Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aurora : " Çöl salgym bilen aldamagy gowy görýär. Sen bolsa gözleriň bilen.."

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

“SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 Şugün, 18:10
 Bu dünýäge biýl baglan, galdy zyýan içinde... :ah:

Magtymguly Pyragynyň sopuçylyk ýolunda çeken
jebirleridir gören görgülerinden gürrüň berýän “Seda boldum”
şygrynyň manysyny açmaga synanyşalyň.

Birinji bent:
Sandywajy—sermestem, bergimden jyda boldum,
Bergimi hazan çaldy, bisowtu-seda boldum,
Bir gülçihre ýolunda bihuda pida boldum,
Bet işlere baý boldum, haýr işe geda boldum,
Pyrkat, waslet, her ne ki aslyn ez Huda boldum
Barçany bidar gördüm, özüm uýkuda bildim,
Dünýäge dura gelgen eglenmeý gidä bildim,
Iýgenim awy sandym, geýgenim reda bildim,
Köýdüm, bişdim ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Birinji setirde:
“Sandywajy—sermestem, bergimden jyda boldum” diýmegi,
“sandywaç” — bilbil, “sermest” — “keýpli”, “berg” — “ýaprak”
bolup, “Men bir saýrak bilbildim, ýapragymdan aýra düşdüm”
diýýär. Manysy: “Şu ýola düşüp, güýç-kuwwatdan aýryldym”
diýmekdir.

Ikinji setirde:
“Bergimni hazan çaldy, bisowtu-seda boldum” diýmegi
— “Bisowtu-seda” — “sessiz-üýnsüz” diýmek bolup, bergimi
(ýapragymy) hazan urdy, ýandy, “güýjüm gitdi, sesimi çykarman
gezmeli boldum” diýmegi aňladýar. Sopuçylygyň agyr şertleri
şahyry ejizledipdir.

Üçünji setirde:
“Bir gülçihre ýolunda bihuda pida boldum” diýmegi — “Bir
gülçihre” — “gül ýüzliniň”, ýagny “Allanyň yşkynda köýüp,
ýanyp, pida boldum”. “Hakyň ýolunda ölmäge çenli taýýar”
diýdigidir

Dördünji setirde:
“Bet işlere baý boldum, haýr işe geda boldum” diýmegi –
Hudaýyň ýolunda eden işlerini öz göwnüne az bilip, “günäni köp
gazandym, sogaby az gazandym, tapmadym” diýýär.

Bäşinji setirde:
“Pyrkat, waslet, her ne ki- aslyn ez Huda boldum” diýýär.
Ýagny, parsça “pyrkat”— “aýralyk”, “waslet”— “gowuşmak”
bolup, “ez” — “dan, -den” goşulmasynyň ýerine ulanylýar. Onda
“Aýralyk we gowuşmak Hudaýdandyr, ýagny, ähli bolan we bojak
işler Allatarapyn bolýandyr” diýýär.

Altynjy setirde:
“Barçany bidar gördüm, özüm uýkuda bildim” diýip, “Ähli
adam Allanyň buýrugyndan (parzyndan) habarly, ägä, diňe men
barçadan yza galýan (ukuda galypdyryn)” diýýär. Ýogsam,
Magtymguly şahyr ylymdan habarsyz galan adam däl. Bu
onuň pespälligini, Rebbiň üçin näçe azap çekseň-de azdygyny
görkezýär.

Ýedinji setirde:
“Dünýäge dura gelgen eglenmeý gidä bildim” diýip, bu
dünýäniň wagtlaýyn, ýalan dünýä bolup, hemme gelen kişileriň
göýä kerweniň geçişi ýaly, bu dünýäden geçip gitjekdigini aýdýar.

Sekizinji setirde:
“Iýgenim awy sandym, geýgenim reda bildim” diýip, kyýamatyň
azabyndan gorkup, onda beriljek jezalardan howatyrly ýaşap,
“Iýenim awy boldy, geýen eşigimiň egnime ýakymy bolmady”
diýýär. “Reda” sözi derwüşleriň egne geýýän bir bölek matasy
bolup, ony namazlyk deregine-de ulanypdyrlar.

Dokuzynjy setirde:
“Köýdüm, bişdim ýar-dostlar, örtendim, eda boldum”
diýmegi – Allanyň yşkynda bolup, köýüp, örtenip, şol ýoluň
agyrlygyndan halys ýorlup, heläk bolandygyny aňladýar.

Üçünji bent:
Jehl işine çabuk men, Alla emrine suster,
Garky-zelalet boldum, hedaýetni sen göster,
Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar,
Gardaşlar gulak gerse, aýtsam sözümni raster,
Pikir eýläň, kim bardyr Eýämden özge doster,
Bendelikde bolmasaň, bolganyň ýagşy nister,
Görmedim Gün astynda hergiz özümden pester,
Ataşa laýyk bolmaz eda bolgan häkister,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Birinji setirde:
“Jehl işine çabuk men, Alla emrine suster”. Arapça “jehl”
sözi “nadanlyk, akmaklyk” bolup, “çabuk” sözi parsça “çalasyn,
çakgan” diýmek, “suster” parsça “gowşagrak”, ýagny, “Men Alla
işine gowşagrak” diýip ýazýar.

Ikinji setirde:
“Garky-zelalet boldum, hedaýetni sen göster”. “Men
azaşdym. Allahym, meni dogry ýola özüň düşür, dogry ýoly maňa
görkez” diýýär.

Üçünji setirde:
“Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar” diýip, “Men
derwüş ýa mola, ýa-da ruhany bolup bilmedim” diýýär.
Dördünji setirde:
“Gardaşlar gulak gerse, aýtsam sözümni raster”. Bu setirde
“Gardaşlar diňlese, kalbymdan çykan rast sözleri aýtsam” diýýär.
Bäşinji setirde:
“Pikir eýläň, kim bardyr Eýämden özge doster”. “Pikir ediň,
maňa Alladan özge ýakyn dost ýokdur” diýýär.

Altynjy setirde:
“Bendelikde bolmasaň, bolganyň ýagşy nister”. “Nister”
sözi parsça “ýograk” diýmek bolup, düýp sözi”nist” – “ýok”
bolsa, “Allanyň bendeliginde bolmasaň, oňa tüýs ýürekden uýup,
tagat-ybadat etmeseň, Allanyň parzyny berjaý kylmasaň, öleniň
gowy” diýdigi bolýar.

Ýedinji setirde:
“Görmedim Gün astynda hergiz özümden pester”. “Şu
dünýäde özümden aşagrak, pesräk hiç kimi görmedim” diýýär.

Sekizinji setirde:
“Ataşa laýyk bolmaz eda bolgan häkister”. “Ataş” – “o:t”,
“häkister” – “kül” diýmek bolup, “Kül oda laýyk bolmaz, gaýdyp
ýanmaz, ýagny yşk ýolunda ýanyp gutaran adam soňra gaýdyp
yşka düşüp bilmez, yşk oduny asla islemez” diýýär.

Bäşinji bent:
Magtymguly, misginem, köňlüm öýi nä magmur,
Sözge ýakyn bende men, haýrym kemu-şerim zor,
Özüm halka nä kabul, ykbalym keç, bagtym şor,
Nä şaýeste agmalym, göýä gadam urar kör,
Meger Eýäm istese, bolgaý nuru-agla nur,
Tir tarfatyl aýnda düşgendir bolup mehjur,
Betgylyk birle boldum jahan içinde meşhur,
Degirmen deý bangir men, semender deý ataşhur,
Ýandym, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
Birinji setirde:
“ Magtymguly, misginem, köňlüm öýi nä magmur”. “Misgin”
sözi “garyp”, “betbagt”, “gedaý” diýmek bolup,”magmur”
tekepbirligi, men-menligi aňladýar. “Nä magmur” “tekepbir
däl” diýdigi bolýar. Manysy — “Men bir betbagt, garyp, meniň
göwnümde tekepbirlik, men –menlik ýok” diýýär.

Ikinji setirde:
“Sözge ýakyn bende men, haýrym kemu-şerim zor”. Şu taýda
“Men bir gepe-söze ýakyn adam. Günäm köp-de –haýrym az,
(gazanan ) sogabym az” diýýär.

Üçünji setirde:
“Özüm halka nä kabul, ykbalym keç, bagtym şor”. Men
halka peýdaly iş etmäge ukypsyz, ykbalym gowy däl –bagtym
şor” diýýär.

Dördünji setirde:
“Nä şaýeste agmalym, göýä gadam urar kör” diýip, “Men
Allanyň talabynda aýdyň amalda bolup bilmedim. Meniň
amallarymy berjaý edişim, göýä körüň gadam urşy ýaly” diýýär.

Bäşinji setirde:
“Meger Eýäm istese, bolgaý nury-agla nur” diýip, “Eger
Allahym islese, nur üstüne nur bolar. Ýagny, meniň ýagdaýym
gülala –güllük bolar” diýýär.

Altynjy setirde:
“Tir tarfatyl – aýnda düşgendir bolup mehjur”. Allatagalanyň
emri bilen göz açyp-ýumasy salymda zyňlan, taşlanan zatlar hem
dikeldilip, düzeldilip bilner” diýýär. Munuň delili hökmünde
aýtsak, Beýik Allatagala bir “Kun!” diýende on sekiz müň älemi
ýaradypdyr.
Ýedinji setirde:
“Betgylyk birle boldum jahan içinde meşhur”. Şu sözleri
beýik ussadyň özi hakyndadyr diýip düşünmeli däl. Durmuşda
käbir adamlar öz ýaramaz häsiýeti, zalymlygy bilen jahana
tanalyp biler.

Sekizinji setirde:
“Degirmen deý bangir men, semender deý ataşhur”. “Bangir”
sözi “ses etmek”, “gykylyk etmek” (degirmeniň güwwüldisi ýaly)
bolup, “Semender” guş ady. Gadymy rowaýatlarda ýazylyşyna
görä, ol hemişe otda ýanýarmyş. Onuň derisinden telpek tikseň,
kirlän wagty oda taşlasaň, kiri ýanyp, özi arassa bolýarmyş.
Magtymguly ussat bu ýerde “Meni otda ýakyp arassalaýmasaň,
kirimden-günämden arassalanyp bilmen” diýýär.


19

7

2

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAY-HAN [1s]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 Şugün, 18:45

+0

Fantomas dademe yalpyllap duran layk menden


Özümiziňki
Fantom  (Şugün, 18:46) 

BAY-HAN, Gawuny getir gawuny! )


Premium
BAY-HAN [1s] (Şugün, 18:49) 

Fantom, gawuny Göwnejaý, Anora, Aurora we Dani üýşüp getirerler

 Premium
 Belki [1m]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 Şugün, 21:01

+1

Awtory sizmi? Hayran galmazlyk mumkin dal Magtymgula-da, ony teswirlap bilyanlere-de...
Elleri gozleri dert gormesin olaryn. Sol sanda sizinem.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁


30 jogaby iki gyz saylasa cagyryn meni biriniz 😁...dowamy...
Söhbetdeşlik | Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁
Senagul (Şugün, 21:07)

“SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ


Awtory sizmi? Hayran galmazlyk mumkin dal Magtymgula-da, ony teswirlap bilyanlere-de... Elleri gozleri dert gormesin olaryn. Sol sanda sizinem....dowamy...
Şygryýet | “SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ
Belki (Şugün, 21:01)

Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁


7. Agam....dowamy...
Söhbetdeşlik | Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁
Belki (Şugün, 20:59)

Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁


1 kamaz duz bar nirä düşürmeli?...dowamy...
Söhbetdeşlik | Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁
Garrybay (Şugün, 20:33)

Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁


Duzyň kg nç siz tarapda)...dowamy...
Söhbetdeşlik | Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁
Bezzat (Şugün, 20:14)

Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁


Yazardym jogap welin tanamoga sizi gaty gorman...dowamy...
Söhbetdeşlik | Her kim jogap ýazyp geçsin gyzykly sorag😁
Диамонд (Şugün, 19:58)

Peýdaly programmalar


Eger bar bolsa, Chrome hem goýaýda haýyş!...dowamy...
Kompiýuter (Software) | Peýdaly programmalar
Saparow (Şugün, 19:20)

“SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ


Fantomas dademe yalpyllap duran layk menden...dowamy...
Şygryýet | “SEDA BOLDUM” ŞYGRYNA DÜŞÜNDİRİŞ
BAY-HAN (Şugün, 18:45)

Menem sorag berip göreýin


bir topar wagty samsyklyga sarp etmek bu...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Menem sorag berip göreýin
Gownejay (Şugün, 18:28)

Siz üçin


Şu Fl Studio-ny aýdaýyn diýip ýördüm, öz ulanýanym gowy şulam. Kmp'dan Pot Player gowy. Onsoňam Format Factory programmanam goý buda faýllaryň fo...dowamy...
Kompiýuter (Software) | Siz üçin
State (Şugün, 16:51)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика