Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yylgyran wagtym gamlanmagyma sebäp bollylar, gamlanamda yylgyrtmak üçin hiç kim yokdy:/
Gyzlaryma
Özümiziňki halmyradov [off] 30.03.2024 / 19:35 #Singer
Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dert iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.
Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, säherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.
Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.
Namartlar kä mert ýigde-de
Nahak ýere şyltak atar.
Ýöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter.
Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.
Durmuş guruň, ylalaşyň
Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizde
Dyzap durmaň öýüňize.
Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýyňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.
Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»
Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!
Gurbannazar Ezizow
Teswirler:
Täzeje Dreamfull [off] 30.03.2024 / 19:36+1
braaawo brawola
Gytyndan Aypipijik [off] Durmuş doly yenil kelleden# 30.03.2024 / 22:13+0
Täzeje Mekan02 [off] Onunden akyan suwun gadyry yok 30.03.2024 / 22:28+0Gowy gosguda su
Soňky teswirler
Lolular
Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye.
Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...
dowamy...Lolular
Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....
dowamy...
Ýokaryk