“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
EpifiZ : Üzlüme! Bugün varlığını hiçe sayanlar, gün gelir gölgeni bile ararlar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bu gyzykly durmuş
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 07:39

Durmuş örän gyzykly. Aýratynam käbir adamlar üçin. Arada köne tanyşlarymyň birine duşdym. Garşylyklaýyn ýagdaýda. Jedelli ýagdaýda. Birwagtlar bu tanyşym bilen men daşary ýurtda bile boldum. Ol ýerde meniň öýüm bardy. Ol meni gözläp tapyp, meniň öýümde bolup okuwa girip öz ykbalyny gowylandyrjak bolup synandy. Kiçeňräk bir okuwa girdi. Iki ýyldan gowyrak wagt we serişde sarp edip okady. Emma okan okuwy bu ýerde gerek bolmady.
Onsoň öz gaýyn agasy bilen ussaçylyk etdi. Ençeme wagt. Ussalar köp pul işleýär. Muny aýytmasam hem özüňiz bilýänsiňiz. Şu işde ol ep-esli pul işläp özüni dürsedi. Täze jaý saldy. Maşyn aldy. Öz ýanyndan özüçe beýgeldi. Puly köp bolansoň arak içdi.
Men elbetde onuň boluşyny goldamadym. Güýji ýetmejek zatlary wada berdi . Emma gepinde tapylmadyy. Meniň ondan tamakinçiligim ýok emma beren wadasynda tapylmany üçin men oňa indi ynanman ugradym.
Tizara onuň aýaly agyr kesel bolan tuberkulez bilen keselledi. Birnäçe gezek aýalyny bejerdi. Ol sagalyp döw ýaly gezdi. Edil şu wagtlar onuň aýaly ýol üstünde maňa dogry geldi. Birwagtlar zordan çöregini tapyp otyran aýal sag wagtynda maňa ýönekeý bir salamy hem bermedi. Emma mende öýke ýok çünki men aýal halkyndan hiç zada mätäç däl.
Diňe bir zat ýadyma düşüýär. Onuň äri sarylama kesellände ol aýal kellesini aşak edip äri üçin menden hemaýat sorady.
-Şonda men oňa aytdym. Gaýgy etme, aglama, hemme ýaman günler geçip gider. Äriň sagalar.
Emma gowy gününde meni äsgermezçilik etdi. Bir topar dabaralar gurnady. Iýdiler, içdiler, hezil etdiler. Özlerine bir topar dost we tanyş artdyrdylar.
Bu dabaralar uzak dowam etmedi. Iň güllän wagtynda tuberkulez kezeli täzeden geldi. Indi dördünji gezek. Daýawlygyna seretmän, häzirki zaman bejergäde seretmän tuberkulez keseli aýaly alyp gitdi. Bir topra gozýaşlar döküldi. Bu aýal üçin. Emma gözýaşlar we gynançlar uzak dowam etmedi. Meni äsgermedik gopbamsylyk aýalyň äriniň ýüreginde häli bar eken. Gopbamsylygy aýyryp bolmaýan bolup çykdy.
Biri aý geçmän äri täze ikinji aýaly getirdi. Ol aýal getirende ölen aýalynyň uly dogany gelip oňa gargyndy. Meniň doganymyň hatyrasyny tutmadyň diýip. Emma özüňiz bilýäňiz bu döwürde garyp diýýän adamyň özüniň wagşylygyny baýdanda beter ýüze çykarýar. Kitaplary okasaň köne döwüriň garyplary baýyň öňünde kellseni ýalaňaçlap lepbeý aga diýýän bolsalar bu döwüriň garyp diýýänleri arakdan doýyp özüniň ornuny bilmeýlerde asylla şyltak atýalar. Ýaman ýamana ençeme gezek duşýar. Ýaman asylla bir gezek duşýar. Asylly bir gezek ýamana duşyp ikinji gezek ýamana duşmajak bolup ondan gaçyp gezýär.
Onuň aýalyny men gözüm bilen görmedim. Emma ol barada daş gulakdan eşitdim. Işeňňir aýal bolup çykdy. Öýde bar bolan artykmaç zatlary satyp bu öýde gün görjek bolup synandy. Iki ýyla golaý, iki ýyldan soň gidip galdy. Näme üçindigini bilmeýän. Ýene bir urgy. Emma äri bary bir düzelmedi. Şol gopbamsylygyny dowam etdi.
Uzak gitmän üçünji aýaly getirdi. Ýaşajyk hem owadan aýal diýýäler emma men bu aýaly hem görmedim. Çünki mende bu zatlar üçin mende wagt ýok. Aýal görmek üçin toý-märekä köp barmaly.
Men bolsa ýolda hemişe. Dogry gün ýaşana öýe gaýdyp gelýän.
Üçünji aýaly hem gidip galdy. Indi häzir sallah. Ýa aýallar ondan bizar boldy ýada ol aýallardan aldanyp indi aýal almana gorkýar. Dogrymy aýytsam bilemak. Emma käbir aýallaryň gorkynçdygyny bilýän. Aýallaryň ýaman bolýandygyny daşary ýurtlyllar gowy edip ýazýalar, olar barada kinolar çykarýarlar. Şondan aýydýan ýogsa näme işim barr aýallar bilen. Başga derdim özüme ýeterlik.
Ine, şu adam bilen men ýene dogry gelip galdym. Köne tanyşym. Hatda meniň bilen dost bolan bolsada bolandyr. Bir ýönekeý zadyň üstünde jedel boldy. Onuň üçin ýönekeý zat. Meniň üçin ýönekeý däl. Bu jedelde meniiň abraýym we mertebäm ýatyrdy.
Aýdynça, özünde mertebe bolmadyk adam özgäniň mertebesi bardyr diýip hiç oýlanmaýar. Özi ýaly hemmeler mertebesiz diýip oýlaýar.
Men bulary näme üçin ýazýandyr öýüdýäňiz. Sizden hemäýät ýada goltgy gözleýändir öýüdýäňizmi? Ýok. Meniň sözümi goldap meni ak jüýjä owürip oly bolsa garalaň diýiň aýydýandyr öýüdýäňizmi?. Ýok. Maňa hiç kimiň hemýäty gerek däl. Maňa hemaýat etjek siz däl. Siziň özüňiz hemäýätä mätäç adamlar. Şonuň üçin siz şu ýerde. Durmuşyň gowy taraplaryny görmän hemaýaty internet saýtlarynda ýaşaýan adamlardan gözleýäňiz.
Haçan men saýtda wagtymda men internet adamy bolup galýan.
Şeýlelikde, meniň üçin durmuş gyzykly. Ýöne ol ýönekeý. Ahli adamlar ýönekeý. Ýogsa olar ölüp gitmezdiler. Tiz we çakgan. Ýönekeý keselden ýada ýönekeý banditiň elinden.
Durmuşyň ýönekeýligi meniň üçin gerek zär. Nämä gerek durmuş barada kelle döwmek ondada özgeler üçin.
Geň zat. Bu mowzukda ýazan garaýyşym indiki mowzuklarymda biri-birine dogry gelermikä? Meniň üns berişime görä adamyň özi baradaky ýada özgeler baradaky gürrüňleri ýagdaýa garap keýpiň bardygyna garap, gahajaň bolup otyranyňa baglylykda üýtgeýär.
Hawa, bu durmuş örän kyn diýip gara dere batyp ondan uç çykarjak bolup azara galyp otyrkaňyz köp adam hiç bir zady ýazman, hiç bir zada derlemän aňsatja çaý we nahar başynda gürrüň edip durmuşy aňsatlaşdyryp gidip otyrlar. Olar bir gysym puly oňa-muňa berýlerde daşary ýurtlaryň birine gidip ol ýerde aýalyna jäň edip men bu ýerde, edil şu wagt işden gelip dem alyp ýatyryn diýýäler aslynda bolsa olar dogry aýydýalarmy ýada ýalan ony şol adamyň özi bilýär. Aýaly bolsa gulagyny sallap il içinde ärim işlemäne gitdi diiýär. Şonuň ýalyda aýalyny daşary ýurda göýberip özi eneke bolup ýören erkekler hem az däl. Onuň aýaly hem ärine jaň edip men häzirje işden gelip çaý içip otyryn diýýär. Aslynda ol bu wagtlar gijeki klublaryň birinde uzyn ökjeli tüflide ýer depip, tans oýnap daşary ýurtlylar bilen hezil edip ýörendir. Edil meniň ýaňy gürrüňini eden dostym ýaly ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermeýän adam köp. Şol sanda aýalyň hem edil özgeler ýaly özüni alyp baryp seni aldap ýörendir. Erkekler bolsa hemişede diýen ýaly aýallaryny aldap ýörler. Ynanmaňyz soragnama geçirip görüň. Soragy şeýle görnüşde beriň.
1.Sen aýalyňy söýýärmiň
2.Söýýän aýalyňy näçe gezek aldadyň we bu aldawlar haýsy aldawlardan durýär
3. Söýýän aýalyňy aldamana utanokmy?
4. Söýýän diýip aldanyň üçin haýsy hili jezalary durmuşdan garaşýaňyz
Edil şu hili soragnamany aýala berip bolar.
Ol şu hili bolsa gerek
1.Äriňi näme üçin söýýäň
2.Äriň seni aldaýar. Sen ony şondada söýýärmiň ýada aýrylmana utanyp ýöne söýen kişi bolup ýöreýärmiň
3.Eger indiki çykjak ýeriň şu ýerdaäkiden gowy bolsa bu äriňi taşlap gidermiň
4.Ýeke ýaşamak gowymy ýada ärli


15

7

3

0

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Ahmal [off]
 Şugün, 08:20

+0

Awataryňdaky gyz doss

 Täzeje
 Ahmal [off]
 Şugün, 08:21

+0

Menä şoňa meňzetdim)

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
 Şugün, 11:24

+0

Salam, @Gownejay.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bu gyzykly durmuş


Salam, @Gownejay....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Belki (Şugün, 11:24)

Bu gyzykly durmuş


Menä şoňa meňzetdim)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (Şugün, 08:21)

Bu gyzykly durmuş


Awataryňdaky gyz doss...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (Şugün, 08:20)

Adalat taňrysynyň heýkeli


...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Näme etsen et pusman bolup olersin, ya edenlerin uçin yada edip bilmediklerin uçin....dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Sen kim, nireden?...dowamy...

Tebigatyň dört pasly!(gosgy)


Sen oylanma yaz gowsy, gosgy bizlik dal,...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Antimatiwasÿon bar bolsa menem bar,...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Meniň bu ýazanymy çynlakaý hasaplamaň. Men oýnap geplemäni halaýan.Birbada iki taraplaýyn ýazmany oýlap tapdym....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu bir ýönekey durmush
Mishel (24.10.2025 / 16:08)

"Ölüm gapysy"(goşgy)


Kerim Gurbannepesowyn "Saja Batyrowyn yogalan gununde yazylan gosgy" syna menzapdir...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->