“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : İnsan bir kere birine geç kalır, bir daha hiç kimse için acele etmez.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Meniň söýgülim ýabany
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 18:56

Meniň üns beren zadyma seret, meniň kelläme gelen pikiri diňle. Bu hili pikirler näme üçin öň kelläme gelmändir şuňa geň galýan. Men size öň aýdypdym söýgülim barada. Onuň jüýje etini iýmäni halaýanlygy barada.
Söýgülime hyzmat etmäni gowy görýän. Şonuň üçin onuň bir aýdanyny iki diýdirmän derrew ýetirýän. Bu diýdigim söýgülim jüýje eti bilen doly üpjün edilýär.
Bu gün hem şol öňki günlerdäki ýaly bile çaý içmäne otyrdyk. Çaý başynda her kim öz halaýan zadyny iýýär. Men çörege ýag çalyp iýmäni, çaýa köp şeker salmany halaýan. Söýgülim bolsa tarelka salyp getiren jüýje etini iýýär.
Çaýymyz öňümize alyp garnymyzy doýyrmana otyrdyk. Dymyşlyk bolsa boljak däl. Näme üçindir bu gün ikimiz hem hiç zat diýmän dymdyk. Sesimizi çykarman her kim öňünde baryny iýip içip otyrdy.
Meniň bokurdagyma gidýän çaýymyň hopurdysy eşidildi. Çörek iýýän agzymyň tamşanmasy eşidildi.
Nädeňde asudarak bolup bolýar diýip çaýy assajykdan içime sordum. Ýag çalynan çöregi bolsa elim bilen kiçijikden bokurdagyma dykdym. Hopurdym bilen mala-goýun-geçä meňzemejek bolup. Söýgülimiň bolsa meniň kelläme gelen pikirden habary ýok bolsa gerek. Mazaly jüýje etini eli bilen, kä ýerini bolsa dişi bilen çekeläp näzijek barmaklarynyň ujy bilen owadanja dodaklarynyň aňyry tarapyna dykyp göýberýärdi. Elbetde bu wagt onuň dodaklarynyň şapbyldysy ýaňlanyp men tarapa ýetip gelýärdi.Eline düşen süýekleri bolsa dişleriniň arasynda goýyp kitirdedip iýip iýilmedik süýkleri bolsa gapdala zyňyp göýberýärdi.
Kelläme gelen ikinji pikir bolsa şeýledi.
Tebigat adamy şeýle ýasapdyr adamda alaç ýok. Ol tebigat kanunlaryna boýun egýän pursatynda tebigatda bar bolan ähli jandarlary ýatladaýr, olara meňzeýär diýdim. Ýogsa seret şu wagt söýgülime. Mylaýymja keşbi bar. Edil mylaýymja pişiji ýaly. Emma jüýäjäni çekeläp iýýän pursatynda, eli bile bilen basýan pursatynda bu endikleriň hemmesi tebigatda bar bolan jandarlaryň ählisinde bar. Mysal üçin möjek hem edil söýgülimiň edenini edýär. Ikisini bir ýerde goýyp olara seredip otyrsaň nähili iýýänlerini onda meniň owadanja söýgülim ýabany jandardan parhy ýok.
Emma men bu zatlary görsemde söýýänligim üçin ony ýabany jandara meňzetmeýän tersine men ony parlak arzuwlara meňzedýän. Bu ýerde mende nämeler bolup geçýär. Belli däl. Näme üçin men ýabany jandar bilen meňzeşligi bolan söýgülimiň ýananylgygy hasaba urman bilýän. Ýogsa ol ýabany ahyry. Ol möjege meňzeýär iýýän pursaty.
Şu hili pikirler çümüp galypdyryn. Bu wagt aralygynda meniň söýgülim jüýjäni iýip bolup ortany ýygnamana başlady.
Indi ol meniň gören ýabany zadyma meňzänok. Meňzemänligi üçinem men özümiň bu hili pikiriň kelläme gelenine haýran galdym.
Eger men şu wagt söýgülime kelläme gelen bu pikiri aýytsam, ýagny sen ýabany, möjege meňzeýäň diýsem yzy bilen näme bolup geçer. Başlanar bir ullakan gykylyk.
Söýgülim maňa sen meni söýmeýäň diýerde gidip galar. Bu maňa ýokmaz çünki meniň söýgülim ýabany pişige meňzesede men ony söýýän.
Diýmek, kelläme gelen bu pikirde many ýok. Men bu manysyz pikiri söýgülime aýytmaryn. Diňe öz ýanymdan käwagtlar söýgülimi ýabany möjege bolsun ýada ýabany pişige meňzederinde goýaryn.


17

13

2

0

4

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Belki [off]
  Alladan dilänim -- bu gün ol meñki!
 Şugün, 20:12

+0

Yaman samsyk yazyan-ay.Dislike!

 Täzeje
 Daniel [off]
 Şugün, 20:41

+0

Manysyz kimay muny yazan?😡😡😡

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň söýgülim ýabany


Manysyz kimay muny yazan?😡😡😡...dowamy...

Meniň söýgülim ýabany


Yaman samsyk yazyan-ay.Dislike!...dowamy...

Gamgyn gundelik


Olam sen yaly diyere zady kop bolup aljyrap durandyr-da, way. On cun beydip dessan duzmegem gerek dal-a....dowamy...
Erkin mowzuklar | Gamgyn gundelik
Belki (Düýn, 02:55)

Sorag jogap alyşalyň


Gullukdan mayda geldim gullukda Orazik diyerdiler familya Orazow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Orazik (Düýn, 01:14)

Gamgyn gundelik


Gülüm, eýýäm näçe wagt geçipdir biziň habarlaşmadygymyza... Ýadymda, soňky sapar gürleşenimizde öz söýgiliň barada aýdypdyň, ol barada ähli zady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gamgyn gundelik
Mizan (14.11.2025 / 23:26)

Sorag jogap alyşalyň


Adym hem familyamyñ baş harpy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
MaksatH (14.11.2025 / 19:40)

Sorag jogap alyşalyň


Yuregime yakyn soz shon un ulanyan shu sozi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
yurekdesh (14.11.2025 / 01:22)

Sorag jogap alyşalyň


25-ИТ-1. Okaýan gruppamyñ ady. Dogrumy aýtsam näme diýip girjegimi bilmedim po etomu şeý diýip ýazyp giräýdim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
25-ИТ-1 (13.11.2025 / 20:14)

Sorag jogap alyşalyň


Daniel bu meñ adym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Daniel (12.11.2025 / 20:27)

Sorag jogap alyşalyň


Vector_pro esasan, ulanyjynyň tehniki ugurlarda ýokary hünär derejesine eýedigini görkezmek üçin ulanylýar.Şoñ üçin şuny sayladym....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Vector_Pro (12.11.2025 / 16:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->