Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Böwürslen(1)
 Özümiziňki
 halmyradov [off]
 31.03.2024 / 18:29
 #Singer

Böwürslen

Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere
iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir.
Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür
bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
* * *
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy
10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün dogmanka
oýanaýmalydy. Muny oňa enesi heniz mekdebe-de gitmeýäkä öwredipdi. «Daňdan
perişdeler gezýärkä oýa bolsaň, köp sogap gazanarsyň, süňňüň ýeňil bor» diýipdi.
Togsana golaýlansoň, bir-iki ýyllykda dünýeden gaýdan enesini Nurum dünýede
ähli zatdan gowy görýärdi – hat-da kakasyndanam.
Bu gün bolsa ol şeýle-de ir turmalydy. Geçen hepdeden bäri Nurum daňdan turup
jülgeden böwürslen ýygýardy. Soňam ejesi gapylaryndaky bulgary satmaga
äkidende ýany bile bazara gidýärdi. Ýyganja böwürslenlerini satýardy. Soňam
gazananja puluny ejesine berýärdi.
Daňdan nähili täsin. Onuň täsinliginden töweregem üýtgeşik geýnen ýaly
görünýär. Ynha, Gün dogup töwerek gyzyp ugransoň dünýäň ýüzüni kirşen basan
ýaly bolar. Häzir welin, böwürslenlerem edil bir ýere baglanan merjen däneleri
ýaly. Buz ýaljak miweleriň aýratyn tagamyny nädip düşündirjek. Daňdan tur-da
böwürslen ýygyp gör şonda bilersiň diýäýmeseň...
Nurum böwürslenleriň tagamynyň nähili gowudygyny dil bilen düşündirip
bolmajagyna azajyk gynandy. Edil böwürsleniň tikeneriniň eline ýara salanda
çalaja gynanyşy ýaly...
* * *
Maksat «BMW»-siniň ýeňil ruluny ýeňil tutup, gününden hoşal barýardy. Birden
onuň jübi telefony hoş owaz etdi. Ol kimiňdir biriniň jaň etmesine begendi.
Telefon bolsa hezil – ol çagyrylmadyk myhman däl. Ýüregiňe düşse ýa halamasaň
telefony öçüräýmeli. Emma Maksadyň ony öçürmäge gaýraty çatmady. Jaň edýän
aýalydy. Ol nälaç, ýüzüni-gözüni bürüşdirip jogap berdi:
– Hawa, Maksat diňleýä.
– Men.
– Hawa, sen. Näme gerek?
– Bulgar burç gerek. Ajjyga ýapýan, näme derrew al-petimden alýaň?
– Näçe kile?
– Iki kile bor-la?!
– Men näbileýin. Iki bolsa iki.
– Gyýw, bolýa diýip agşam süýräp getiräýmegin. Şeýle-de Gün gidip barýa. Men
baňkalary ýuwuşdyryp otyryn. Häzir getir. Gowsunam gözläp ýörme, arzanragam
bolýa.
Maksat laýyk bazaryň deňinden barýardy. Ol maşynyny gyra sowup saklady.
– Bolýar....

Dowamy bar...


98

7

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 31.03.2024 / 18:35

+0

Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere
iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir.
Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür
bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!

Tasin

böwürslen nammolya?

3jin dowamyn goyay


Özümiziňki
halmyradov  (31.03.2024 / 18:46) 

Aypipijik, smorodina yaly zad oytyan


Gytyndan
Aypipijik  (31.03.2024 / 18:48) 

halmyradov, mmmm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика