Eger meni çekjek bolsaň,
Ýüregmi lowlap duran et.
Jübimde bir it çekip ber,
Özünem uwlap duran et.
Saçam-a gerekdir weli,
Kellämde pikirler bolsun.
Elimde — ýönekeý galam.
Dilimde şükürler bolsun!
Geçen ýolum bilner ýaly,
Köwşümi çekewer köne.
Eşigmi çekeňde weli,
Gaty ünsli bolgun ýöne.
Ýaňakdan syrygyp,
köp däl,
Iki damja ýere aksyn.
Gözlerimde umman bolsun,
Özem olar saňa baksyn.
Durubersin çapyklarym,
Bolubersin ýygyrt, gasyn.
Sünnälemek hökmanam däl,
Çekseň bolýar maňa basym.
Artykmaç hiç zat bolmasyn,
Baram bolsa, ýok edewer.
Bir haýyşym, suratkeş gyz,
Alnymy bir ak edewer.
Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...