Ýürekdeş sözler!
Ölmezek adam
Mishel [off]
Düýn, 19:09
Öň aýdyşym ýaly durmuşda her hili adamlar bolýar. Käbir adamlar adamy toparlara hem bölýär. Ýöne men bu işi etmekçi däl. Mende oňa wagt ýok. Hatda siziň ýazan mowzuklaryňyza teswir ýazmana hem pursat ýok. Şonuň üçin öýkelemäň. Biziň bilen gatnaşmaýar, tanyşlyk açmaýar, dostlyk hödürlemeýär diýip.
Onsoňam bu zatlar nämä gerek. Häzir kime dost diýip oňa ynanyp bolar, kime tanyş diýip ýanyna baryp bolar. Gowysy ýazjagymy ýazarynda bu saýtadan gidip galaryn. Üstesine men hemişe ýolda. Günde ýüzlerçe adamlary görýärin, olar bilen hal-ahwal soraşýaryn. Bularyň hemmesi meni bizar etdi. Hemme diňe öz problemasy bilen ýüz tutýar. Mende nähili problema bar. Onuň bilen gyzykýan ýok.
-Hawa, onsoň bu gün hem ýola düşdüm. Okdyrylyp gidip barýan. Hamala gyssanmaç adam kimin. Gysssanman barsamda bolar emma ýolda maşyny hemmeden assa sürmek bolanok. Deň ýöremeli, deň ýaşamaly, hemmeler kimin bolmaly.
Bir seretsem, ýol gyradan birini elini salgylalar. Dur diýip gygyrýar. Hem gülýär, hem ýylgyrýar. Görsem, Gurban Ýazmyradowiç. Özäm maşyny saklamak gadagan diýilýän ýerde duryp maňa dur diýýär. Töweregime seretdim. Hiç kim ýok tutmana. Mündüm tormoza. Maşyn gykk edip gygyryp togtady. Onýança, Gurban aga ýetip geldi. Maşynyň gapyshyny açyp elini birlere salgylaýar. Gel diýip. Ýene iki sany gara göründi. Gara janym galmady. Üstüme polisiýa geler diýip. Münenler ýerleşdiler. Basdym maşyna gazy. Ýol ugryna tanyşyp başladyk. Bu ikisi kim diýip soradym.
Gurban aga, bu ikisi meniň ylmy işimiň netijesi diýip jogap berdi. Häzir sen meni ylmy-barlag instititunyň labarotoriýasyna elt. Ol ýerde men saňa ylmy işimde gazanan üstünligimi görlkezeýin.
Gel, gyzyklanyp göreýin diýdimde teklip edilen ýere maşynymy ugrykdyrdym. Özüňiz bilýäňiz Aşgabat uly şäher däl. Derrew aýdylan ýere geldik. Gurban aga bizi yzyna tirkäp instituta girdi. Labaroriýanyň gapysyny açyp bizi içerä göýberdi. Taýynlandy. Soňra bu iki gara geýinen ýüzi maskaly adamlar bilen gepleşip başlady. Kitap-depder, kod we algoritm ýazylan komputeri işletdi. Ýarym sagat olaryň ýanynda otyryp olaryň näme gepleşýänine we bu ýerde nämeleriň edilýänine düşünmedim we özümi bu ýerde artykmaç duýyp gowusy bu ýerden gideýin diýip şaýlandym. Meniň maksadymy duýän Gurban aga “ häzir” diýdide rentgen apparaty işletdi. Soňra bu ýerde bar bolan iki garanyň birini ýalalaňaçlady. Ilki bilen men bu ýerde adaty adam tenini görmekçidim emma meniň diýenim bolmady. Onuň ornuna demirden ýasalan adam teni göründi. Edil daşary ýurt kinolarynda görkezilýän kiborglar ýaly. Meniň ýüregimi gorky eýeledi. Ýöne şondada käbir zatlaryň anygyna ýeteýin onsoň gideýin diýdimde ýalaňaç duran adamyň demir tenine elimi degirip onyň nämedigini anyklajak bolup çytalaşadym.
Meniň sada boluşyma Gurban aga gülüp galdy. Soňra bu ýalaňajy rentgen apparata saldy. Apparatyň ekrany ýanyp onda ýalaňyjyň plastmassadan ýasalan ýaly ýüregi göründi. Ol biziň ýüregimize meňzäp işläp durdy. Bir tapawudy ýürek aýnadan görünýän ýaly bolup onda bolup geçýän hadysalar görünip durdy.
Bu häli hemmesi däl diýdide Gurban aga haladynyň jübüsinden çip çykaryp ýalaňajyň kellesine bir ýerine sokup göýberdi.
Indiki gören zatlarymy kinolarda hem görmedim. Olar barada ýazmaklygy Gurban aga maňa gadagan etdi. Bu zatlar sekretnyý zatlar diýdi. Men bolýar diýdimde labaratoriýdan çykdym. Indiki boljak zatlary maňa görmegiň geregi ýokdy. Maňa gerek zat meniň hem şu ýalaňaç ýaly bolup bilmegimdi. Örän gözüm gitdi oňa. Meýdan çykdymda institutyň howlysynda özüme gelip başladym.
Hiç haçan şunyň ýaly mazalay hyýala gitmändim. Özümi kiborg hökmünde, terminator keşbinde we hiç haçan ölmezek we ýeňilmezek täze bir adamzadyň görnüşinde duýdym. Gurban aganyň maňa görkezen zatlary hatda terminator kinosynda hem ýokdy. Bu zatlary görenime mes bolup otyrdym.
Indi mende täze pikir peýda boldy. Indi men Gurban aganyň hemaýatyna mätäç adam däl adam hökmünde bolmaly. Goý meni Gurban aga başga bir adama öwürsin. Ol hiç zat iýmeýän we içmeýän bolsyn. Goý ol milliard temperaturada eremesin, minus -273 sowukda gatamasyn. Onuň hereket ediş tizligi sekuntda birnäçe trillion kilometr bolsun. Ony hiç bir ýarag bilen uryp bolmasyn. Men şu zatlary Gurban agadan talap etmeli. Haçanda men bu maksada ýetsem hiç bir adama ýada jandara boýun egmerin, hiç kime ýalbarmaryn, hiç kimden iş ýada pul soramaryn. Ýagny adamzadyň täze bir sortyna öwrülerin. Men bu planetany taşlap giderin. Baran ýerimde täze bir planetany özleşdirerin we ebedi öz hyýalym, öz arzuwlarym bilen ýaşaryn. Meniň bu ýerde hiç kimi göresim gelmeýär
Birnäçä günden men Gurban aga bilen duşyp galdym. Ikimiz ikiçäk gepleşip otyrdyk. Men oňa sen beýik alym diýdim. Ähli bilimiňi maňa sarp et. Meni ölmeýän et. Seniň tejribeleriň üçin men saňa ahli tapan pulymy we emlägimi bereýin diýdim.
Onda Gurban aga, ýogsada şeýle etmeli bolar. Çünki hiç kim maňa bu ylmy işim üçin töläsi gelenok. Meni adym taryhda galsyn. Seni hiç haçan ölmezek edeýin. Hemde hemme kynçylyga ukyply edeýin. Ikimiz razylaşdyk.
Bir ýyldan soň ol maňa ilkinji termoýaderny zarýad bilen işleýän ýüregi goýdy. Indi bolsa täze çip üstünde işläp ýör. Men bolsa işläp tapan pullarymy onuň döredijilik işine sarp edip otyryn. Alymyň saglygyny bejerdip otyryn. Maşgalasyny hor-zar edemak. Hatda Gurban aga maşyn hem alyp berdim.
Tizara täze jaý alyp bererin oňa. Gurban aganyň etmeli işleri kän.Ol özi ölmäne taýyn emma meni ölmezek eder. Meniň muňa gözüm ýetýär.
Gurban aganyň boluşy meni hem ruhlandyrdy. Men ýenede ýazyp başladym. Tizara ol maňa birnäçe ýüz dile düşünýän eder. Şu hili çipy ýasap otryr. Haçanda bu çip memiň kellemä goýulanda men hytaý dilinde ýazyp bilerin. Bu meniň häzirki arzuwym. Başgada arzuwlarym bar. Olar barada indiki gezek size ýetirin.
13 |
7 |
0 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Bu bir ýönekey durmush
Näme etsen et pusman bolup olersin, ya edenlerin uçin yada edip bilmediklerin uçin....dowamy...
Bu bir ýönekey durmush
Meniň bu ýazanymy çynlakaý hasaplamaň. Men oýnap geplemäni halaýan.Birbada iki taraplaýyn ýazmany oýlap tapdym....dowamy...
"Ölüm gapysy"(goşgy)
Kerim Gurbannepesowyn "Saja Batyrowyn yogalan gununde yazylan gosgy" syna menzapdir...dowamy...
Durmuşda kyncylyklaryň üstesinden gelmek we adamyň gymmatyny bilmek..(makala)
Awtory: @Талант. Yada ✒️@Талант...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşda kyncylyklaryň üstesinden gelmek we adamyň gymmatyny bilmek..(makala)
Ahmal (22.10.2025 / 12:13)
Ahmal (22.10.2025 / 12:13)