Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ok (hekaýa) dowamy
Premium
 BAYOGUL [off]
 03.04.2024 / 10:20
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Sowatsyz adamlar-da. Eýläňe-beýläňe seretmäňkäň geçip barýan ömürde ömürden gymmat zat ýok – şony bilýän. Hawa, senem öljegiňi bildiň, menem. Muny öňünden bilmek uly jogapkärçilik, agyr ýük. Ýöne sen «ýazgyt», «kysmat» diýip, onuň çözgüdini Allaň boýnuna atdyň. Şoň üçinem rahat, parahat öldüň, men welin, ony öz boýnuma aldym. Ahyram uruna-uruna diri galdym. Tüýkürse tüýküribersin Sylap ýüzüme. Ynanmasyn. Kim oňa gaçgak halyňa öldüriljek göle ýaly yzyma düşüp milisä bar diýdi? Ýeri ejesi bilen bir käse çaýy içdi näme, içmedi näme? Öýüniň ysyndan kükregini doldurjakmyş. Öňi-soňy tutup alyp giderdiler.

Rejep durdy-da göni gözümiň içine seredip:

- Aýt maňa, dünýede jandan eziz zat bamy? – diýdi. Soňam badyny saklap bilmeýän, beýikden inip gaýdan ýük maşyny ýaly jogabymy eşitjegem bolman ikinji soragyny berdi:

- Bilýäňmi bu zatlary saňa näme üçin gürrüň berýänimi?

Men näme diýjegimi bilmän ýaýdandym.

- Öňi-soňy muny saňa ýetirerler. Üstüni dolduryp, owadanlap, «Aý, şo dämi, jan ýaly dostuny tutduryp, milisgä girip urşdan galan züwwetdin» diýip, agyzlaryndan tüýkülik syçradyp, lezzet bilen gürrüň bererler. Beý diýsem, her täze geleniň öňünden çykyp Sylaby tutdurşymyň kyssasyny aýdyp ýörendir öýtme. Näme diýseler şony diýsinler, kimiň züwwetdigini özüm gowy bilýän. Mümkin, düýşümem bahanadyr, hakykatdanam gorkaklyk edendirin. Men näme etdim? Halanmaz, döşümden itiler, yzymdan hyşy-wuşy gürrüňler eder ýaly näme etdim? Hawa, ölesim gelmedi. Kimiň ölesi gelýä? Her kim başga alaç tapman urşa gidýä. Men alajyny tapdym, şoň üçin günäkärmi? Ol akmagy öňi-soňy tutjakdylar ahyryn, özem gaçjak däldi.

Ellerini ýumruklap, birden ot düşen ýandaga dönen pyýada, edil şoň ýalam tapba dymdy. Biz bir sellem sesimizi çykarman gitdik. Soň ol hetjikläp:

- «Ömür - ýaşaýyş üçin göreşdir!» ine, akylly aýdylan söz. Oýnamaga oňa Karl Marks diýmeýäler – diýdi. Rejep atasy bilen gürleşýämi ýa öz-özüne eden işiniň dogrudygyny subut etjek bolýarmy – düşüner ýaly däldi. Ýöne ol meni unudana meňzeýärdi. Birden ol sakga durup, ýene Aýa tarap barmagyny çommaltdy-da:

- Aýdaýynmy Aýyň näme diýýänini? Ol «Gaçanam Alla diýer, kowanam» diýýä – diýdi.

Içen aragy kellesine uran, gözleri köçe yşygynyň ýagtysyna hasam gyzyl, öçüksi görünýän Rejep hahahaýlap güldi. Onuň gülküsi. Ümsüm, ses-sedasyz gijede hasam ýakymsyz eşdildi.

- Bilýäňmi, milisede hem ogry-jümrüleň arasynda ýörgünli bir gep bardyr: «Tutulmadyk ogry däl» diýýändirler.

Men indi içgili pyýada bir zadyň üstünden barmasa kaýyl bolup başladym. Garaşyşym ýaly, ol syrtyndaky gaýyş gapdan sapançasyny çykardy. Aýyň ýagtysyna nili lowurdap duran sapançany onuň elinde görüp süňňüm gowşady. Aýaklarymda ysgyn galmady. Rejep welin, göwni bir ýaly onuň tutaryndan içi okdan doly magazini çykardy. Onuň içindenem dört sany oky çykaryp aýasynda goýdy-da «gör» diýýän äheňde maňa tarap uzatdy.

- Ine, şuňa ok diýýäler. Sen entek muňa düşünmersiň. Aslynda, bu zatlary saňa nähak gürrüň berdim.

Onuň aýasyndaky oklara jadylanan ýaly seredýädim. Ol gysymyny gysdy. Belki, kiçijikkä bugdaý dänelerinem gaçyrmajak bolup gysymyna şeýdip gysandyr?! Oklary howlukman yzyna, magazine dykyşdyryp durşuna Rejep:

- Sylaba welin, çynym bilen minnetdar. Ogulgüle öýlenenim, abraýly, goragly, ýanyň ýaragly işim, uruş ýyllary işimiň arkasyndan uly il iýere zat tapman sarun iýende-de horluk görmänim, her şatlygym, begenjim, hatda gülküm üçinem minnetdar. Elimden gelsedi, ol akmaga ýadygärlik galdyrardym. Inijik, seň ýüregiňe düşäýen-ä däldirin? Bagyşla, bir azajyk içdimem, joşdumam. Öňem biri «Içýänime içim ýanyp içýän» dýýämi, menem şoň ýaly gürleýänime içim ýanyp gürleýän.

- Ekzýuperi.

- Näme?

- Öňem biri diýýäniň.

- Aý, ýoga. Özüme Ekzýuperini okan ýeke milisiýa işgäridirin öýdýädim.

Ýene az salym sesimizi çykarman ýöredik. Aý zergär kimin dünýä altyn çaýýardy.

- Özümiň-ä ýüregime düşdüm. Pikirlenip görsene – tutulmadyk ogry däl, gaçanam Alla diýer, kowanam. Bolmanda gaçýan şeýtany çagyraýjak ýaly-da welin, gör, ikisiniňem Alla diýşini. Ikiňem şol bir zada sygynýan bolsaň, onda gaçmakda, kowalamakda näme many bar?! Şeýle dälmi? Näme diýselerem olaryň biri dilinde Alla diýse-de ýüreginde şeýtany çagyrýandyr-laý. Aý, esasy zat ele düşmeseň boldugydyr-da. Munuň Allasam şol, şeýtanam. Menem Alla diýdim, Sylabam...»

Ýoldaşym ýene dymdy. Belki, meň bir zat diýerime garaşandyr. Dogrusy, menem indi onuň dymanyny kem göremokdym. Emma ol uzak dymmady. Bilmedim, eýýäm näçinji çilimini otlanýanyny, otluçöpüň çöpüni ýanyp gutarýança elinde saklap, onam birinji gezek görýän ýaly synlap durşuna:

- Bilýäňmi, biziň çagamyz bolanok. Öýlenenim sekizinji ýylyň içi, ne ogul, ne-de gyz – hiçisi. Barmadyk dogtarymyz, etmedik emimiz galmady. Ahyry ejem osmakladyp, Sylabyň garry ejesini razy etmelidigimi aýtdy. Bir palça «Birini gaty erbet ynjydypsyňyz, şoň razyçylygyny almasaňyz perzendiňiz bolmaýa» diýipdir.

Gitmejek bolup kän gezdim. Soň öz göwnüme-de palçyň gepi dogry ýaly boldy durdy. Şol wagtlar Sylabam düýşüme girdi. Düýşümdirem öýtmän, derrew oň bilen razylaşjak boldum. O welin, razylaşmady «Git, ejemi razy et» diýdi. Hopugyp oýandym. Bu düýşden soň birden-birden dünýäni unudyp, asmandan gaçan ýaly, ähli zady geň görüp, akylym haýran oturmany çykardym. Ogulgül görgüli «Näme bolýa, gyýw, saňa?» diýse-de «Aý, bilmedim, töweregim, bar zat düýş ýaly» diýýýän. Gijeler oýanyp, «Wah, şu wagt enem jan gelsedi, meni Bibi Patma janyň ýoluna çykarsady, biziňem ýekeje çagamyz bolsady. Ogul gyz diýjek däl, öýden bir arlygyň ysy gelsedi» diýýän. Mesele çagada-da däl. Çaga meniň üçin aklawjy. Düşünýäňmi ejem osmakladyp, aňar ýaly edip maňa Sylaplara git diýýä. «Sylabyň ejesiniň ýüregine bitmejek ýara saldyň, git isle janymy al, isle bagyşla diý» diýenok. Ogulgüliň sesini çykarman seredişini bir görsediň. Olam gujagyna çaga almaýanyny menden görýä, ýöne ýeke agyzam dil ýaranok. Bolmanda adam: «Bolar, işalla, sabyr edeli» diýer. Men göwünlik beren bolsamam artykmaç bir zat dilinden sypar öýdüp gorkýan ýaly, derrew gürrüňi üýtgedýä. Ahyry oba gidip, Sylabyň ejesini görmegi ýüregime düwdüm.

Lenin bagyna-da geldik, gel şu oturgyçda oturaly. Hemişe-de oturýan ýerim şü.

Biz ýokarda asylan elektrik çyrasynyň yşygynyň ýapraklaryň arasyndan alarak düşýan oturgyçlaryň birinde oturdyk.

- Hawa, ahyry obamyza gitdim. Milise eşikli gideýin diýdim. Kim bilýär, näme-de bolsa şu eşigem goraýa-da. Syrtymda-da pistoledim. Obamyz tanar ýaly bolmandyr. Ýer yranandan soň täze ýere göçüpdir. Hatar-hatar jaýlar. Tok çekilipdir, krandan suw akyp dur. Annaberdi agsagam kolhoza başlyk bolupdyr. Garaz, soraşdyryp Sylaplara bardym.

Sylabyň ejesi Amanbibi eje garrapdyr, gözleri kütelipdir, meni tanamady. Kim bilýär tanasy gelmedigem bolsa belli däl. Gapylaryndan «Salowmaleýkim» diýip girenimden ýalňyşanymy bildim, ýöne yzyma dolanmaňam ebeteýini tapmadym. Niçigem bolsa, tanaýan däldir diýip: «Meni siziň ýanyňyza Rejep iberdi. Amanbibi eje razy bolsun, meň başga alajym ýokdy diýdi» diýen boldum. Pahyr «Kim Rejep?» diýýä-dä. Menem näme diýjegimi, nädip düşündirjegimi bilemok. Soň birden özi içini çekip, «Hih! Omy?» diýdi. Sakawlap «Şeýtmese, oň özünem urşa aljak ekenler... razy boluň, Amanbibi eje» diýdim. Ýer ýarylmady, men girmedim. «Şu diriligimden urşa gidip ölenem bolsam gowy bordy» diýen pikir ilki gezek Sylabyň ejesiniň öňünde oturkam oňurgamdaky ýülüklerimi sanady. Görgüliň garryja, horja barmaklarynyň sandyraýşyny bir görsediň. Adam ýaly binamys mahluk ýokdur. Ne turup gidip bilýän, gara dere batyp, ölübilmän otyryn.

«Hä, oň bilen bile işleýäňmi? Bilýän janym. Indi hemmesine-de düşünýän. Neressämiň kysmaty şeýle bolmaly, okdan ölmeli eken. Ýogsa, şonça ýoly geçip, tutulman-gapylman, gapyň agzyna gelende-de şoňa duşaýmalymy? Boljak işe çäre ýok diýleni. Ýöne bir didaryny ganyp-ganyp görüp bilmedim, käsejigine çaý guýup berip bilmedim, şoňa neme edýän. Alla ony gorajak bolup, ogluma şonça ýol geçirenem bolsa bize bilme ýok. Allaň işine akyl ýetýämi, köşek. Kä wagt ýeke özüm çagamy ýatlap oturýan-oturýanda pikir edýän, her zat göwnüme gelýä. Işanyň itinem bihal görme diýilmänmi, o-da Işan janymyzyň agtygydy-da. «Şehit çagam, oňa sebäpkär bolup, sogabyny artdyrandyr, belki» diýibem özümi köşeşdirýän. Öňi-soňy ölmeli. Ömür diýlen ölüme barýan ýodajyk ýalydyr-da, janym. Ýöreseň gutarmajak ýol barmy?! Ýolunyňam, ýodasynyňam sadagasy bolaýyn, ýöne berenje ýolunda Özi azaşdyrmasyn. Razydyryn, men ölýänçäm oba göçüp gelmese bor...»

Amanbibi ejäň keçäň gülüni gasyn-gasyn bolup giden süýem barmagy bilen dyrmap, başyny galdyrman aýdan bu sözlerini diňlämden soňam utanjyma şo ýerde takga janym çykaýmalydy, çykmady – turup gaýtdym. Mundan-a agamyzyň ganyny aljak diýip inileriniň biri böwrümden ak saplyny geçiren bolsady... Görgüliň ogluny, Sylap dostumy ikinji gezek öldüren ýaly boldum. Ak gyňajam daňynypdyr welin, edil garry enem-dä. Öwrüp-aýlap itsiňem diýip goýberdi. It bolsaň it diýilersiň-dä. Ýeri bir käse çaýy guýup berdiň näme, bermediň näme, iki arada bir adam ölümden gutuldy ahyryn. Hakykatdanam, Sylap, sen sogap gazanansyň, eger sogap diýlen zat bar bolsa.

Birdenem ýalt edip ýoluň gyrasyna seredenimi duýman galdym. Bir wagtky suw tutýan pilimi taşlan çaýyrlygymy göräýerin öýtdüm. Göwnüne pilim oklan ýerimde ýatan, öňümdenem egni köne güpbüli, saç-sakgal basan Sylap çukaýjak ýaly boldy. Emma çaýyr-da galmandyr, pilem. Çyksady öňüne düşüp öýlerine alyp barsadym, ejesine buşlasadym. Soňam bile urşa gidip, gar ýassanyp bileje ölsedim. Öňki öýmüziň ýerem garalyp bildirip dur. Ekenje tudumam öňksi ýaly ýapraklap otyr. Gaýta ýognapdyr, ulalypdyr. Onuň sagdynlygyna gözüm gitdi. Atamam şo ýerden tutup alyp gidipdiler. Dişim agyranda-da enem bilen ho tarapa gidipdik...

Hawa, garaz obamyzdan bahymrak daşlaşanymy kem görmedim. Şol wagt niredendir bir ýerden çykan ykmanda köpegem alkymyma geldi-de ýüzüme jiňkerlip durberdi. Hor düşen itiň myrtar sypatyndan dünýäm öňküsindenem beter daraldy. Oň perişan, betnyşan sypatynda özümi gören ýaly boldum. „Ýit!“ diýip, ýerden kesek almak üçin egildim. It seňkildäp gaçmak bilen boldy. Menem papagymy piserdip şähere gidýän uly ýola tarap haýdadym. Syrtymdaky pistolediň gatysam endamyma batyp gidýärdi. Ony çykaraga-da çekgämden ýeke oky goýberäýesim gelýärdi hem hakykatdanam şeýdäýerin öýdüp, adamly ýola garşy ýeňkildäp, aýak aldygyna ýöreýärdim.

Rejep esli salym dymyp oturdy. Näme diýjegimi bilmesemem dymyşyp oturmak agyrdy.

- Oba gidip-geleniňe kän wagt geçdimi?

- Ýok. Şu gün üç gün.

Rejep birhili ajy ýylgyryp maňa seretdi-de:

- Entek, Sylabyň ejesiniň razyçylygyndan soň çagamyzyň boljagy-bolmajagyny bilere wagt geçenok – diýdi. Soňam egilip ýerden bir daşjagaz aldy-da elinde oýnan bolup, soňam ony garaňkylyga zyňyyp goýberdi.

- Ol gyzylja bugdaý dänelerini guşlar ýeke-ýeke çöpländir, garynjalar hinlerine daşandyr. Meňem uly iliňki ýaly dişim agyrsa, bir gije gören düýşüme şeýle ynanmadyk bolsam bolmaýarmy?! Atam atylmadyk bolsa, belki, takdyr diýilýäne menem ynanardym. Urşa-da giderdim. Kim bilýär ölmän dolanybam gelerdim. Ölmedim-ä, urşa gidenem bolsam ölmezdim. Ähli zady, Sylaby tutduranymam delile getirýän, ýöne oň ejesiniň ýanyna gidenimi welin, hiç bagyşlap bilemok. Indi garrap ölýänçäm her gije diýen ýaly Sylaby tutdurşymy, ejesiniň keçäni dyrmap oturşyny göz öňümden kowjak bolup ýörmelimi? Meň bar edenim Allaň ýaradan dünýesini, beren diriligini söýdüm. Ähli kişiden aşa söýdüm.

Rejep ýüzüni tutdy. Men onuň näme diýjek bolanyna birbada düşünmedim. Birdenem ol başyny galdyr-da Leniniň ýadygärligine tarap ümläp:

- Ýok-laý, hon-ha akylly adam. Durmuş hakykatdanam göreş. Ýazgydyňam şol, kysmatyňam, takdyryňam. Şonda-da ejizlenäýýä-dä... – diýdi. Göwnüme biçäre ýigidiň gözüne ýaş aýlanan ýaly göründi. Niçigem bolsa, ýoldaşymyň ýüzüne seredip bilmän, ol «göreşjeň» adamy öň görmedik ýaly ýadygärlige bakdym. Onuň elini Gündogara tarap uzadyp durşy-durşudy. Birdenem onuň elini uzadýan tarapyndan bir zenanyň orsçalap «Kömek ediň!» diýip gygyrýan sesi eşdildi. Rejep zöwwe ýerinden galdy-da ses çykan tarapa ylgady. Menem iki ädim yzynda. Gykylyk bagyň garaňky burçundan gelýärdi. Rejebiň sapançasyny çykaryp, gürmege girenem şoldy welin, «tark!» edip tüpeň sesi çykdy. Ol böwrüni tutup öňüme ýykyldy. Ony tutbam ýetişmedim. Oňa çenli saryýagyz maşgala çirkin gygyryp ýagta gaçdy. Onuň turup gaçan ýerinde harby eşikli ýognas kişi eden işine puşman edip, başyny tutup otyrdy. Ol gaçjagam bolanokdy. Aýyň ýagtysyna onuň hälki restorandaky harby eşikli gyzyl pyýadadygyny tanadym. Sapançasam bir ädim gapdalynda ýatyrdy. Ondan elli bizar Rejebe ýapyşdym. Onuň böwrüni tutup duran eli ganyna boýalypdyr. Biçäräň başyny galdyrdym. Ol kepän dodaklaryny müňküldedip çalaja: «Ok... ok...» diýip gaýtalady.

...Lukmanlar onuň damarlak eliniň aýasyny zol açýardylar, ol ýene gysýardy. Göwnüme Rejep bugdaý dänelerini gaçyrmajak bolup gysymyny gysýana meňzedi. Mümkin, Işan agaň Rejepmuhammetjiginiň aýasyna gyrmyzy bugdaý däneleri batýandyr. Üstesine-de onuň şeýle bir dişi agyrýar welin, agyry tutuş göwresini büküp barýar. Agyrynyň diş agyrysyndan has agyr ýaradandygynam bilenok. Bilmänem jan berdi.


119

7

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Dreamfull [off]
 03.04.2024 / 11:01

+0

Dogrysy uzak gurrunleri halamok,sonuna cenli okadym DP biljekdal sonoda Like ceshme biri?!


Premium
BAYOGUL  (03.04.2024 / 13:43) 

Dreamfull,sps

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика