“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
--hic-kim-- : [color=#454545] Enen atan baylygyna dalde barlygyna guwanyp yasa!!! [/color]

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Muňa durmuş diýýärler
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 16:07

Öň aýdyşym ýaly tanyşlarym köp. Şolardan biri Seýitmuhammet. Meniň bilen ýaşy deň emma meniň ýaşaýan ýerime bir ýerlerden göçüp geldi. Ýat ýaly adam. Emma öýi meniň golaýymda bolany üçin gerek bolan zatlary sorap alyp durmak üçin ol meniňkä gelýär we men hem öz gezegimde onuňka barýan.
Bir gün bozulan maşynyma kömek gerek bolup onyň öýüne bardym. Öýi gum-gukluk. Gapysynda iti meniň ýüzüme naýynjar seredip ýatyr. Hemişe gykylyklaşyp oýnaýan çagalary bu gün oýnanok.
Säginip durdymda yzyma gaýdyberäýin diýip şaýlandym emma kömekçi bolmasa maşyny açyp ýapyp bolmajagyna göz ýetirip bialaç “Seýitmuhammet öýdemiň” diýip gygyrdym. Öýden ýerinden turýan Seýitmuhammediň shygyrdysy eşidildi. Ýüregim biraz ynjaldy kömekçi tapanyma. Maşynym eli-aýagym. Ol ýöremese men nol bolup galýan.
Gapydan Seýitmuhämmediň ýüzi göründi. Onuň bir zat üçin ugry ýokdy. Men syr bildirmedim çünki bu wagt maňa keýpi ýok adamdan kömege garaşyp boljak däldigiňi bilýän. Hiç zat diýmän öz içimden “muňa näme bolduka” diýip özüme biraz kömek gerekdigini aýytdym.
Seýitmuhammet sesini çykarman yzyma düşdi. Maşynyň ýanyna gelip ony bejerip başladyk. Iki sagat işden soň maşyny ýakdyk. Indi el-aýak ýuwyp çaý-çörek iýsekde boljakdy. Onsoň maşynyň tigirini barlamak üçin dukanlara aýlanyp gelsek hasda gowy bolardy.
Şeýle hem etdik. Maşyny münüp ýola düşdik. Dukanlary aýlandyk. Agşam nahar üçin öýe gerek azyklary aldyk. Maşynyň ýöränine begenip çagalar üçin süýji-köke hem aldyk. Edil şu dukanlaryň ýanynda taksi duralga hem bar. Gaýytjak wagtymda duralgada kim tanyş barka diýip göz aýladym. Görsem ilerki köçede ýaşaýan tanyş gyzlaryň biri dur. Dogrysy ol iki çagaly aýal emma adamsy bilen aýrylyşyp öýünde otyr. Indi bir-iki ýyldan bäri. Ari alakhor. Ol meni görüp sähel begenip meniň maşynyma tarap gaýytdy. Salam berip “öý tarapamy” diýidi. Men “hawa” diýdim. Görsem bir topar goşy hem bar. Ýükläp başladym.
Soramasamda özi “Aşgabatdan ýük äkelip satýan diýdi”. Ýola düşdük. Seýitmuhammet ýanymda otyr. Gyz bolsa yzda. Ýöl ugryna maşyn barada gepleşdik. Garaňky düşende öýe geldik. Gyzy zatlary bilen öýüne taşladyk. Ýükümiz ýeňläp öýe geldik.
Seýitmuhammede “jaýa gireli” diýdim. Ol ýok diýdi. Öýde mal-gara seretmeli diýdi.
Bu wakadan iki aý geçip gitdi. Bir gün öýe çakylykçy geldi. Eline çakylyk kagyzy. Kagyzy elime tutdyrdyda gidip galdy. “Kim toý edýärkä” diýip kagyzy okadym. Onda Seýitmuhammet bilen baýaky äri arakor aýalyň ady bardy.
Men geň galyp durdym. Soňra gyzyklanyp başladym. Anyklasam şeýle bolup çykdy. Seýitmuhämmedeiň aýaly urşyp gidip galypdyr. Şol gün şonuň üçin keýpi bolmandyr.Ilki bilen çagalaryny özi bilen äkidipdir. Soňra çagalary hem yzyna atasynyň ýanyna taşlap aýralyk kagyzyny suda berip özi Türkiýe tarap gidip galypdyr. Iki aýyň içinde bir gezegem jaň edip çagalarynyda soramandyr.
Seýitmuhammet çagalaryny hiç kime bermezlik üçin öýlenmeli bolupdyr ýogsa enesiz çagalary atasynyň elinden alyp gitjekleriň sany köpelipdir. Seýitmuhammet maşynda bile gaýydan äri arakor aýala ata-enesini sawçy göýberipdir. Olar aýrylyp otyran, äri halyny soramaýan aýaly Seýitmuhämmede dakmana razy bolupdyr. Indäm olaryň kiçeňräk toýyna çakylyga aýdylyp dur.
Seretsem, Seýitmuhämmediň adam bary ýygnanypdyr. Onýança özi geldi ýylgyryp. Salamlaşdyk. Onsoň “ gelini özüň äkelip berseň gowy bolardy. Çünki aýagyň düşdi. Şol gün bile gaýdanymyzda bu aýala gözüm gitdi. Ýanymdan “ şu aýal meniňki bolaýsady diýdim. Indäm toý edip öýlenmekçi. Men maşyny otlap ýanyma Seýitmuhämmdi alyp ýola düşdüm. Öýüne bardyk. Öýünden iki sany gelinalyjy gelini maşyna mündirip indi gelini äkälmäne gitdik.
Ýene bir sagatdan gelini maşyna mündirip olary parka gezdirmäne äkitdim. Ol ýerde gelin bile Seýitmuhämmet wideo bilen surata düşüp, soňra buz doňdurma iýip, ýol ugryna ýene käfe girip mazaly zatlardan garnyny doýyryp hem gezelenç edip Seýitmuhämmediň öýüne geldik. Bu ýerde gelin maşyndan düşüp özüniň täze öýüne girdi. Çagalar ony gurşap aldy. Indi bu ikisiniň dört çagasy bar.
Men hem maşyndn düşdüm. Bu ýere ýygnanan adamlar bilen jaýa girdim. Birmeýdan gürrüň tapyp otyrdyk. Yz ýanyndan nika gyýýan mollany getirmäne gitdim. Ony äklelip nika gyýdyrdyk. Soňra mollany we beýleki käbir öýüne gitjekleri ýola we öýüne taşladym. Soňra ýene Seýitmuhammediň öýüne geldim. Başga işiň barmy diýdim. Ol ýok diýdi. Indi nika palawyndan doýda öýüňe gaýdyber diýdi.
Şeýle hem etdim. Öýe gelenimde gije on bolany ekeni. Telewizoryň öňüne geçip gowy görýän aýdymlarymdan birnäçesini diňläp uklap galypdyryn. Ertesi turyp Seýitmuhämmediň öýüne tarap göz aýladym. Seretem, täze alan aýaly jaýynyň daşyny süpürip ýören eken. Çagalary bolsa iki ýana at salyp gyk-bak bolup oýnap ýörler.
Olara seredip men egnimi gysyp galypdyryn. Birmeýdandan soň men özüme sorag berdim. Muňa näme diýýärler diýdim. Onsoň bu soraga özüm jogap berdim. Muňa durmuş diýýärler. Onda geň-taň zatlar köp bolýar. Olaryň käbirine sen gatnaşýaň käbirine bolsa özgeler gatnaşýarlar we sen ol ýerde bolmaýan wagtyň hem bolýar.
Bu şeýlemi belli däl. Durmuşda bolýan wakalaryň käbirine men gatnaşmaýanmy. Bu mümkin däl çünki men durmuşda özümiň yzymy galdyran adam. Ähli bolýan wakalara men gatnaşýan bolsam gowy bolardy. Çünki men durmuşyň gowy bolmagyny isleýän adam.


13

7

0

3

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bu gyzykly durmuş


Menä şoňa meňzetdim)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (Şugün, 08:21)

Bu gyzykly durmuş


Awataryňdaky gyz doss...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (Şugün, 08:20)

Adalat taňrysynyň heýkeli


...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Näme etsen et pusman bolup olersin, ya edenlerin uçin yada edip bilmediklerin uçin....dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Sen kim, nireden?...dowamy...

Tebigatyň dört pasly!(gosgy)


Sen oylanma yaz gowsy, gosgy bizlik dal,...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Antimatiwasÿon bar bolsa menem bar,...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Meniň bu ýazanymy çynlakaý hasaplamaň. Men oýnap geplemäni halaýan.Birbada iki taraplaýyn ýazmany oýlap tapdym....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu bir ýönekey durmush
Mishel (24.10.2025 / 16:08)

"Ölüm gapysy"(goşgy)


Kerim Gurbannepesowyn "Saja Batyrowyn yogalan gununde yazylan gosgy" syna menzapdir...dowamy...

Durmuşda kyncylyklaryň üstesinden gelmek we adamyň gymmatyny bilmek..(makala)


Awtory: @Талант. Yada ✒️@Талант...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->