“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Senli in sonky gosgy..
 Täzeje
 Dreamfull [off]
 04.04.2024 / 00:15

Gel otur ýanymda derdimi diňle,
Kalbymyň gussasy saňa aýanmy,
Aňýamyň ýürekde körän söýgimi,
Ýüregime keşde edip gaýanmy.

Gel otur ýanymda ýekeje pursat,
Aşyk göwnüm gandyraýyn mähriňden,
Söýýän bolsaň ykbalyňdan orun ber
Ýa-da kowup çykar köňül şähriňden.


Gel, otur ýanymda gözlerme seret,
Hem bigünä söýgim üçin ýazgarma
Yşkyň bilen kalbyň buzuny eret,
Siňip ömrüň dolanmajak ýazlaryna

Gel, otur ýanymda jogapsyz söýgim,
Ýeňlet sen jepadan düşen paýymy,
Menem "şüdügärden" ýol saljak bolup,
Örtenip ýykmaýyn ykbal raýyny.

Gör-le bu ýollarda ýatlara zat kän
Ýatlamasaň haýp, ýatlasaň çensiz,
Birgiden alada gümra-da welin
Ynanaý ezizim ugrum ýok sensiz.

Bir säw bilen kaklyşanda nazarym,
Gördüm seniň melul bakýan nazaryň
Artdy ýüregimde elhenç gürsüldi
Men neneňsi bu gürsüldä dözerin.

Seni unutmagy kasam etdim men
Bu bolsa meň üçin iň agyr jeza
Sen hakdaky süýji-süýji arzuwlam
Bu gün ýüregime kalbyma yza

Günäkär däl meniň tekepbirligim
Sen nähak ynjytdyň näzik göwnümi
Gamgyn göwnüm sen açardyň ýylgyryp
Niçik özgä baglap bildiň göwnüňi

Şeýle atygsaýar, urunýar ýürek,
Göýä güle owsunýan bilbiller deýin
Dürli hyýallara aldadyp ýörmän,
Gel gowusy nazaryňdan gideýin.

Gideýin, aýralyk düşsün bu ara,
Soň günäni aýralykdangörerin
Şeýdip seň durkuňa siňen söýgümi
Arzuwda ataryp aldar ýörerin



Awtory(Nabelli)MENA bilemok bilseniz yazynsana.


195

23

6

10

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 04.04.2024 / 08:34

+0

gowy goşgy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->