“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
StarFly : Wagt ýatsañ hem işleseñ hem geçip dur.Ýöne esasy sen wagtyñy nähili geçirýärsiñ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dädişiň hindi gelini
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 07:51

Ýoldan gelip dem alym otyrkam indiki habar geldi
Dädiş keselläpdir. Hiç zat iýmän gyzdyryp ýatyr. Habar almasaň bolanok .
Dädiş kim?
Onuň bilen tanyşdyraýyn. Dädiş meniň doganoglanlarymyň biriniň oguly. Ady goýulan babamyň babasynyň. Gadymy döwürde atly adamlaryň biri bolan.
Ady goýulan bolansoň hemmämiz bu ýigidi sylaýas. Häzir öýlendiribermeli boldy. Aýdymçy hem sazçy. Konserwatoriýany gutaryp gelip etrap aýdym-saz kollejinde indi bir-iki ýyldan bäri işläp ýör. Toýlarda aýdym aýydýar.
Barmasam bolmaz. Ähli tohumym öýkelär şu wagt barmasam.
Gitdim.
Barsam ýatyr Dädiş iki bükülip. Ýüzi-gözi gap-gara bolup gidipdir ýokary temperaturadan.
Doktora görkezdiňizmi?
Hawa.
Näme diýýär?
Aşyk-magşuk keseli degipdir diýýär. Derman peýda etmez. Söýen gyzyny alyp bermeseňiz öler diýdi
Alyp beriňdä şonda!
Nädip. Gyz Hindistanly. Ol ýerden gyzy getirmäne biziň güýjimiz ýetmez. Onsoňam belli däl gyzy bize bererlermi. Olar ýat adamlar.
Indi soragy Dädişe berip başladym.
Nädip tanyşdyňyz
Internetde
Hökmanmydy tanyşmak. Ol ýerden gyz berjekdigine sende ynam barmy
Bermeseler ölerin.
Öz gyzlarymyz bolanokmy. Iň owadanyny saýla. Iň okumuşlyny saýla. Alyp bereýin ýöne men Hindistana gidip gelin alyndy diýip eşitmedim
Dädiş sesini çykarmady.
Tenine elimi degirip gördüm. Ot ýaly. Şu ýatyşyna ýatsa uzak gitmän ýokary gyzgynlyk onuň beýnisini ereder. Onsoň ol diri galanda däli bolar. Ýa bolmasa öler.
Tanyş professora jaň etmeli boldum
Bir ýigit bar. Söýgi keselinden öljek bolup ýatyr. Sende emel barmy.
Hawa. Biz ony holodilnige salyp -273 garadus sowuklykda bir aý çemesi saklap bileris. Bu aralykda ol gyzy ýatdan çykarmagy üçin oňa dermanlar sanjarys ýagny ýatkeşligini ýoklarys. Ol ýerden çykandan soň ol hatda dogyran enesini hem tanamaz. Goşmaça biz onuň kellesine ýerli gyzlarymyzyň sudurny ýükläris. Haçan ol holodilnikden çykanda biziň kellesine dykan gyzymyzy söýýändigini aýydar.
Uludan demimi aldym. Eger çyksa bir beladan dyndym öýüdýän.
Doktoryň aýydanyny edip Dädişi holodilnige ýerledik. Indi diňe garaşmak gerek. Bir aý. Garaşyp başladym. Her gün Dädişden habar aldym. Näme gerek bolsa alyp berdim.
On gün çemesi geçip gitdi. Bir gün dem alyş güni atly saýtlary aýlanyp başladym. Nirede näme aýdylypdyr, näme täzelikler bar. Gözläp. Haçan telegrama girenimde ekrana iň soňky dünýä habarlary geldi. Bu habarlaryň içinde bir hindi gyzynyň özüni Ganga derýäsyna oklaýan pursady hem bardy. Bolsada şu ýerde bar bolan adamlar gyzy derýadan diri çykaryp ýetişipdirler. Gyzy keselhana äkidip näme üçin özüni derýa oklandygyny soranlarynda gyz biziň Dädişimiziň adyny berdi otyryberdi.
-Eýýam on gün boldy. Söýýän oglanymdan habar ýok. Ol Türkmenistanly diýdi gyz.
Kellämiň saçy hüjjerip asmana galdy. Munyň ýaly çyndyr diýmändim bu ikisiniň söýgüsini. Biziň şu zamanymyzda hem edil gadymy kitaplardaky ýaly söýüşýänler bar-ow diýdimde derrew professora jaň etdim.
Bu işi ýatyrmasam boljak däl. Soňy ýaman gutarmasayn diýýän Mende alaç galmady. Eger çyksa men indi Hindistana gidip gyzy sawçylap alyp gaýytmasam boljak däl. Soňunda men ýaman atly galjak bolup duryn ýogsa. Bagyşla seni azara goýanym üçin. Ähli töleglerini etmekçi.
Professor maňa dogry düşündi. Häzir holodilnigi öçürsem ýigidiň ertire doňy çözler. Onsoň ýigidiňi alyp gidip bilersiň.
Dädişli meseläni çözüp Hindistana gitmek üçin samoleta bilet almana kassa bardym. Gep-gürrüňsiz berdiler. Iki sany bilet. Özüme hem Dädişe. Hindistan üçin ýol açyk eken bizde. Ýene üç günden Deli şaherine uçarys. Ganat ýaýyp. Dädişiň söýgüli gyzy üçin.
Işimiz oňuna bolsunda hernä .
Ertir ir bilen Dädişu holodilnikden alyp gaýytmak üçin bardym. Özüne gelenden soň haýran galyp otyr.
Bolan ýagdaýy oňa aýytdym. Gyz bilen gepleşmegini soradym.
Dädiş gyzy internet arkaly gözläp tapdy. Ikisi gepleşip başladylar. Iňlis dilinde.
Dädiş ýene iki günden Deli şaherine barýandygyny, gyza toýa taýyn bolup otyrmagyny we ony Türkmenistana alyp gaýydýandgyny aýytdy. Gyz elbetde begendi.
Şundan soň Dädiş bilen ýola taýynlandyk. Ol ýere baranynymyzdan soň gerek boljak zatlary aldyk. Dokumentleri sazladyk.
Gyz hem ol ýerde biz tarapa gaýytmana taýynlanyp başlady. Gyzyň ata-enesi gyzyny hindi däp-dessury bilen ugratjagyny aýytdy. Üçülenji gün Aşgabadyň aeroportyndan Hindistan diýip asamana galdyk. Ýolda bir gezek samolety almaşyp on ýedi sagatdan Deli aeroportyna düşdik.
Düşen wagtymyz gije ýarymdy. Biraz gaýgy etdim indi aeroportda agşamlamaly bolarys diýip. Emma uçyş zolagyndan daş çykanymyyz şol bir ýigit gülümjiräp bize türkmen dilinde gepledi.
Hoş geldiňiz Hindistana. Myhmançylyga almakçy sizi eger garşy bolmasaňyz. Samoletda otyryp ütüm gideni üçin derrew razy boldum. Zatlarymyzy göterip ýaňky ýigidiň maşynyna mündikde onuň öýüne tarap ýelk ýasadyk. Gijeki Deli gorkunç. Köçede adam köp. Türkmenistana meňzemeýär. Bir sagatdan ýaňky ýigidiň öýüne geldik. Merkezden daşrak ýerde öýi bar eken. Gapyda bizi onuň aýaly garşylady. Ol hem türkmen dilinde sözledi. Çaý başynda men olardan soradym.Nädip Hindistana düşendigini.
-Biz bu ýerde işläp ýörüs. Bu biziň işimiz. Türkmenistandan gelen ildeşlerimizi myhmançylyga alyp günötelge edýäris. Turizm ugryndan instituty gutardyk
Soňra ol bizden sorady. Hindistana näme üçin gelendigimizi. Men ahwaly aýdyp berdim. Onda bu ikisi gülüp başyny ýaykady.
Hemme zat internetiň işi diýi olar.
Özleriniň bize elinden gelen kömegi etjegini aýytdy olar. Şondn soň uklap galypdyrys. Ertir turyp gyzyň gözlegine çykdyk. Salgy boýunça yzarlap başladyk. Gyz şäherli däl eken. Ol Deliden ençeme kilometr uzakda ýaşaýan bolup çykdy. Gyzy tapmak aňsat boldy diýip biljek däl. Gün ýaşanda gyzy tapdyk emma garaňkyda gyzy sorap barmakdan çekinip sawçylygy ertir gündize goýdukda ýene şol ýigidiň öýüne gaýdyp geldik. Ikinji agşamy hem onuňkyda geçirip ertir irden turyp, şu gün işimiz öňuna bolsun diýip dileg edip gyza sawçylyga ugradyk. Bardyk gyzyň öýüne. Dört bolup. Ýigidiň aýaly hem biz bilen. Ol hindi dilini we däbini gowy bilýän bolup çykdy
Gyzyň ata-enesi bizi birbada gowy garşylamady emma gyz Dädişi görüp begenip iki bolup bilmedi. Jaýa girdik. Öňümize hindiçe nahar-şam goýdylar.
Men gyz üçin gelendigimi aýdanymda gyzyň ata-enesi gyzy berip göýbermäne gorkýandyyny aýytdylar. Bu halatda nämeler etmelidigini gowy bilýän. Berim gökden ýol ýasar nakyla eýerdim. Gyz üçin getiren sowgatdyr, pullarymy gyzyň ata-enesiniň öňünde goýdum ýagny gyzyň talyňyny töledim. Şundan soň olar biziň maksadymyzyň oýun däldigine dogry düşündilerde gyzy bize berip göýbermek üçin gerek zatlary edip ugradylar. Ilki bilen gyzyň daşary ýurda çykmak üçin gerek bolýan dokumentleri düzedip başladyk. Buda aňsat bolmady. Meniň kisämi çöwürip başladylar. Bir topar pul çykdy dokumentler üçin. Haçan kagyz ugryny düzedenimizden soň gyz üçin galyň pulyny tölemeli boldum. Ony hem töledim. Onsoň gyza degişli zatlary jemlemeli boldy.
Onsoň toý etdik. Bir hepde diýende zor bilen işläp indi öýe tarap samoleta bilede bardyk. Aýlanma ýollar bilen öz ýurdymyza gaýytmaly bolduk.
Haçan öýe gelip näçe pul galdyka diýip jübimi barlanymda ondan bäş dollar we iki manat pul çykdy.
Şeýdip şu wagt özümde bar bolan pullardan dyndym emma Dädişe Hindistandan hindi gyzyny äkelip berdim. Bu ýere gelenimizden soň hindi gelini görmek üçin adam bary ýygyldy. Bolsada hindi gyzy hem owadandy hemde hereketleri asyllydy. Gören adam tüýkürip göz degmesin diýidi, bizede nesip etsin şunyň ýaly gelin diýdiler. Bir hepde taýynlykdan soň Dädiş bilen Mina hindi gyzynyň toýyny şaňňyrdadyp etdik. Bu toýa köp adam geldi.
Ondan bäri üç ýyl geçdi. Bu aralykda bu ikisiniň bir çagasy ýörjen-ýörjen bolup ýör. Hindi gyz bu ýere öwrenişip gitdi. Öz ýurdyna ata-enesini görüp gelmek üçin şaýlanyp ýör bu ikisi. Pul jemleýärler. Olar üçin ýol kireýi özüm beräýsem gowy bolardy diýip kelläme geldi. Ýogsa olar indi ikinji çaganyň aladasynda gezip ýörler.
Hindistana baryp gelmek üçin bolsa pul köp gerek.


16

8

0

3

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Degismeler 10


Deystvitelna sheylemi sho 3harp barada pikir edyanizmi kop?...dowamy...
Degişmeler älemi | Degismeler 10
Ylmytalyp (Şugün, 15:16)

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Nike tech😎...dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Ay tuweleme. Dowam et, garasyas....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


ýaş wagtym kakamyň adidasyny geýipdim, indi şony oglum geýýä. olam agtygna berer... diýä öňem biri....dowamy...

Gyz çöpleýän egin-eşikleri haýsy firma öndürip çykarýar... (Oglanlar üçin🙂)


Tommy Hilfiger number one...dowamy...

Bu gyzykly durmuş


Ýazyberiň!!! setirleriň arasyndan kän zat düşinse boljak. bärde köneler aýtmyşlaýyn: ... ýaňy bar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Fantom (26.10.2025 / 19:24)

Muňa durmuş diýýärler


Salam Don! Öňki syýasat täzelikleriň ýokmy türkmen dilinde? Dogrysy hezil edip okaýardym şolaryňy....dowamy...
Erkin mowzuklar | Muňa durmuş diýýärler
Fantom (26.10.2025 / 19:10)

Bu gyzykly durmuş


Salam, @Gownejay....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Belki (26.10.2025 / 11:24)

Bu gyzykly durmuş


Menä şoňa meňzetdim)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (26.10.2025 / 08:21)

Bu gyzykly durmuş


Awataryňdaky gyz doss...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bu gyzykly durmuş
Ahmal (26.10.2025 / 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->