Alžiriň şasy Bauakas öz şäherleriniň birinde dogruçyl kazynyň bardygyny, ol kazynyň hakykaty bilýändigini we ondan hiç bir aldawçynyň gizlenip bilmeýändigini eşidip,bu zatlaryň hakykatmy ýa däldigini anyklamak isläpdir.Bauakas söwdagäriň eşigine girip, ony görmek üçin
kazynyň ýaşaýan şäherine atly ýola düşüpdir.
Şäheriň girelgesinde Bauakasyň ýanyna bir maýyp gelip,
sadaka dilemäge durupdyr.
‐ Bauakas oňa sadaka berip, ýoluny dowametjek bolanda,
maýyp köýneginden çekip goýbermändir.
—Size näme gerek? Men siziň soranzadyňyzy berdimä—diýip,Bauakas aýdypdyr.
—Berdiňiz,ýöne maňa rehimediňde, atyňyz bilen meýdança
çenli alyp gidiň! Ýogsam atdyrdüýeler meni basgyla r— diýip, maýyp ýalbarypdyr.
Bauakas maýyby atynyň arkasyna mündürip, meýdança çenli alypgidipdir. Meýdança ýetende Bauakas aty saklapdyr.
Emma dilegçi düşmändir.
Bauakas:
—Nämä otyrsyňyz, düşüň, aýdan meýdançaňyza geldik.
Dilegçi:
—At meniňki,näme üçin men düşmeli. Eger aty gowulyk bilenbermek islemeseň, kazynyň ýanyna gideli — diýipdir.
Meýdançanyň töweregine adamlar ýygnanyşyp, olaryň jedelini
diňläpdirler. Ahyry adamlar:
—Kazynyň ýanyna baryň,ol siziň jedeliňizi çözer — diýipdirler.
Bauakas maýyp bilen kazyýete gelipdir.Olýeri adamly
bolup, kazy kimiň işine seredýän bolsa, olary yzygiderli
çagyrýaneken. Bauakasyň nobaty ýetmezdenöň, kazy bir alym
bilen bir erkek kişini ýanyna çagyrypdyr. Alymam, erkek
kişide bir zenan maşgalany görkezip aýalym diýipdir.
Kazy olary diň‐läp, az salymdan:
—Zenan maşgalany bärde goýup gidiň, özüňizem ertir geliň
diýipdir.
Bular gidenden soň, gassap bilen ýagçy içeri giripdir.
Gassabyň elinde pul bareken, ýagçy bolsa gassabyň elinden
mäkäm tutupbduran eken.
Gassap:
—Menv bu adamdan ýag satyn aldym, soňra tölemek üçin
gapjygymy çykardym welin, ol elimdäki pullary almak
isledi. Şonuň üçinem biz siziň ýanyňyza geldik — diýipdir. Ýagçybolsa:
—Bu dogry däl. Gassap ýag satyn almak üçin meniň ýanyma
geldi. Haçanda, men küýzäni ýag bilen dolduramda,ol altyn
puluny bölüp bermegi haýyş etdi. Men pul çykaryp oturgyjyň üstünde goýdum welin, olam alyp gaçmak isledi. Onsoňmen onuň elinden tutup, şu ýere getirdim — diýipdir.
Kazy az salymdymyp:
—Puluňyzy şu ýerde goýup, ertir geliň — diýipdirde,olary
çykaryp goýberipdir.
Nobat Bauakas bilen maýyba gelende, Bauakas wakanyň nähili
bolup geçendigini düşündiripdir. Kazy ony diňläp,
dilegçiden sorag‐ edipdir.
Dilegçi:
— Bularyň bary ýalan. Men şähere atly gelýärdim, ol bolsa
özüni ata mündürip äkitmegimi haýyş etdi. Men ony atyňyzyna alyp, gerek ýerine çenli äkitdim. Emma ol düşmek
islemedi we atyň özüne degişlidigini aýtdy.
Kazy ýene bir salym oýlanyp, olara:
— Aty ýanymda goýup gidiňde, ertir gaýdyp geliň — diýipdir.
Ertesi gün kazynyň kararyny diňlemek üçin köp adam ýygnanypdyr.
Ilki bilen alym we adam gelipdir. Kazy maşgalany alymyňky
diýip, oňa zenan maşgalany alyp gitmäge rugsat beripdir,
beýleki adamy bolsa elli gezek taýak bilen urmagy buýrupdyr.
Alym aýalyny alyp gidipdir, erkek adamy bolsa
jezalandyrypdyrlar. Soňra kazy gassaby çagyrypdyr.
Gassaba:
«Pul seniňki» diýip, ýagçyny bolsa taýak bilen elli gezek
urmagy emr edipdir.
Soňra Bauakas we maýyby çagyrypdyr.
— Atyňyzy başga atlaryň arasyndan tanarmysyňyz? — diýip,
kazy sorapdyr.
— Tanaryn — diýip, Bauakas dillenipdir.
— Menem tanaryn — diýip, maýybam aýdypdyr.
Kazy Bauakasy athana alyp gaýdypdyr. Bauakas beýleki
atlaryň arasyndan öz atyny tapyp görkezipdir.
Soňra kazy maýyby athana çagyryp, oňa hem aty görkezmegi
buýrupdyr welin, maýybam aty tanap görkezipdir.
Soňrab kazy Bauakasa garap:
—At seniňki! Maýyby bolsa elli gezek taýaklaň — diýipdir.
Kazy Bauakasyň yzyna düşüp gelýänini görüp:
— Näme, kararymdan nägilemiň? — diýip sorapdyr.
Bauakas:
— Ýok, nägile däl. Men ýöne muny nähili bileniňizi
bilesim geldi. Aýalyň alymyňkydygyny, puluň gassabyňkydygyny hemem atyň meniňkidigini nädip bildiňiz?
Kazy:
— Irden zenan maşgalany ýanyma çagyrdym hemem syýa çüýşäme
syýa guýmagy aýtdym. Ol syýa çüýşesini alyp ýuwdyda,
aňsatlyk bilen syýadan doldurdy. Diýmek,ol bu işi öňem
edip ýören bolmaly. Eger ol beýleki erkek adamyň maşgalasy
bolan bolsa edip bilmezdi.
Pul hakynda aýdylanda bolsa, irden pullary alyp suwa
atdym. Eger pul ýagçynyňky bolsa, suwuň ýüzüniň ýagjarjakdygy ikuçsuzdy, ýöne suwuň üstünde ýag ýokdy. Şonuň üçinem
pul gassabyňky bolmaly.
At hakynda bilmek kyn düşdi. Edil siziň ýaly, maýybam
ýigrimi atyň içinden ol aty dogry görkezmegi başardy.Ýöne
men sizi athana aty tanaýanyňyzy ýa-da tanamaýanyňyzy
görmek üçin dälde, at ikiňizden haýsyňyzy tanaýandygyny
görmek üçin eltdim. Haçanda, siz onuň ýanyna baranyňyzda,
ol başyny öwrüp, size tarap ýöneldi. Emma maýyp ýanyna
baryp ellände, at gulaklaryny gysyp,aýagyny galdyrdy.
Şeýdip atyň hakyky eýesiniň kimdigini bildim.
Şonda Bauakas şeýle diýipdir:
— Men söwdagär dälde, patyşa Bauakas. Men siz barada aýdylýan zatlaryň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny bilmeküçin bu ýere geldim we siziň, hakykatdanam, dogruçyl
kazydygyňyza göz ýetirdim.
✏ Lew TOLSTOÝ, rus ýazyjysy.
Rus dilinden terjime eden : Maýa ARAZDURDYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
#"Dünýä edebiýaty" žurnaly, N 1–2023.
148
13
4
5
0
0
0
Teswirler:
Premium Perman [off] 15.03.2024 / 05:18
+0
Hakykatçyl kazy ýaly görinýär özä. Ýarady, like mynasyp ekeni
Premium Perman [off] 15.03.2024 / 05:19
+0
Rus dilinden terjime eden : Maýa ARAZDURDYÝEWA,
Senmi şu ?
Özümiziňki Unknown_(15.03.2024 / 08:02)
Perman, Ýok.
Täzeje BAY-HAN [off] 18.03.2024 / 01:20
+0
minnetdar, ýetirip dur
Gytyndan Adminka [off] Durmuş doly yenil kelleden# 20.03.2024 / 06:38
Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...