“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
paradox : Ynsany beden taýdan operassiýa etmek üçin uklatmak gerek, ruhy taýdan operassiýa etmek üçin bolsa oýandyrmak.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kakam barka...
 Gytyndan
 rexha [off]
 05.03.2024 / 00:00
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Kiçirägem bolsak, „Kakaň gowumy ýada ejeň?” diýen sowala „Kakam” diýip jogap bermegi endige öwrüpdik.
Bu – biziň, hakykatdan hem, kakamyzyň ogludygyny subut etmek üçin mümkinçiligimizdi. Biziň „ejemogly” adyny alasymyz gelenokdy. Şeýdibem, biz kakamyzyň söýgüli ogullary bolduk.
Häzir beýle sowal bilen ýüzlenýän ýok. Eger-de şeýle sowal berläýse, „Men näme jogap bererkäm?!” diýip, käte-käte oýlanýaryn. Çaga endigime görä, ýene-de „Kakam gowy” diýerdimmikäm?! Ony özüm hem bilemok.
Boýnuma alaýyn, käteler meniň juda kakamameňzäsim gelýär. Agras nazary bilen jadylap, bize atalyk söýgüsini berýän kakalarymyz biziň üçin gymmatlydyr, arzylydyr. Şeýleräk bir tymsal ýadyma düşýär. Öňem bir akyldardan sorapdyrlar:
— Sen näme üçin köp çaga edinmeýärsiň?
Şonda akyldar:
— Çagalary has söýýändigim üçin — diýip, jogap beripdir.
Perzende aşyk bolmak, oňa köňül bermek her bir ene-atanyň söýgüsiniň, mähriniň näderejede güýçlüdigini görkezýär. Türkmende şeýle bir nakyl bar: „Adam atasynyň bilinden, enesiniň bolsa ýüreginden önýär“. Hakykatdan hem, adam enesiniň ýüreginde, atasynyň bolsa kalbynda ýaşaýar. Hiç bir güýç, ululyk ene-ata söýgüsini, mährini ölçäp bilmeýär.
Bir gezek çarwa ogluny ýitiripdir. Ony gözläp ýörkä, adamlar ondan:
— Seniň ogluň nähilidi? — diýip sorapdyrlar.
Şonda çarwa:
— Dinar ýalyjakdy — diýipdir.
Adamlar:
— Onda ony görmedik — diýipdirler.
Aradan köp wagt geçmänkä, ýaňky çarwa boýnunda garaja, jozzuk ýaly oglany göterip gelipdir. Oňa:
— Eger sen ogluňy dinar ýaly diýmedik bolsaň, biz saňa ony tapyp bererdik, näme üçin beýle diýdiň? — diýip sorapdyrlar.
Şonda çarwa şeýle jogap beripdir:
— Oglum gara däldir, ak guşumdyr, meni al-asmana göterjek ganatlarymdyr. Ganaty bar adamyň gözüne başga zat görünmez.
Gör, biziň atalarymyz näme diýýär?! Eger-de perzent barada şeýle sözleri aýdýarkalar, biz näme üçin olar barada ýeke agyz söz aýdamzok?! Munuň sebäbi düşnükli. Sebäbi atalarymyz bize agras söýmegi, agras bolmagy öwredipdiler. Biziň kakalarymyz, mähriban atalarymyz bu hakynda gürläp ýörmegi, şeýle-de ony jar etmegi kän bir uslyp görmeýär. Ýöne atalyk söýgüsiniň, mähriniň güýçli bolýandygyny biz hemişe öz kakalarymyzda, agras atalarymyzda duýup gelýäris ahyry.
Durmuşda köp gabat gelýäris. Bäbekhananyň agzynda aýagy bişen ýaly, eýläk-beýläk at çapýan kakalarymyza näme diýersiň?! Şol pursat olaryň derdi hem enäniňkiden pes däldir. Säher bilen awtobusda perzendiniň elinden tutup, çagalar bagyna barýan kakalarymyza näme diýersiň, ýa-da perzendini egnine „hopba” edip, öýüň içinde „at” salýan kakalarymyz bardyr. Bir kitapda Hattap ibn Mugallanyň şeýle sözleri bar: «Biri-birine eýerip ýören bedene çagajygy ýaly perzentlerim bolmadyk bolsa, bu dünýäniň uzynlygy-ini maňa gysby görünerdi. Aramyzda gezip ýören perzentlerimiz zeminiň üstünde gezip ýören ýüreklerimizdir».
Men söýgi, mähir diňe enelerde däl, eýsem atalarymyzda hem bolýandygyna ir düşünipdim. Hakykatdan-da, söýgi biziň kakalarymyzda, agras atalarymyzda hem bar.
Ata terbiýesi — inçe ýol. Ol „ýoluň” käte biziň gözlerimize görünmeýän gezekleri-de bolýar. „Göze görünmeýändiginiň” sebäbi, biz, köplenç, atalarymyzdan bidin görüm-görelde, edep-terbiýe alýarys. Çaga özi-de bilmezden, (esasan, bu oglanjyklara degişli) kakasynyň hereketlerine, görüm-göreldesine, her bir aýdýan sözlerine salgylanýar. Pikir edip görseňiz, ata terbiýesini, mähir-söýgüsini alan çaga sagdyn, edep-terbiýeli, ýagşy gylykly bolýandyr.
Pikir edip gördüňizmi, kakasy ussa bolanyň ogly ýa-da agtygy hem ussa çykýandyr. Öýde ýagşy gylykly atanyň gylyk-häsiýeti, edim-gylymy hem ogla geçýär.
Çaga bezzatlyk eden pursaty ýada ýaramaz işe baş goşjak bolanda, „Muny bilse, kakam näme diýerkä?” diýip, şol işi etmekden çekinýär. Ýalňyşlyk edip, bir ýaramazlyk eden oglanjyk „Indi kakama näme diýerin?!” diýip, şol eden ýalňyşlygyny düzetmäge çalyşýar. Gaýdyp, şeýle işleriň gyrasynda görünmäge ejap edýär. Durmuşda ata terbiýesini, görüm-göreldesini alan adam özüni köp zatlardan goraýar, halas edýär.
Häli-häzirlerem ýaşy bir çene baran ýaşulularyň: „Wah, kakam bolsa bolmaýarmy?! Ol maňa ýene-de köp zatlary öwrederdi. Onuň bilen köp zatlar barada maslahatlaşardym” diýýändikleri ýadyma düşýär. Kerim aga şeýle diýýär:
“...Ýene iki merde ýalbarmak bolar –
Diýdiler – ene hem atadyr olar”.
“Ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy”.
“Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy”.
Ata saňa ýeke gezek berilýär.
Ataň ölse arzuw ýolun dowam et.
Sen arzuwňa ýetseň – ataň ýetdigi.
Ýogsa ataň ýatyp bilmez parahat.
Kakaly günler – iň akylly günler, iň parasatly günler. Kakaň barka, alyp bilmejek galaň, ýetip bilmejek menziliň ýokdur. Şonuň üçin men kakamdan müňde bir razy. Çünki ol maňa kaka bolmak gylygyny, “kaka” bolup ýaşamak edähedini öwretdi. Munuň üçin sen hem menden razy bol, KAKA! SAG BOL, KAKA!


Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.


141

10

1

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Xuligankaa [off]
  Onnon basxkasna allergiam ba..))
 05.03.2024 / 01:03

+1

On bir gezek okapdm..

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

???!!!


Gije 1-2ler töwerek jaň etseňem bolýemy...dowamy...
Erkin mowzuklar | ???!!!
Outlier (Şugün, 14:57)

???!!!


009-e jaň etýäň, diýän ýeriň nomeryny alýaň we soraglaryň baryny berýäň şolara......dowamy...
Erkin mowzuklar | ???!!!
Mawy (Şugün, 14:43)

???!!!


071-e jaň etýäň, diýän ýeriň nomeryny alýaň we soraglaryň baryny berýäň şolara......dowamy...
Erkin mowzuklar | ???!!!
Fantom (Şugün, 00:13)

Aýdymçy we şahyr /satiriki hekaýa


ol häki gyzy halapdyr. öz duýgysyny kagyza çyrşagede beripdir. soňam hiçkim biläýmesin diýip adyny aýytmazlygyny sorapdyr. utup utulmaz ýaly bärd...dowamy...

Saýtda öz mowzugyňy ösdürmegiň 5 syry🙂


"Indi näme tema hakda ýazaýyn, jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan🙂". Şu kyýn görmeseň Syýasat bilen baglanşykly mowzuklary açsaň bolýamy, bol...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Ýyl geçdigi saýy foruma girýänleriň sany azalýar, köpler saýt diýen zadyň nämedigini hem bilenok, bilýänleriňem köpüsi tiktok we ş.m sosial ulgam...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Köp wagtlap saýtlara girmeýän soň görünen wagtyma ýatlaýar öz-ä...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Eger sen diňe okaýan bolsaň — saýt seni ýatlamaz. Bu men...dowamy...

Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...


Menem yatlan bolmaz gitsemem sebai gatnasyanym az barde...dowamy...

Ýürek telwas eýleýär gowy günleri


Täze çykdymy bu AI diýilýan programma? Gemini ýalymy olam?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->