Güýz ümsümligi.

Pearl [off]
08.09.2025 / 23:17
Güýz ümsümligi
Ümsüm otyr, agaçdaky guşlar-da,
Zenzele ýok, ýakynlarda, daşlarda.
Şeýle ümsümlikden az-kem neplenip,
Dynçlyk höküm sürýär sämän başlarda.
Käte şemal öwsüp gidýär ýüzüňe,
Güýz günleri — altyn reňkli tebigat.
Gözelligi görüp, gelýäň özüňe,
Tebigat ynsana berýär nesihat.
...Dynçlyk höküm sürýär sämän başlarda,
Zenzele ýok, ýakynlarda, daşlarda,
«Alada goýmaly» diýişen ýaly,
Ümsüm otyr, agaçdaky guşlar-da...
Medet MEDEDOW
«Esger» gazeti 📚
25.11.2021ý.
![]() 29 |
![]() 10 |
![]() 0 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýaňajygy çukurjam 
Sen geldiň, Men bildim. Gelşiňem gowy, Bilşimem gowy. - Gazetden yzyna gaýdan goşgym...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
Indi mowzik açmana bolarsyňyz zar... Admina gelenok, Moderator bar... )) Bolmasa üýşip ýazalýyň şoňa, Mümkin peýda eder, _Goýmalyň soňa...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
Näme sebäpden mowzuk açmakçy bolamda, "günlik limidiňiz gutardy" diýýär, hiç zat açmakaň nähili gutarýar!?...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
2011 bolsa men bardym şol döwürler saýtda...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...