Ýürekdeş sözler!
Gaýybana söýgülime hat
Mishel [off]
Şugün, 13:24
Salam gaýybana söýgülim. Bu haty alyp seniň kelläňe derrew süýji hyýallar gelendir. Meni gaýdyp gelendir öýdersiň. Emma ýok. Indi biziň aramyzda söýgi ýok. Ol öldi. Edil çugytma degen towuk ýaly süzilip, horlanyp.
Men saňa ynandym. Men seni kölde ýüzýän guwdyr öýütdim, asmanda uçýan durnadyr öýütdim. Sen süýji-süýji gygyldadyň. Onsoň meniň kalbyma söýgi indi. Özäm gaýybana. Bu diýdigim men seniň özüňi görmedim, bakyşlaryňa eremedim. Emma söýdüm.
Sen bulutlar arasyndan görünmän uçyp barýadyň. Özüň uzaklara gidip barýandygyňy aýdyp meni hem yzyň bilen çagyrdyň. Emma mende ganat ýoklugy sebäpli men seniň yzyňa düşüp gidip bilmedim. Men bu ýerde galdym. Seniň yzyňdan bolsa meniň süýji hyýallarym gitdi. Bu süýji hyýallar bolsa soňra söýgä öwrüldi.
Ýöne diýenim bolmady. Sen şeýtan ekeniň. Sen meni aldadyň. Haçan sen uzaklara uçyp barýan pursadyňda meni dälde şöl gidip barýan ýeriňdäki söýgüliňi görmek üçin, onuň gujagyna dolmak üçin meni dälde ony çagyryp uçyp gidip baraýan ekeniň.
Men bolsa bu wagt bagda biten gyzyl güldüm. Ýaňaklarym elwan parlap durdy. Maňa aşyk bolan ýel meniň saçymy sypap ýüregime serginlik berýärdi.
Men bolsa ýaşlygymdan burk uryp hemmä bu dünýä hezil. Dünýä hezil bolany üçin men şeýle owadan, şeýle gözel diýip meni söýenlere ylham, arzuw, paýhas paýlaýardym.
Emma sen gül gadyryny bilmeýän, paýhas gadyryny aňmaýan, ylhamsyz bir möjek ekeniň. Seniň bu halyňy derrew bildim we özümi söýenleriň arasyna gaýdyp bardym. Indi bolsa biziň ýolumyz aýry.
Men seni hiç hiç ýerde görmedim we indi görmek hem islämok. Göý sen öz betnyşan söýgüliň bilen hemişe batgalykda, çöllükde ýeke bol. Sen hemişe gygyldap öz söýgüliňi asmandan seredip gözle. Bu seniň jezaň.
Men bolsa öz hakyky söýgülim bilen tapjanda çüýjükläp çay içip otyraýyn. Haçan sen ýeke özüň asmanda uçup barýandygyňy görsem men saňa ýene ýüz ýyl gagyldap ýeke özüň uç diýeýin
9 |
7 |
0 |
0 |
2 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
YUREKDEŠ
Adyny ýalňyşyrak ýazypsyňyz Yürekdeş, Diýmedim-ä ýürek deş! Içim dökýän, Gel, gowusy kömekleş..!...dowamy...
Gamgyn gundelik
Olam sen yaly diyere zady kop bolup aljyrap durandyr-da, way. On cun beydip dessan duzmegem gerek dal-a....dowamy...
Gamgyn gundelik
Gülüm, eýýäm näçe wagt geçipdir biziň habarlaşmadygymyza... Ýadymda, soňky sapar gürleşenimizde öz söýgiliň barada aýdypdyň, ol barada ähli zady...dowamy...
...