google.com/drive ... _link
4.Need for speed Underground (2003)

Ulag sürmekde ýaryşmak boýunça iň esasy we dünýä belli oýunlaryň biri bolup, eýýäm bu oýunyň ençeme görnüşleri döredildi.


Kompýutere laýyklylygy:
Dolandyryjy ulgam: Windows XP, Vista, 7, 8, 10
Prosesor: Intel Pentium 4
Wagtlaýyn ýady: 512 Mb
Wideokart: NVIDIA GeForce 4 Ti+ ýa-da ATI Radeon 8500+
Kompýuterde tutýan göwrümi: 2 Gb
Ýükle https://drive.google.com/drive ... _link
Sizem öz halaýan oýunlaryňyz bar bolsa, teswirde belläp geçseňiz, indiki mowzuklarymda alyp goýaryn.
Teswirler:
Täzeje Saparow [off] 31.07.2025 / 00:44+0Lenovo S120 bolarmy bular dostum?
Premium
BAY-HAN (31.07.2025 / 01:12) Saparow, hawa
TäzejeSaparow (31.07.2025 / 01:32) BAY-HAN, nädip gurnalýanynam öwredäýda
Premium
BAY-HAN (31.07.2025 / 01:36) Saparow, setup diyene basaňdan soň diňe next-e basyp gidiber
Täzeje Boxer [off] 01.08.2025 / 09:06+1Mlds gowy oyunlar saylampsyn
Premium
BAYOGUL [on] 01.08.2025 / 09:40+0Mlds oye baranson menem aljak komp oyde dur
Özümiziňki Crazy-boy [off] Roman olur yazsam seni, Aynı gece sarsan beni! A♥️ 01.08.2025 / 13:26+0Hany reklama etmek bolonokdy ssylkany çäklendirilýärdi? 1hepdelik
Ve cs1.6 in gowy oyun men ucn
Premium
BAY-HAN (01.08.2025 / 14:05) Crazy-boy, barde reklama edilen zat yok, men agzalara alyp bilmeyan zatlaryny şuyerde goyup, komek edyan
Öwreniji Kesxa [off] Amorf we metamorfoz, oňatlyk. 01.08.2025 / 14:38+0Bulara üýtheşik enjamam gerekdäl.
ÖzümiziňkiFantom (01.08.2025 / 19:15) Kesxa, Diňe enjamyň bolsa bolýa diýäňmi? )
ÖwrenijiKesxa (01.08.2025 / 19:31) Fantom, baryny okuwçy kompýuterdede oýnap bolýarda
ÖzümiziňkiFantom (01.08.2025 / 19:35) Kesxa, Hany bir arzanrak tapdyrýarmy?
ÖwrenijiKesxa (01.08.2025 / 20:35) Fantom,tapdyrar näe tapdyrman
Täzeje State [off] Düýn, 03:01+0Resident Evil
God of War
Call of Duty
Assasin Creed
Far cry
Battlefield
Fortnite
Dota
CS
Need for speed
Şul oýunlaryň bölümlerini oýnap görüň edil kino ýaly, şular hakda ýada şuňa meňzeşleri barada goýsaň gowy bordy.
Premium
BAYOGUL [1s] (Düýn, 07:08) State, sen bu diyyanlerne guycli kompyuter gerek bardakiler okuwcy komp ucin goylan
Soňky teswirler
Ýokaryk