Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Perman : Gahar-gazap, hemişe erwet maslahatçydyr

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Är we aýal hakynda hekaýa
 Öwreniji
 _dali [off]
 30.03.2024 / 10:57
 ❤️??

Öňki döwürlerde bir är aýal bolupdur. Olar bir birini şeýle bir söýýän eken, şeýle bir gowy görýän eken, bulary gören adamlar haýran galýardylar.
Onsoň aradan 1-2 ýyl ýaşaşanlaryndan soň uruş başlapdyr we erkek Watanyny gormak üçin uruşa gidipdir we öz gelnine berk wesýet edipdir. Ýagny ol wesýet şeýledi: sen maňa daýzamlarda uruşdan gelýänçäm garaş diýipdirde berk tabşyryk bilen gidipdir. Aradan ýyllar geçipdir we hälki gelniň kakasy agyr halda ýaraman garşy dünýä bilen ýüzleşmeli bolupdur. Onsoň gelniň doglanlary gelip ýör, kakam ýaranok sen soňky sapar görüp halyndan habar al diýipdirler. Gelin hem öz adamsynyň beren wesiýetini doganlarna aýdypdyr. Emma doganlary wesýete seretmezden ýene ony alyp gaýtmaga synanşypdyrlar. Ahyran gelin bir oba mollasy Ahun bir musulman adamyň ýanyna baryp şu meselede maslahatlaşmaly bolupdur. Ahum musulman gelne: seniň adamyň şuwagt seniň kakaňam hem ejeňem, onuň beren wesýeti talaby sen üçin hökümdir we näme bolanynda hem sen ol wesýetden çykmana hakyň ýok diýipdir.
Gelin bolsa doganlaryna Ahunyň aýdanlaryny aýdypdyr we olar gelni öýüne äkidip bilmän gaýdypdyrlar. Onsoň ýene aradan 2-3 aý geçenden soň, ýene doganlary gelipdir. Doganlary: ýör inni bir kakamy razy et, ol aradan çykdy, soňky mazaryna baryp toprak atyp gaýt diýipdirler.
Hälki gelin aglapdyr we ýene hälki Ahunyň ýanyna baryp, ýene öýüne gitmek meselesini aýdypdyr. Hälki Ahun bolsa: ýene şol bir zady, ýagny: ýok näme bolan bolsada gitme, seniň adamyň sözi kanun hökümdir, onuň sözi seniň ykbalyňdyr we hiç ýerik gitme we eden wesýetini berjaý et diýipdir.
Onsoň hälki gelniň adamsy uruşdan gelipdir, bular ýene bagytly ýaşapdyrlar we wagty sagady ýetip bular hem aradan çykypdyrlar.
Onsoň gelinem, adamsam, gelniň alyp gitmäne gelen doganlaram ählisi Jennete düşüpdir. Şonda gelin äriniň wesýetinden çykmadygy üçin Jennet gapylary hiç-hili sorag-jogapsyz açylypdyr we gelinem adamsam ýene ol dünýäde bagytly agzybir ýaşapdyrlar...


170

20

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 imissyou [off]
  Sylag hemme kişä,söýgi laýyk bolana!!!
 30.03.2024 / 12:06

+2

Gowy manyly hekaya eken like❤


Täzeje
 (30.03.2024 / 12:23) 

imissyou, hawa manyly eken

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 30.03.2024 / 12:57

+0

Indi şutaýda sorag bar. Ýaňky gelin nädip eklenipdir?
Eger ir döwür bolsa ha daýzalary hem nääçe ýyllap ony saklarmyka?
Nemedä, öňki dögir azyndan 5 6 ýyl gullykda, ýöne şolarada 2 3 aý dyýnç beripdirler 1 2 ýyldan...
Diýjek bolýanym, ýanyňda dogan, _Erkek doganyň bolsa ahuna-ha gitme diýmeli däl.


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 12:58) 

Fantom, hmm howwa dogry, şu wagt kellä gelli dos. Düzedeýinmi mowzugy reski aljyrappp ??


Özümiziňki
Fantom  (30.03.2024 / 13:01) 

_dali, Ýok, az okan az bilýän mollolaram bolyp bilerä?!

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 30.03.2024 / 12:59

+0

Beýdiýsem göwnüňize alaýmaň, emma şu aýalyň hereketi nädogrymyka diýýän.
siziň pikiriňiz nähiýli???


Öwreniji
_dali  (30.03.2024 / 13:01) 

Fantom, aý bilmedim dos, Alla bardyr ýekedir, onuň özi bilýändir näme dogry näme ýalňyşdygyny. Meniň ýazanym bolsa könelerden gelýän bir hekaýajyk. Şugün eştdim we ýazdymam göni


Özümiziňki
Fantom  (30.03.2024 / 13:08) 

_dali,
Gowy edipsiňiz, ýetiriň şeýdip.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gülkünç wakajyklar


"Şu pille" )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Kesxa (Şugün, 22:38)

Gülkünç wakajyklar


1nja vopshe dushunmedim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
rexha (Şugün, 20:39)

Gülkünç wakajyklar


Hijisinede dushunmedim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
rexha (Şugün, 20:39)

Gülkünç wakajyklar


Çagalar bagynyň terbiýeçisi ejesine oglanjygyň goňşusynyň miwe şerbetli bulguryna tüýkürendigini aýdyp arz edýär. Ejesi şol tüýküren şerbedini og...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Belki (Şugün, 20:22)

Gülkünç wakajyklar


gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Brend (Şugün, 20:00)

Şu gün bagra bas ejeňi


Gosgy gaty ussatlyk bn yazylan! Tuweleme awtory!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Daniel (Şugün, 18:41)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Erbet däl gowy mysal, Hülle näme bilýäňizmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Brend (Şugün, 17:09)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Waýeý...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Dunyodagi (Şugün, 16:59)

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика