Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Biz haýsydyk? Söýenmi, köýenmi, doýanmy, duýanmy Biz haysydyk...!?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adam tanamak
Premium
 BAYOGUL [on]
 02.04.2024 / 10:19
 Yurekdesh.ru

Adamyň kimdigi nähili ýagdaýda has gowy bildirýäkä? Birki gün bäri şuň pikirini edýän. Aslynda, birini tanajak bolmak, ýa biri bilen gatnaşyk açjak bolmak derdimem ýok. Birden ýöne kelläme geldi-de. Has dogrusy, kimdigiňi bilmek başga biriniň kimdigini bilmekdenem has möhüm bolmagam mümkin. Käte-de adamyň özüne özünden belet zadam ýok, ýöne bilmediksirän bolýaram diýýän. Birhili özüňe beletdigiňi özüňe aýtsaň, ýaşamak has kynlaşaýjak ýaly. Käte-de hakykatdanam, özüni tanamaýanlara-da duş gelýäň. Gypjakda Çary Karan diýip bir dilewar, akylly ýaşuly bardy. Bir gezek ondan bir rowýat eşitdim, ýeri geldi menem aýdyp bereýin. Köçäň gyrasynda, öýüniň ýanynda, tuduň kölegesinde keçe ýazyp bir ýaşuly çaý içip oturan eken. Geçip barýan birküç sany ýaş jahyl oglanam “Gel, şu garryny oýnalyň-la” diýen niýet bilen salowmaleýkim, Pylan aga” diýip bärden barýalar. Birsalymdanam olaň biri ýaşula sorag berýär: “O pylanyň ogly, biz deň-duş, aýnaň öňüne baryp, syrtyny görýärmiş, oňa näme diýip borka?” diýýär. Ýaşulam gülýä-de, “Ol-a akyl iş edýän eken, bolmanda syrtyny tanar” diýýär. Oglanlar näme-de bolsa garryň nämä kakdyranyna düşünipdirler. Ýüzlerine urulan ýaly bolup, gyzaryp turup gidipdirler. Hawa kä wagt syrtyňy tanamasaň şeýle-de bolaýýar. Rowaýat rowaýat, durmuşda nädip özüňi tanamalyka? “Her kim özüni baý, gowy tanaýar” diýip kabul etsek, başga birini, garşyňda oturany nädip tanamaly? Hawa, iş salyşsaň, ýol söküşseň adam tanadýar, ýöne ol eýýäm giç bolaýýan ýagdaýam bar. Gözi oýnap duran bolsa, iki gepläp bir gülüp duran bolsa diýýäler, synyň düşmese, bir göreňde halamasaň diýýäler. Öňler adamyň ýüzünden häsiýetini aýdýan adamlaram bolupdyr, mümkin şu wagtam bardyr. Olar gizlin jaýa geçip, adamy özüne bildirmän synlaýan ekenler. Bir döwür şol tangyr adamlaň ýazgylaryndan okapdym, ine ýadymda galanlary: saçlary gaty, buýra-buýra adamlar saza, kompozitorlyga ukyply bolýalar. Dodagy ýuka adamlar mekir bolýar, erinlek adam batyr, bir sözli, galyň dodaklylar ynanjaň, sada bolýar. (Elbetde bu Afrika ýurtlarynyň adamlaryna degişli däl). Ellerini giň galgadyp ýöreýänler ýa-da elleşenlerinde barmaklaryny gerip elleşýän adamlaň ýüregi açyk bolýar. Elini kän gymyldatman ýöreýänler hasapçyl, gysganç bolýar. Garaz, şuň ýaly ýazgylar. Olar köp, burny, ýöreýşi, ýylgyrşy, gülüşi... diýen ýaly zatlardanam häsiýet çykarýalar. Student döwrüm gyzygdym soň, başym bulaşdy. Bu zatlar azda-kände gabat gelse-de köplenç ýalňyşdyrýar. Megerem, munuň üçin synçylgam gerekdir-dä. Ýa-da 10 sanyň içinden bir täk sany aýt diýýär. 3 diýseň samsyk, 5 diýseň talant, 7 diýseň orta, 9 diýseň awanturist, 1 diýseň geniý. Menem hakykatdanam kursdaşlarymdan sorap çykypdym. Şonda 1 diýen-ä duş gelmedim. 3 diýenem hakykatdanam akylsyzrakdy. 5 diýenem, 7 diýenem kän boldy. Garaz, bu-da bir güýmenje. Sebäbi adamlaň köpüsi şu häsiýetleň hemmesini diýen ýaly özünde jemleýär. Akylsyzlygam edýär, talantam ýok däl, orta adam diýseňem bolup dur. Nähilem bolsa garaşmaýan netijäme gedim. Üns berseňiz, köp kişi başga birini günäkärläp özüni ak görkezjek bolýar. Şu häsiýeti ýatlap adam özüni geçirimliligi bilen tanadýan ýaly gördüm. Ýaramaz adam aňsat-aňsat, bir bähbidi bar bolaýmasa, geçirimlilik etmeýär. Bagyşlamany kyn görýär. “Aý, oň ýagdaýyna-da düşünmeli-dä” diýip, ýamanlanýanyň arkasyny aljak bolýan köplenç gowy adam bolup çykýar. Ýöne bu ýerde mesele hiç bähbit araman, hakykatdanam ak ýüregiň bilen geçirimlilik etmekde.
Başyňyzy agyrdan bolsam bagyşlaň, özümi oýlandyransoň, ýazaýdym, belki, peýdasy deger.

Cesme.ekizler2.com


172

32

5

6

0

0

3
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 02.04.2024 / 11:46

+1

oňat

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 02.04.2024 / 14:59

+0

Dogry aytyan

 Öwreniji
 zveezda [off]
  Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl
 03.04.2024 / 09:36

+0

Dogry

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 03.04.2024 / 10:19

+0

Bir iki manda sataysan,
Adamlan erbedin ataysan,
Yokarymda Huday bar,
Bularyn neyti herkimi utaysan,
Juwusin herkimin ütaysen,
Gorkanok bular Hudaydan,

Eyke ey dali adamlar hakdalay

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 03.04.2024 / 11:00

+0

Sizde türk dilinde gyzykly kitablar barmyka PDF gornushde?!


Premium
BAYOGUL [on] (03.04.2024 / 13:43) 

Dreamfull, turkje yok turkmence bar gerek bolsa hawarlasay

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Düýn, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Düýn, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Düýn, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Düýn, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Düýn, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Düýn, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Düýn, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика