Ýürekdeş sözler!
Adminka : Кавир адам,кавагт адам#Админка
Biziň günämiz
Özümiziňki halmyradov [off] 02.04.2024 / 05:08 #Singer
Durmuşda köpleriň göwnüne degdim,
Köpler bolsa, meň göwnüme degdiler.
Il içinde çekdim ýekelik derdin,
(Ýekelik derdini çekenler biler.)
Köp zatlary görmän duşundan ötdüm,
Köpüsini bilgeşleýin görmedim.
Ýyllar geçip, ahyr bir açyş etdim,
Ýagny, il günäli diýip ýörmedim.
Şagalaňly köçeleriň ýeňsesin,
Ujy çür köwüşli gaşap barýaryn.
Hem owadan adamlaryň hemmesin
Hudaýlar dek sylap, salam berýärin.
Emma, ine, gujagynda balasy,
Bir ýaş ene ýaş akdyryp gözünden,
(Gözýaşyndan gördüm ahy-nalasyn),
Barýar bu ajaýyp ýeriň ýüzünden.
Ilkinji şatlygyn, ilki baharyn —
Körpejigin ol gysypdyr bagryna.
Ärsumagy dünýäniň şu säheri.
Sowurypdyr ony ýeliň ugruna.
Ýok! Diňe görmeýän men bu aýaly.
Men onuň hasratyn ýürekden duýýan.
Ýaş gelin öňünde özüm günäli,
Hemme adamlar-da günäli diýýän.
Il içinde çekip ýekelik derdin,
Aramyzda ýaşýar şol juwan gelin.
Men oňa baş egip salamam berdim:
«Bagyşlaň günämiz, eý merdan gelin!»
Gurbannazar Ezizow
Teswirler:
Gytyndan Aypipijik [off] Durmuş doly yenil kelleden# 02.04.2024 / 05:12+0
Premium
BAYOGUL [on] 02.04.2024 / 10:15+0Maldes gowy bolupdyr
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 03.04.2024 / 00:36+0Gowy
Täzeje Dreamfull [off] 03.04.2024 / 11:12+1Gowy
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk