Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bäş söhbet
Premium
 Perman [off]
 02.03.2024 / 09:07
 Yes-No

BIRINJI SÖHBET

SÖÝGI DURMUŞYŇ TÄJI

Türkmeniň ruhy medeniýetinde yşk hem-de söýgi belli-belli many halatlarynda bir-biri bilen doly gabat gelýän hem bolsa, olar, umuman, tapawutlandyrylmaly düünjelerdir. Yşk düşünjesi özünde juda çuňňur duýgy täsirliligini saklaýanlygy bilen tapawutlanýar. Bu aňlatma klassyky edebiýatymyzda, köplenç, ylahy söýgi manysynda ulanylýar. Ylahy söýgi bolsa Hudaýa gönügen bolsun, adama bildirilýän bolsun, tapawudy ýok, çuňňur ruhulyga ýugrulan hadysadyr. Söýgi meselesinderuhulygy meniň özüm pynhanlygyň alternatiwasy, hatda onuň gapma- garşylygydiýip bilýärin. Edil şonuö ýaly intimlikden mahrum söýginiň ýene bir görnüşi mähirdir.
Aýdaly, enäniň söýgüsi ýa enä söýgi intim bolup bilmez, ol arassa mähirdir. Şonuň üçinem ylahy söýgi hem, mähir hem erotik häsiýetden azat söýgüdir. Giň manyly söýgi düşünjesine men şol erotik manydaky söýgi, erkek kişi bilen aýal maşgalanyň arasyndaky söýgi hökmünde düşünýärin. Şeýle söýgä söýüşmeklik, aşyk-magşuklyk diýlipdir. Aňlatmalardan görnüňi ýaly, munuň ýüze çykmagy üçin ikitaraplaýynlyk gerek. Söýginiň esasy aýratynlygy onuň hylwatylygydyr.
Ikitaraplaýyn duýgy, duýgularyň sataşygy söýginiň hylwat meýdanynda
bolup geçýär. Hylwatylyk özgeler üçin, daşky dünýä üçin gizlinligi, ýaýyrynlygy, diňe iki adamyň baryp bilýän ruhy giňişligini göz öňünde tutýar.

Aşyga ne döwrandyr, hylwat ýerde gowuşmak. ________________________________________________(Magtymguly)
Biziň tutan ilimiz illerden özge bolsun. _________________________________________________(Kemine)
Çöl ýerlerde zaryn-zaryn aglaly. ______________________________________________(Zelili)
Dostlar, bu gün görüp, ýadyma düşdi, «Ýar-ýar» diýip Mežnun bolan ýerlerim. _________________________________________________(Seýdi)
Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp. ___________________________________________________(Mätäji)


Elbetde, şahyrlaryň eserleriniň tekstinden düşmän ýa ýokary galman pikir ýöretseň, gürrüň diňe duşuşyk, wysal ýerleri hakynda barýan ýaly. Emma biz tekstiň aňyrsyndaky ruhy anyklygy-da görmäni başarmalydyrys. Şonda atalarymyzyň ruhy bütin çuňňurlygynda hem bitewüliginde bildirer. Biz sözüň,onda-da poetik forma salnan sözüň, herhal, ruhy doly aňladardan ejizdigini ýatda saklamaly we sözi özümizden nämedir bir zatlary goşup, has çuňlaşdyrmaly,onuň düýbünde ýatan barlygy janlandyrmany başarmaly. Esere düşünmek, eserde aňladylan ýa-da sungatyň her hili şertliligi sebäpli ýarym aňladylan, çala aňladylan ruhy hakykatlara doly düşünmek diýmek, ony özboluşly suratda restawrasiýa etmek diýmekdir.
Hünärmenler bir wagtdan galan suratlary restawrasiýa edýärler. Şonda olar solan, has ýitip giden ownuk şekilleri täzeden janlandyrýarlar. Geçmişiň edebi eserleri babatda beýtmek öz janly duýgyňdan olara duýgy goşup, şol eseri ýazýarka, şahyryň ýüreginde möwç uran, emma şertlilik zerarly ýatyp galan duýgulara gaýtadan jan bermegi, ony bütin janlylygynda, reňbe-reňliginde dikeltmegi aňladýar.
şu nukdaýnazardan, ýokarky setirlerdäki hylwat ýer diňe bir çöli, düzi, ýagny
real giňişligi däl-de, ruhy giňişligi aňladýar. Hylwatlyk aşyk-magşugyň arasyndaky duýgy birliginiň häsiýetine we ahwalatyna öwrülýär. Bu hylwaty ruhy meýdanda diňe iki adam bar, munda üçünjä orun ýok. Aşyk bile magşugyň sataşygy şol magnit meýdanyny emele getirýär. Onsoň olar bir-birinden aýrylyşaýanlarynda-da, ol meýdan ýokluga öwrülmeýär, gaýta aýralyk näçe uzaga çekse, aradaky duýgy, ruhy arabaglanyşyk şonça-da güýçlenýär. Biri-birini ýürekden söýüp bilýän, biri-biri üçin Hudaý tarapyn ýaradylan aşyk-magşugyň arasyndaky şeýle göze görünmesiz, söýüp görmedikler üçin düşünmesiz şol duýgy arabaglanyşygyna-da, şol inçe ruhy reallyga-da söýgi diýilýär-dä! ªeýle inçeligi üçinem söýgi— bu hylwaty meýdan, bu iki ynsan üçin ýaradylan dünýä akyl bilen däl, ruhuň bilen ýetmeli hakykat bolup durýar. Ruhuň delili bolsa akylyň delilinden güýçli bolýar diýdik. Ruhuň hakykaty bolsa akylyň hakykatlygyndan
has hakyky hem düýpli hakykatdyr.
Diýmek, ruh käbirleriniň pikir edişi ýaly, bir akylyň hadysasy däldir, ruhy reallyga dahylly bolmak üçin pikirlenmäni däl, duýmany, syzmany başarmak gerek. Soňkular bolsa öňküden tapawutlylykda, dogabitdi beräýmese, soň terbiýeläp bolýan zatlar däl. Pikir endiklerini terbiýeläp bolýar, duýgy, syzgy bolsa endik däl-de, tebigylykdyr. ªu ýerdenem özboluşly bir basgançak bolan ynsan söýgüsiniň barlyk merduwanyndaky derejesi aýan bolýar— ol akyl basgançagy
bilen ten basgançagynyň arasyndaky bir reallykdyr. Söýgä akyl ýetirip bolmaýanlygy hem şonuň üçindir. Çünki islendik hakykata ýetmek, aralaşmak üçin onuň tebigatyna laýyk tebigatly, usully bolmaly. Söýginiň tebigaty akylyň tebigatyna laýyk gelmeýär. Bu — bir. Ikinji bir tarapdan, söýginiň ten hadysasy däldiginden köp adamlaryň çyn söýgi duýgusyndan mahrumlygynyň, oňa ukypsyzlygynyň emmasy görünýär: ten hem akyl ýaly gödek barlykdyr, onsoň adamlaryň köpüsi jynsy aragatnaşyga ukyply bolsalar-da, hakyky manydaky söýginiň duşundan geçip gidýärler. Sebäbi söýgi inçe, näzik barlyk. Söýgi ruhdur, ol bir lowlap ot alansoň öçmeýär.
Ýöne inçe söýginiň döremegi üçin oňa gatnaşyjylaryň ýöne bir ten göwresi däl, eýsem ruhy göwre, ruhy şahsyýet bolmaklary zerurdyr. Olar ruhy taýdan umumy köpçülikden saýlanan şahsyýetler bolmaly. Haýsydyr bir manyda ten gaýtalanyp, meňzeşlige sezewar hem bolup biler. Emma ruh gaýtalanmazdyr. Elbetde, söýgi aslynda ten duýgularyna esaslanýar. Ýöne söýgi ol duýgularyň belentlige galyp, ruhlanyş derejesidir. ªonuň üçinem öýlenmäge— durmuşa çykmaga, çaga öndürmäge hemmeler ukyply bolsa-da, söýgä ähli adamlar ukyply däldirler.
Söýgi barlyk meýdanydyr. Bu barlyk meýdanynda ýaşaýyş hyjuwy özüniň iň aňrybaş dartgynlylygyna hem mazmunlylygyna ýetýär. ªahsyýet hökmünde adam özüniň barlygyna, hakykatlygyna akyl hem göz ýetirýär. ªahsyýetiň içki
O. ÖDÄÝEW 145 dünýäsinde bolup geçýän şu hili üýtgeşikligi bir jümle bilen— türkmençe «Dünýä täzeden gelen ýaly boldum», «Bir ýaşan ýaly boldum» diýen jümleler bilen aňlatmak mümkin. Durmuşyň adaty akymynda duýgular täsirsizligi, gyzyksyzlygy bilen häsiýetlenýär. Duýgular, hamana, öňem birnäçe gezek ulanylan,
täzeligini, terligini ýitiren zada, aýdaly, geýlip-geýlip sary çykan eşige meňzeýär. Çyn söýgüde bolsa adam gaýtalanmaz duýgularyň üsti bilen ýaşaýşyň terligini, dünýäniň asylbaşky eldegmedikligini dadyp görýär. Bu ýerde dynnym ýalyjak hem duýgy galplygy, ýasamalygy, göwün kimri ýokdur.
ªeýle lezzetli ruhy ahwalat, elbetde, her bir adamyň söýgüsine miýesser edip durmaýar. Ondan-da beter, miýesser edäýenliginde-de, ol juda seýrek hem özem garaşylmadyk, öňünden oýlanylmadyk halatynda bolup geçýär. Söýginiň arzysy-da, dady-da, adam erki tarapyndan boýun egdirilýän, deslapdan belli bir maksatlara ugrukdyryp bolýan akyldyr pikir bile bir ýere sygyşmaýanlygy, oňşuksyzlygy, söýginiň akyl serişdesi bolan dil bile düşündirip bolmaýanlygy duýgularyň şol boýnuýogynlygyndan, adam erki babatdaky aýrybaşgalygyndan gelip çykýar. Söýgüde duýgular ilkibaşky päkligini, tebigylygyny, päkizeligini saklaýar. Duýgynyň şu alamatlaryny adam juda seýrek halatda başdan geçirýär. Soňra ol munuň üçin beýle bolýanlygyny-da düşündirmäge ukypsyz bolýar. Duýgularyň bize näbelli bolup galýan haýsydyr bir çylşyrymly sepleşiginden, utgaşygyndan şol seýrek ýaşaýyş hyjuwy, göwün däliligi ýüze çykýar. Söýgi ylhamy öňünden kesgitläp, ölçäp-biçip bolmaýanlygy bilen döredijilik ylhamyna meňzeşdir. ªahyr näçe çytraşsa-da, näler özelense-de, bir halatda ýeke setir hem ýazyp bilenok. Gaýta ol özüne, zehinine buýurjak, ýazdyrjak bolup agram saldygyça, bu zehin taýdan “gysyr kişiniň” özüne jebir edişi ýaly hossa öwrülýär. Ýogsam, göräýmäge, nämedir bir zat döretmek üçin ähli gerekli zatlar: pikir hem, döretmek islegi-de, sagdyn hem dynç bedendir kelle-de, boş wagt hem bar. Emma, teý, ýazylanok. ªahyryň öňüne alan kagyzy hem öňki aklygyna galýar. Iň esasy bir zat, onuň erkine asla bagly däl, bu bagly däldigi bilenem ony hem kejikdirýän, şol bir wagtda-da ony juda buýsandyrýan— ol bu ýerden özüniň hemmelere asla-da nesip etmeýän ýokardaky bir beýik güýç bilen dahyllydygyny aňlaýar— bir itergi ýetenok.
ªahyr döretmeýän wagty-da “bagtlydyr”. Bu zenan üçin göwreliligiň, göwre sinde çaga göterip ýörmegiň ýakymlylygy ýaly bir zatdyr. Emma bu adatydakysyndan artykmaç fiziki hossa, şahyr babatynda bolsa artykmaç ruhy hossa bilen baglanyşykly ejirli bagtdyr.
Ine, biz şu soňky jümlede— kesgitlemede ýaşaýyş fenomeniniň manysyna, ruhuň ölçegine salnan manysyna gelýäris: ýaşaýyş— ejir bile bagtyň, hossa bilen lezzetiň, ajy bilen süýjiniň şol bir wagtda, bir demde ýüze çykmasydyr. Bu jübüt ölçegler ýaşaýşy birtaraplaýyn çygra salyp bolmaýandygyny görkezýär. Ýöne adam öz tebigatynyň aýratynlygyna görä ol jübütleriň haýsy hem bolsa bir tarapyny oňlaýar, beýlekisini indiki durmuş öwrüminde gabatlaşmak üçin duşundan geçirýär, çünki olaryň ikisini-de birden aňlamak adam üçin ýaşaýşy mümkin däl ederdi.
Ýaşaýyş oňynlyk bile tersinligiň utgaşygy bolsa, söýgi wulkanyň atylyşy kimin şol utgaşygyň aňrybaş dartgynlylyga ýetmegidir. Söýginiň türkmen baharynyň gülälegi kimin, ömri gysga many hem lezzet dokmädeligini başdan geçirmek üçin adatylygyň ikindiniň kölegesi ýaly uzyn many hem lezzet garyplygynyň içinde ýaşamaly bolýarys. Asyl duýgularyň joşguny bolan söýginiň adam ömrüniň uzynlygyndaky orny şeýledir. Söýgi duýgular arkaly aňlanylýan ylham, many hem azatlykdyr. Bu ruhy düşünjeleriň üçüsiniňem çeşmesi bolsa gözellikdir.
SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET
10. Sargyt ¹ 2851 146
Gözellik hakynda tymsal gatyşykly hekaýatjygy gürrüň bereýin.
Bir baý kişi gaty owadan gyza aşyk bolupdyr. Baýlygyna buýsanýan, minnetli bir adam eken. Emma gyz hem juda ahlakly, päkize bir maşgala bolupdyr. Onsoň özüne taý däl, öz deňi-duşy däl adamyň özi babatdaky gelşiksiz niýetinden habarly bolan gyzyň kalbynda ýakymsyz duýgy döräpdir. Başga alajy bolmansoň, gyz baýyň hyjuwyny öçürmegiň özüçe çykalgasyny tapypdyr: ol özüni jebre tutup, özüne zor salyp, ýörite horlanypdyr. Öňki gözellikden, bilen baglanyşyklydyr.
Yşk— adamyň ruhy kämillik derejesidir. Yşga düşen adam ýönekeý indiwidden ýaşaýşyň we ömrüň manysyny gözleýänligi, dünýäniň manysyna meşgullygy bilen tapawutlanýar.
Yşk— ruhy ahwalat hökmünde durmuşyň boş gaýtalanmasyny inkär etmekdir. Adamlaryň köpüsi özleriniň gyzyklanmalary boýunça adatylygyň çäginden çykman ýaşaýarlar. Köpçülik maddy hem ten hajatlarynyň emrine we talabyna boýun bolup ýaşaýar. Ýürekde üýtgeşik joşgun, köňülde adatdan daşary hesret, akylda bolsa üýtgeşik bir many bolmaýar. Beýle adamlar üçin ömür endige öwrülýär.
Endik— manysyzlygyň gaýtalanyp durmagy. Beýle adamlar üçin ömür hälki
bir gezegini, nobatyny geçirmek bolup durýar. Onsoň adam daşyndan— filosofik manylylygyň nukdaýnazaryndan bakanyňda, elde ýasalan bir ýasama gurala çalym edýär. Özüniň şeýle ruhy, has dogrusy, ruhsuzlygy halatynda adam üýtgeşik döredijilik ymtylmalaryndan, ukyplaryndan mahrumdyr. Ömür manydan hem mahrumdyr. Ruhy şahsyýetiň, ruhy iterginiň ýok ýerinde many hem ýokdur.
Many— ruhuň dokunmagydyr we dokmädeligidir. Ýaşaýşyň üzresinden many SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET 10 * 148 almak bile ruh ömürden— ýaşaýyş prosesinden kanagatlanma hem karar tapýar, adamyň göwni dokunýar. Yşk adamyň diňe tenini dokundyrmak, doýurmak bilen oňňut edýän endigiň aýşy-eşretsiz, ýürekgysdyryjy galasyny zabt edýär. Türkmeniň ýaşaýşa höwesliliginiň aňyrsynda yşk pelsepesi ýatýar. Yşk— ruhanalygyň filosofik taýdan esaslandyrylmasy we filosofik taýdan gurnalmasy. Ol türkmen ruhunyň esasy binýatlarynyň biridir. ªonuň üçinem türkmen ruhunyň göze görnüp duran hem göze görünmeýän täsin aýratynlyklaryny aňlamakda yşgyň örän möhüm paýy bar.
Yşgyň durmuşdaky ähmiýeti hakynda aýtmaly bolsa, şeýle diýmelidir:
Yşk — göwnüçökgünligiň, lapykeçligiň we umytsyzlygyň ganym duşmany. Yşk — ruhubelentligiň ýarany, ganaty. Yşk — ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi. Yşk — ýaşaýşa gyzykmak, ömre höwes, durmuşa söýgi. Yşk — ýaşaýyş höwesinden we ömrüň manysyndan ät galan adamlaryň derdine derman. Yşk bilen adam hem, millet hem halas bolýar. Yşk pelsepesini öňlisoňly, akylly-başly işläp bilen türkmen ruhy milletiň uzak döwrüň dowamynda
taryhy işjeňligini saklamaga ýardam edipdir. Yşk milletiň içki ruhy hereketlendiriji güýji bolupdyr

Köňül_joşa_gelmez,_til_hem_sözlemez, Her_ýürekde_yşkdan_köz_hem_bolmasa.
Adamyň, edil şonuň ýaly-da diýip, özümizdenem goşalyň, milletiň hem daşky janlylyk hereketleri babatda yşk içki iterginiň, wagt hem giňişligiň ýaşaýyş formasy bolan hereketlilik babatda içki ontologik esasyň wezipesini ýerine ýetirýär. Yşk ruhuň hem teniň arabasy üçin fizikleriň «baky dwigatel» diýýäni ýaly bir zatdyr. «Köz» aňlatmasyny tükenmez energiýa çeşmesi diýip düşünmeli.
Ruhy ýaşaýşyň işjeňliginiň, baýdygynyň hem köpreňklidiginiň esasynda yşk ýatýar. Çuňňur pelsepeler, täsin pikirler, köňlüň düýpli hem aňk ediji dolupda şmalary şol esasyň bar ýerinde mümkindir. Gadymy ýunan filosofiýasy, Müsür, Tibet, Meksikan piramidalary, azym-azym medeniýetler, beýik poeziýa, sungat hem pelsepe— bularyň bary gadymkylaryň yşgyndan nyşandyr. Yşk— döredijiligiň ählumumy formasy we formulasy — döredijiligiň umumy filosofik kesgitlenmesi. ªu ýerde durmuşdaky bar bolan ýazylanu-ýazylmadyk kanunlar hakda gürrüň etmegimiz gerek. Kanun zatlaryň hem hadysalaryň arasyndaky ählumumy baglanyşyklardyr. Kanun — barlygyň ýaşaýyş hökmürowanlygy.
Biz — Adam atanyň ogullary şol ýazylan hem ýazylmadyk
kanunlara esaslanyp ýaşaýarys. Ol kanunlar biziň ahlak gatnaşyklarymyzyň örüsi, ol kanunlary üç topara bölmek mümkin:
1. Hudaýyň kanunlary.
2. Tebigatyň kanunlary.
3. Adamlaryň kanunlary.
ªol üç ugurda hereket edýän ýeke-täk kanun bar, olam yşgyň kanunydyr. Hudaýyň, tebigatyň hem adamyň barlygynyň mazmuny döredijilige syrygýar, olaryň üçüsi-de döredijidir, yşk mynasybetli döredijilerdir.
Meniň pikirimçe, yşk gymmatlygyny adamyň bahasyny kesgitlemegiň baş
ölçegi edip almaly. ªeýdip alynsa, adamyň manysyna iň düýpli filosofik kesgitleme berip bolýar.
Biz «ýagşy adam, ýaman adam» diýip adam ömrüniň hiline baha kesmegiň ölçegine juda bir öwrenişip gidipdiris. Men adama baha berlende «ýagşy, ýaman » diýip däl-de, «yşga düşen adam, yşga düşmedik adam» diýip bölünse, has jüpüne düşerdi diýip pikir edýärin.
O. ÖDÄÝEW 149
Pikirimi esaslandyrmaga synanyşaýyn: yşga düşmek ukyby— ýagşylyk etmäge ukyplylygyň ruhy-filosofik esasydyr, yşkdan mahrum galmak bolsa ýagşylyga, haýra adamyň zandy boýunça ukypsyzdygyny hem maýyl däldigini görkezýär. Ýüregi yşksyz kişi ruhubelentlikden binesip bolýar, kalby bigörklügi hem binyşanlygy bilen tapawutlanýar. Köne şahyrlarymyz şeýle adamyň köňlüni gaty daşa meňzedipdirler, ýaşaýşyň baky çeşmesini — suwy daşyň üstüne näçe guýsaňam, onda ot gögermeýär, jan fenomeni döremeýär. Onuň gahatlygy dünýäni daraldýar, mazany alýar. Yşga düşen adamyň ruhy bereket çeşmesidir. Ol haýra-da, gözellige-de, döredijilige-de, hereketlilige-de ukyply bolýar. Islendik şer, islendik erbetlik dirilige hem ýaşaýşa kast edilmegi bolup durýar. Kalby yşkdan doly kişi erbetligiň, ýamanlygyň asyl köçesindenem geçmez. Onuň ýarany gowulykdyr.
Biz adam ömrüne ýaşlyk garrylyk diýip baha kesýäris. Munuň asla-da ruhy kesgitleme däldigi görnüp dur. Meniňçe, barlygyň baş kanuny bolan yşgy goşmak bilen, çünki islendik kesgitlemäniň göwnejaýlyk derejesi onuň mümkingadar
has düýpli, has ählumumy esasa daýanýandygyna baglydyr, şonuň üçin adam ömrüni şu üç bölege bölmeli:
* yşga çenli ömür;
* yşkdaky ömür;
* yşkdan soňky ömür.
Adamyň beden hem ruhy bikemallygyny ýa kämilligini, paklygyny ýa taplananlygyny ahyrky netijede garrylyk-juwanlyk kesgitlemeýär. Siz meniň bu pikirim bilen ylalaşarmykaňyz diýýärin. Döretmäge ukyplymy ýa-da ukypsyz, ine, kämilligiň esasy ölçegi şu bolmaly. Bikemallar we ukypsyzlar özleriniň mazmuny boýunça ölümiň ýaranlarydyr, bu gün bolmasa-da, ýakyn günlerde gujagyna doljak rezerwleridir.
Elbetde, klassyky türkmen ruhunda döredijilik diýilýän zadyň sungat däl-de, ruhy-filosofik düşünjedigini okyjy aňlandyr. Yşga düşen, dörediji şahsyýet— bu alym hem bolup biler, daýhan hem bolup biler, döwlet işgäri hem bolup biler. Gep hünär hakda däl-de, şahsyýetiň ruhy ukyplylygy barada barýar. Dörediji şahsyýetiň esasy ruhy sypatlary iki sanydyr— ýalňyzlyk we dözümlilikdir. Döretmek
üçin, bolmanda şertli manyda, ýalňyzlyk, özüňi wagtlaýyn töwerekden çetleşdirmek gerek bolýar. Ruhuňy dürsemek, içki energiýaňy tijemek, toplamak we ýüze çykarmak üçin ýalňyz bolmak gerek. Beýik Magtymgulynyň: “Köňül_aýdar,_halkdan_galyp, Gezsem_daglar,_daşlar_bile...”__ diýen sözleriniň ägirt ruhy manysy şondan ybaratdyr. Öz-özüň bile ýüzbeýüz bolmak döredijiligiň baş psihologik şertidir. Öz-özi bilen ýalňyzlykda galyp bilmeýän, halkyň arasyna miweli, hasylly gaýdyp gelmek üçin halkyň içinden çykyp gitmäni başarmaýan adamdan köp zada garaşmaň. Düýe semremek üçin ýitýändir. Könelerimiziň tenhalyk, hylwatylyk diýýänleri şol ýalňyzlyk, wagtlaýyn köňül üzňeligidir. Geň galmaly zat, ýalňyz galmak islegi hatda janly-jandarlarada mahsusdyr. Durmuşda görensiňiz, sygyr hem gölelejek, düýe botlajak bolanda, daş-töwereginde adam-garanyň, gözüň bolmazlygyny isleýär. Bu ýöne bir gyssanmak däldir. Bu döredijiligiň hem yşgyň kanunydyr.
Hatda Hudaý hem dünýäni ýalňyzlykdan we ýalňyzlykda ýaradypdyr.
Yşga düşeniň ikinji sypaty— öz-özüňe dözümlilik. Döredijilik çaga dograndaky ýaly ejirlilik bilen baglanyşykly. Öz-özüne dözüp bilmeýän, özüňi döwüp, gysaja salyp bilmeýän, özüni awundyryp, howaýy höwesini gynap bilmeýän adam döredip hem bilmez. ªu pikirimi ýekeje bir mysal bilen baglanyşdyraýyn. Ýazyjy romanyny bir däl, iki däl, üç däl, käte on-on bäş gezek hem göçürýär. Galyň SÖÝGI HAKDA BĪ SÖHBET 150
kitaby göçürip çykmagyň nähili hupbatly işdigini bir göz öňüne getiriň, on-on bäş-ä diýmäýin, galyň kitaby bir gezek göçürip çykmak hem size gaty garaňky hem güzaply görner. Ýöne bu iş ýazyjy üçin garaňky hem däl, güzaply hem däl, ýazyjy işinden, güzapdan köpleriň tapmaýan zadyny tapýar— lezzet alýar. Çaga dogurmak hem aňsat däl, ýöne onuň lezzetine diňe aýallar düşünýär. Erkek kişilere bu lezzet düşnüksiz.
Köne şahyrlarymyzda yşk epitetleri aýdylýan ejir bilen baglanyşykly.
Yşk ody— yşk ody bilen men öz ýüregimi, synamy daglaýaryn, özümi ýandyrýaryn,
şol oda bolsa buzdan sowuk dünýä çoýunýar: Ejiri— maňa, Höziri— ile. Yşk derýasy— yşk derýasy möwç urup alyp barýar, onuň joşgunynyň, hyrujynyň, möwjüniň netijesi iliň paýydyr. Yşgyň_owazasyn_diňle_daşyndan, Jan_jebrinden_gorksaň,_barma_başyndan. Yşk mekanynyň baş görnüşi— çolalyk. Eger adam ýalňyzlykda öz-özi bilen ýüzbe-ýüz bolýan bolsa, çolalykda ol dünýä bilen pete-petleşýär. Dünýä bilen ikiçäk galýar. Men hemişe köne şahyrlarymyzda, ylaýta-da sopy şahyrlarda dünýädäki kosmiki aňlaýşyň ölçegleriniň barlygyna haýran galardym. Nesimini ýa Magtymgulyny okanyňda, birhili, asman gämisini münüp, Zemine ýokardan garaýan ýaly geň duýgyny başdan geçirýärsiň. Emma ol wagt hiç hili asman gämisi bolmandyr ahyryn?! Oýlanyp otursaň, beýle ruhy ahwalat, ruhuň Asmana çykyp howalanmagy wagtyň hem giňişligiň çäkleriniň juda kiçelmeginiň hasabyna bolýar eken. Ýöne şeýle kiçeliş daşky dünýäniň täzeden gurnalmagy arkaly— tehnika arkaly däl-de, içki dünýäniň— ruhuň metamorfozasy arkaly gazanylýan eken. Başgaça aýdylanda, demir guşy dälde, köňül guşy asmana galýar: Köňül_guşy_uçup_gitse_her_ýana Mätäç_etme,_ganat,_guýruk,_ýelege. Munuň aňyrsynda-da çagalyk ýatyr. Adam sähralar, daglar, düzler bilen ýüzbe-ýüz galýar. Olaryň keşbinden many okaýar. Aýdyşlaryna görä, Mäne baba ýedi ýyllap ýalňyzlykda Haweran düzlüginde sergezdan gezipdir. Onuň ruhy ahwalatynyň özünden dokuz ýüz ýyl soň Gäwers düzlerinde gezen Gurbannazar Ezizowyň, Akmyrat ªirowyň ruhlaryna juda meňzeşdigine üns berdiňizmi?! Türkmen sährasy häzirki şahyrlarymyz üçin hem yşgyň asyl meýdany bolmagynda galýar.
Düýnki ýagan ýagyşdan soň, dünýäniň ýüzi durmuşa täze çykan gyzyňky deýin durlanypdyr hem terlenipdir. Gök asman çüýşe ýaly ýaldyraýar. Terlikden soň ýylylyk paýlaýan Günüň barha ötgür tyglary janly-jandary oýarypdyr. Hažžyklar, suwluganlar, mör-möjekler üçin dünýä hezillik. Bularyň diline hem ruhuna düşünip
ugran adam indi bu ýerde ozalkysy ýaly keseki hem bigäne däl, ol özüni öz mekanynda
duýýar. Bu ýerde ne üstüňe abanýan howp, ne-de bir duşman bar. Ýedi
ýyllap bu sähra, bu jandarlara dogan bolup gezen Mäne baba «yşk hem azatlyk birdir» diýen beýik pelsepäni döredipdir. Ol ýaşaýşyň manysyna, sähranyň diline düşünip, azat bolupdyr. Ölüm gorkusyndan, dargursak pikirleriň şumlugyndan azat bolupdyr. Eýsem şu setirler hem ölümden azatlyk dälmi näme! Adam_ölüm_diýip_tapypdyr_bir_zat. Ölüm_näme? Tebigata_garylmak. Gül_bolup_bahara_getirmek_şöhrat, Daň_säherler_pyntyk_bolup_ýarylmak.
O. ÖDÄÝEW 151 Yşk_şeýdip_bakylyk_sapagny_berýär. Yşk_adamy_azat_edýär.
Elbetde, yşgyň filosofik hakykatlarynyň adaty durmuşyň diline geçirip bolmaýandygy
yşgyň gündelik, praktiki zerurlygyndan mahrumlygynyň delili bolup bilmez. Ruh näçe çuňlaşdygyça, ol durmuş zerurlyklaryna jogap bermäge şonça-da ukyplydyr.
Türkmen ruhunda yşk— her pursat hem mydama Allatagalanyň ýadynda bolmak— Hudaý bilen bile bolmak diýlip düşünilipdir. Ýöne yşgyň aýratyn ýiti syzylýan aýry-aýry pursatlary bolupdyr. Bu pursatlar, esasan, üçdür. Gussaýy pursatlar— iki dünýäniň serhetleriniň has ýiti duýulýan pursatlarydyr. Bular säher, iňrik garalan wagty we gije ýarydyr.
Säher. Çolalyk. Ýalňyzlyk. Dünýäde senden başga hiç kim ýok. Älem oýanypdyr, adamzat, hamana, ýok ýaly uklap ýatyr. ªeýle gussaýy pursadyň tötänligi şundan ybaratdyr: ol Adam atanyň pursadydyr. Adam ata jennetden Ýer ýüzüne kowlup, säher bilen oýanýar. Dünýäde entek ýekeje, birje Adam bar. ªol wagt onuň gursagynda nähili duýgular elendikä?! Ümsümlik. Gijäniň perdesi entek doly syrylyp ýetişmänsoň, dünýäde bir reňk— gara bilen agyň aralygyndaky reňk bar. Jennetiň reňbe-reňliginden soň bu reňk, has dogrusy, reňksizlik, jennetiň owazlaryndan soň bu ümsümlik onuň gursagynda bir erbetligi wada berýän, bir ýaramazlyga yşarat edýän duýgyny döredýär. Galagoplugyňa duýgudaşlyk eçilýän ýüreksiz hem hasratyňa ses bermeýän sessizje şemal şum habarçy bolup ýüzüňe durýar. Onuň şumlugyndan bu ýerde wagtyň hem ölümiň, garrylygyň hem mejalsyzlygyň bardygy hakyndaky habar okalýar. Düýnki urgudan ýüregi entegem ýerine gelmedik, gaýta gabadyndaky dünýäniň düşnüksizliginden hem syrlylygyndan howsalasy artan Adam birden başyny ýokary galdyrdy. Ýokarda-da ýarym tegelek reňksiz gapakdan başga dadyňa ýetişjek zat görünmedi. Birdenem onuň gözi jennetden kowulmagyna sebäp bolan bugdaýa menzeş ýylpylda düşdi. Onuň şuglasy şeýle ýitidi, onuň manysy şeýle bir aňyrdan hem alysdan gaýdýardy welin, Adam Alladan bir yşaratdyr, ilçidir öýdüp, nädip dyza çökenini hem bilmän galdy. Bu säher wagty dogýan Kerwengyran ýyldyzydy.
ªeýle gussaly pursatlarda adam ata-babalaryň ýürek duýgularyna gaýdyp barýar.
Säher wagty perişdeler, gijäniň ýarynda bolsa öwlüýäler gezýärler. Bu şahsyýetler şol pursatlarda ýaşaýşyň hem bakylygyň ruhy manylarynyň açylýandygyny aňladýarlar. Baryp beýik alym al-Gazaly perişdeler älemiň ählumumy kanunalaýyklyklarynyň şahsyýetleşmegidir diýen manydaky bir pikiri aýdypdyr. Degişli pursatlarda adam dünýäniň manysyny akyl bilen däl, ruh bilen alýar. Iňrik dünýäniň gapysyny ýapýar, gije älemiň derwezelerini açýar. Çäkli Ýeriň üstünde oturan adam çäksiz älemi görüp, göwnüni bölýär. Ol bakylyk ideýasyny döretdi. Ol ruhy ideýa bolsa edil merduwan kimin adamyň hakyky bakylygyna menzil boldy. Gije özüniň garaňkylygy bilen syrlylygy hem gorkunçlygy, säher özüniň çolalygy bilen nury hem imany wada berýär. Osman_ÖDÄÝEW (Dowamy_bar)


95

14

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Dreamfull [off]
 02.03.2024 / 09:09

+0

ozin yazdynmy ya kopimi


Premium
PeRMaN  (02.03.2024 / 09:19) 

Dreamfull, Pdf Kitapdan gördm


Täzeje
 (02.03.2024 / 09:25) 

Perman, Sohbedin ilkinjisini yshkdan bashlaberipsin


Premium
PeRMaN  (02.03.2024 / 11:52) 

Dreamfull, Anyk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


Programmanyn yatda saklanan gornusi seyle yazgy bilen yazylandyr!!! cc.ilkinji programmanyn yazylsy.c yada saklanyslydyr su!!...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:15)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


Programmanyn yazylys gornusi...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:13)

At yazmak


gyzlardan Hayat ady ohlanam Begenc ady owadan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
gul (Şugün, 09:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика