Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Mugt zada soygi diyyadik olam indi pullynky...

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Mollasumakdan
 Täzeje
 Watjik [off]
 Düýn, 21:46
 Bütin şäher ýũzüm göresi gelýä (oňaýyň)

Ýeñil eklenç girdi onuñ düýşüne,
Tapjak bolup agram saldy huşuna,
Sowuklygam geldi onuñ işine,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Sylasynlar diýip sakgal goýberdi,
Gyýma balak bilen dony hem geýdi,
Telpegem geýmeli içinden diýdi,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Metjide barmaly asly päk ýürek,
Şu zady bilmeklik hemmä-de gerek,
Hudaýam aldajak bolma biderek,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Elham, Yhlas sürelerin ýat tutdy,
Manysyna düşmän söhbetem etdi,
Bilýänsirän bolup çeninden ötdi,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Kündügini süýräp syrtyny ýuwdy,
Şondan soñ özüni arassa duýdy,
Ýüregniñ kirini ol kime goýdy,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Sadaka eşitse şol ýere ýetdi,
Tebärek okajak ugruny tapdy,
Näçe berer diýip pikire batdy,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Şeýle mollasumak dünýäni tutjak,
Gurhany ters öwrüp yslamy ýakjak,
Puluñ ujun görse doñuzam bakjak,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Akýürek mollalar bu diniñ bady,
Gurhan ýaragydyr yslam binýady,
Şu iki zat bolar diniñ kuwwaty,
Türkmen halas bolsun mollasumakdan.

Awtory: Wätjik


30

16

5

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 Düýn, 21:51

+0

tüweleme, ine zehin,
"modersumak" diýen ýaly bolupdyr

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 Düýn, 21:54

+0

pikirlerde ýazyşyp otyrka düzendir bu goşgyny, malades


Täzeje
Watjik  (Düýn, 21:56) 

BAY-HAN, indikide hokman

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 Şugün, 00:05

+0

Ýerine düşürüp azap çekiniň üçin ak ýürekden Like

 Täzeje
 Violetta [off]
  Her kesiği bıçak açmaz...#🖤
 Şugün, 00:08

+0

Gowu bolupdur

 Gerekli
 @menin_dunyam [11s]
  Gőzin arkada kalmasin!!!
 Şugün, 01:35

+0

Tapÿañay senem tuweleme

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Men razy dăldirin


Gowy goşgy eken......dowamy...
Şygryýet | Men razy dăldirin
madamee2508 (Şugün, 01:38)

Bir guni


Goşgylary bir ÿerden getrip awtoryny ÿazmak goşgyny ogurlamak bolÿar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir guni
@menin_dunyam (Şugün, 01:37)

Mollasumakdan


Tapÿañay senem tuweleme...dowamy...
Şygryýet | Mollasumakdan
@menin_dunyam (Şugün, 01:35)

Taparyn


Bir wagyt Nedir şa türkmenlere hooo beýik bagyň başyna kim birinji çyksa şony han bellejek diýende 3 günläp hiýçkim bagyň depesine çykyp bilmän g...dowamy...
Erkin mowzuklar | Taparyn
Fantom (Şugün, 01:16)

Geliňeý geliň


Bäh, inha aňsat like gazanmaň ýollary!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Geliňeý geliň
Fantom (Şugün, 01:11)

Geliňeý geliň


Haryt bermakan öñúnden pulyny alyañ ha...dowamy...
Erkin mowzuklar | Geliňeý geliň
Avtohuligan (Şugün, 00:30)

Geliňeý geliň


Menem bir layk gümpüldetdim ana...dowamy...
Erkin mowzuklar | Geliňeý geliň
Avtohuligan (Şugün, 00:29)

Mollasumakdan


Gowu bolupdur...dowamy...
Şygryýet | Mollasumakdan
Violetta (Şugün, 00:08)

Ýönekeýje sorag✨


Geliň soragy tersine öwüreli? Sizi kim gözlärdi.......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýönekeýje sorag✨
Perhat_Sabirovv (Şugün, 00:06)

Mollasumakdan


Ýerine düşürüp azap çekiniň üçin ak ýürekden Like...dowamy...
Şygryýet | Mollasumakdan
Perhat_Sabirovv (Şugün, 00:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика