![]() 35 |
![]() 16 |
![]() 4 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Ey gitjekdal ozin git
Haladm gosgyny sps yetirip dur
Jasmin, axa ozm gidern 😓
Bolia yetirip durarn basardygyndam
Ýör, gideli ejemlere
Basdaş uýam, boýdaş uýam,
Ýör, gideli ejemlere.
Bolsa bolsun öý daş uýam,
Ýör, gideli ejemlere.
Synlap boýun arpamyzyň,
Halyn sorap körpämiziň.
Bir gün taşlap gyrpamyzy,
Ýör, gideli ejemlere.
Ejem ýerne garşy aljak,
Gelnimiz bar gaty alçak.
Süýji, köke,gat-gat aljak,
Ýör, gideli ejemlere.
Yatlap kakam hem ejemi,
Aýat okap şat edeli.
Çagalygy ýat edeli,
Ýör, gideli ejemlere.
Yoda tiken bitmez ýaly,
Geçmiş bolup gitmez ýaly.
Mamalary ýitmez ýaly,
Ýör, gideli ejemlere.
Awtor:???
Mizan, berekella
Awtory Mahym Nurgeldiyewamy)
Bezzat, bilemok kitapdan aldym awtory yazylgy daldi