Premium Belki [off] Şugün, 03:53 Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Bu gün siziň haýyşlaryňyz esasynda çagalar bagynda 1,5-3 ýaş aralygyndaky çagalar bilen geçilýän sapaklar hakda durup geçmekçi.
Elbetde, muny okap köpüňiziň "Kiçijek çaga-da bir sapak geçilermi?" diýmekligiňiz mümkin. Ýöne meşhur şwessar pedagogy Pestalossi aýtmyşlaý, çaganyň doglan sagady ony okatmagyň ilkinji sagadydyr.
Pedagoglar we terbiýeçilere çagalar bagyndaky sapaklar, olaryň guralyşy hakda aýdyp oturmak derkar däl. Olar azyndan 3 ýyl bu işiň okuwyny okaýarlar.
Men bu gün öý hojalykçy zenanlarymyza we çaga terbiýesi bilen gyzyklanyp, bu ugurda bilim almadyk ene-atalara çagalar bilen öý şertlerinde nädip sapak geçip boljakdygyny öwretmek isleýärin.
1, 5 -- 3 ýaş aralygyndaky çaga bir hepdäniň dowamynda 7 gezek sapak geçilip, ol sapaklaryň dowamlylygy 8-10 minutdan ybaratdyr. Geçilýän sapaklar:
1. Duýgulary ösdürmek;
2. Bedenterbiýe. (Hepdede 2 sagat) ;
3. Surat;
4. Sözleýiş dilini ösdürmek;
5. Aýdym-saz;
6. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak
bolup, ýyllyk meýilnama esasynda geçilýär.
Duýgulary ösdürmek sapagynda matematikanyň düýbi tutulýar. Munda çagalara predmetleriň reňki, ululygy-kiçiligi, tapawutly aýratynlyklary (meselem, top ýeňil, oýnawaç agyr we ş.m) öwredilýär.
Bedenterbiýe sapagynyň özboluşly guralyşy bolup, olam eýýäm başga söhbetdeşligiň temasy. Gysgaça aýtsam, çaga hökman her sapakda bir hereket öwretmeli. 1,5 ýaşdaky bakja toparyň çagasy bilen ilkinji hereket emedeklemek. Ondan soň çaganyň ukybyna görä ýöremek, çalt ýöremek, ylgamak ýaly hereketler geçilmeli. Çagaň ýaşy artdygyça goýulýan hereketler hem kynlaşdyrylmalydyr. Sapagyň soňunda uludan dem alyp, demi goýbermek arkaly dem alyş maşkyny ýerine ýetirtmegi ýatdan çykarmaň!
Surat sapagynyň hem guralyşy beýleki sapaklardan çala üýtgeşik. Degişli ýaşdaky çagalara çekdirilýän ilkinji suratlar kagyzyň ýüzünde gytak çyzyk çyzmak, ýagyş çekmek we ş.m-ler ýaly aňsatjak suratlardyr. Esasy bilmeli zadymyz, çaga suraty çekdirenimizden soň hökman suraty synlap, "Berekellasyny" ýetirmelidir. Öýüňiziň ýörite bir burçunda çaganyň çeken suratlaryndan "sergi guramak" arkaly ony bu sapaga höweslendirip bilersiňiz.
Sözleýiş dilini ösdürmek sapagynyň esasy maksady çaganyň söze düşünmekligini, doly we dogry aýtmagy başarmaklygyny gazanmak we çeper sözleýşini kemala getirmekdir. Bu sapakda siz mümkin boldugyça az geplemelisiňiz. Bu sapagyň wezipesi çagany gepletmekdir. Sapakda "Oýnawaçlar" "Meniň otagym" "Gap-gaçlar" we ş.m-ler ýaly çaganyň gündelik durmuşyndan temalar geçilýär. Çagany gepletmek üçin köpräk söhbetdeşlik guraň. Oňa "Howwa" ýa "Ýok" diýip, bir söz bilen jogap berjek soraglaryny däl-de, uzagrak sözlem düzüp biljegi soraglary beriň. Meselem: "Seniň otagyňda nämeler bar?"...we ş.m. Ýeri gelende aýtsam, çagany gepletmegiň iň gowy ýollarynyň birem surat görkezmekdir. Çaga ýaşyna görä suratlar görkezip, olarda nämeleri görýändigini soraň.
Aýdym-saz sapagynyň (degişli ýaşdaky çagalarda) baş maksady çaganyň ritm duýgusyny ösdürmek, saza görä hereket edip bilmegini gazanmakdyr. Çaga her sapakda bir saz diňlediň. Soň şol saza görä ellerini, aýaklaryny nädip hereketlendirip biljegini öwrediň.
Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak sapagynda çagalara tebigatymyz hakda gürrüň berlip, ony söýmek we goramak öwredilmeli. Bu sapagy mümkin boldugyça açyk howada gurnamak gyzykly boljakdyr. Bu çagada hem tebigata söýgi döreder hemem pasyllar bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Sapaklary nähili guramaly? Sapaklar 6 sany etapdan ybaratdyr.
1. Guramaçylyk döwri (Döwlet nyşanlarymyz, pasyllar, hepdäniň günleri hakda soramak)
2. Geçilen temany gaýtalamak: (geçen sapagyň temasy hakda durup geçmek)
3. Täze temany düşündirmek (şu günki sapagyň temasy)
4. Bedenterbiýe pursady: (çagany ýerinden turuzyp, gyzyklyja goşguly ýa aýdymly maşk etdirmek arkaly dynç aldyrmak)
5. Täze temany berkitmek: (dürli ýollar arkaly)
6. Sapagy jemlemek (çaga sapaga gowy gatnaşandygyny aýtmak we sagbollaşmak)
Sapaklar hakda iň esasy bilmeli zadyňyz her sapakda azyndan 2 sany öwrediji oýun oýnatmalydyr. Meselem: "Jadyly haltajyk" oýny.
Miweleri öwredýän bolsaňyz, haltajygyň içine miweleri salyp, çaga halta seretmän çekmegi tabşyryň. Çykan miwäň adyny aýtdyryň. Bu oýny köp temalarda oýnamak mümkin.
Sapak geçenňizde belli bir oturýan ýeriňiz bolsun. Günde sapakda şol ýerde oturyň. Çaganyň sapaga çynlakaý garamagy üçin gerek şertlerden biri hem şoldur.
Men bu ýerde 1,5-3 ýaşly çaga bilen sapak geçilşini gürrüň berdim. Eger-de has ulular bilen gyzyklansaňyz teswirlerde belläp bilersiňiz.