Dreamfull [off]
15.03.2024 / 00:32
Kemchiligmi basyp goni yuzume
Artyk tarapymam "pishik dey gommañ!"
Belli dal nache gun yashajagymyz
Akylly tanyshlam gownume degman
Yonekey mysal bar durmushdan alnan
Soyjek, koyjek, aljak, goyjak na derdiñ?
Birden, daliresrm gunlerde bir gun
Begenermin? Gynanarmyn? Nadersin?!
Dostsyramak galar gerek duybunden?!
Kime gerek garamaty bir sähnäñ
Bu pana namuchin yalanchy diyyas
Artist otyr arkasynda her sahnañ
Bu gun yigrenenlem ertir dostlarym
Duynki dost saylanlam bu gun dushmanym
Nechün ka kishini oye goyberdim??
Eger-eger egsilenok pushmanym
Garaz, ahlinize yeke sozum bar
Ozune yeterlik kemi bar hemman
Ya-haa bolshum yaly kabul edin siz
Ya owarram bolun, gownume degman!
![]() 332 |
![]() 30 |
![]() 13 |
![]() 7 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 2 |


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
15.03.2024 / 09:47
+0
Öte gowşak.
Täzeje
(15.03.2024 / 09:55)
Belki, Meselem, näme ýetenok?
Täzeje
(15.03.2024 / 09:56)
Belki, doly ýazsana kemçiligini, biz hem bileli.
Täzeje
(15.03.2024 / 16:47)
Perman, Şu mydama şeýle ile göwni ýetenok ?
Täzeje
(15.03.2024 / 17:11)
Muawiye, aý garaz ilçilikdä, düşünmesek ýa-da düşündirmesek, erte kösenjek ýene özimiz. Şol sewäpli zakraýan ýa-da zakratýan.
Ýöne kä halatlardada sylaşyksyzlyk etýän garşydaşlar hem tapylyp dur welin bu gezekgi pikirdeşim beýle däl, şol sewäpli men hem bilenimi öwretýärin, bilmedigimi bolsa sorap duryn !
Diýjek bolýanym, ol diýýäniñ däl ýaly. Juda sylaşykly we menem mynasyp jogap berjek bolýan özä.
Ýöne çalaja ugrunda bar?
Täzeje
(15.03.2024 / 17:13)
Belki, bir az owlak nemedärim ,,bilmedikde aýyp ýok-da bilip soramazlyk aýyp..." diýilýärmi nämemi, şol ikimizden birimizde bar ýyly


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
15.03.2024 / 10:08
+0
Perman:
1. Çuñluk ýok. Adaty pikirler.
2. Adamlary ýazgarýar. (18-nji asyrda galdy ýazgaryjy goşgular)
3.Pikrini beýan edişinde hiç hili şahyranalyk ýok.
4. Şahyrana däldigini geçdim ýalñyşlyklar bar "Dostsyramak galar (galar däl ga:lar) gerek düýbünden?" . Dostsyramak ga:larmy ýa dostluk ga:larmy? Dostsyramak ga:ljak bolsa goý galsyn. Syramak goşulmasy ýasamalygy añladmaýarmy? Ýasama dostlugy nätjekkä?
Şeýle ýalñyş bar başga-da...
5. Hiç hili ýatda galyjy setir, tapyndy ýok.
Aslynda edebiýaty giñişleýin okaýanlara şu zatlary aýtmagymyñ geregem ýok...


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
15.03.2024 / 10:10
+0
Umuman köçe "poeziýasy" diýseñ okyjylara düşnüklidir...


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
15.03.2024 / 12:48
+0
(Dowamy)
Ýa çuñluk ýa şahyranalyk bermegi başarmaly. Ikisini bile berip oñ üstesine-de gowja tapyndylar goşaýsañ-a oña ýetesi zat ýok. Sen edebiýaty oñat bilýär hasap edýän adamlaryñdan sorap gör Kerim Hallyñ döredijiligi hakda.
2. 21-nji asyr poeziýasynda adamlary derñemek ýok. Özüñi derñemek bar. Her okan adamam şoña seredip özüni açyp biler. Minusynam plýusynam awtoryñ özüne berýän bahasyndan seredip çözer çözjek okyjy.
3.Goşgy diñe kapyýa diýmek däl, beýle bolsa ak goşgular bolmazdy.
Şahyranalyga düşünjek bolsañ köpräk okaber Nobatguly aga, S. Geldiýew ýaly gowy ýazýanlary.
4. O diýýäniñ dogrydyr belki. Men öz nazarymdan şeýleräk düşündim.
5.Gyzyklanýanyñ çyn bolsa wagtyñy edebiýaty okamaga sarp et. Has gowy düşünersiñ şonda


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
15.03.2024 / 18:27
+0
Dowamy:
5. Seret, men belki düşündirip bilýän däldirin. Edebiýaty men ýaly gowy okaýanlardan (Baýgeldi, Remezan aga, Şyhnazar ýalylardan) sora diýýän-ä. Meñ düşündirişimi gümürtik hasap etseñ sora şolardan.
Poeziýa düşünmek basgançak-basgançak bolýar. Ilki basgançagam şuñ ýaly köçe şahyrlary. Soñ Kakamyrat Rejebow stili. Soñ Nobatguly aga Seýitmyrat Geldiýewiñki ýaly goşgular. Soñ Laçyn Pürje we ş.m ak goşgy stilde ýazýanlaryñky. Sen we halkyñ aglaba köpçüligi goşgyny juda az okaýandyklary üçin köçe poeziýasy basgançagynda dursuñyz. Bizi görip saýmagyñyzyñ sebäbem başga zat däl.
Täzeje
(15.03.2024 / 19:22)
Belki, "Köçe poeziýasy" diýip at berenem bolupdyrlar ? Näme bolsa bolsun halk halap, sylaýan bolsa bardyr bir sebäbi
Täzeje
(16.03.2024 / 02:07)
Muawiye, şunuñ ýaly goşgulary halapbir ýa-da ,,gowy goşgy"... garaz garşy durýanlara garşy duraýmagyl. Senem az okan hataryna girersiñ. ?
Howwa eýsem añyrsyna ýetip bolmajak hemde soñsuz ylym ýa-da bilim bar. Men hem doly ýetmedim welin gapdaldan seredenlere dereginde şo ugr tarapa ätläp görmedik ýaly görûnýänim ýaly
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)