Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Dossum bilen söýgülimiñ öýüne gitdik dossumuñ telefony vifi çatyldy ??
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
Öwreniji zveezda [off] 04.04.2024 / 22:17 Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl
Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin?!
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni?!
Olar size girip çykýandyr, belki,
Seň girip çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.
Sen aýtsaň-aýtmasaň bir zat aňladym,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!
******
Getirip gitdiler size üç günden
Bir ýaglyk gant bilen bir halta uny.
Ýok, ol aklygam däl, süýjüligem däl,
Läläm, ol namyrat Söýginiň huny.
Ýüregim lowurdap gaýtdy asmandan,
Gelnaljylar bir ýyldyzdyr öýtdüler.
Ýyldyz ýere ýetmän söndi armanly,
Seň şanyňa şol ýyldyzy atdylar.
Sen aňdyňmy bolan alamatlary:
Ýol sizi islemän, şeýle çaýkandy.
Atgulakdyr öýtme al matalary,
Olar meniň ýüregimden gyýkyndy.
Şeýle dabaradan humarmydyň sen,
Şol wagt Söýgi duşsa, tanarmydyň sen?!
Italmaz Akmyradow
Mowzugy vip edenler:
zveezda - 4 sagat vip etdi!
(04.04.2024 / 22:21)
Teswirler:
Täzeje Madmazel [off] Maýda şaýlygam sesli bolya edl maýda adamlar yaly 04.04.2024 / 23:05+1
gaty gowy
Täzeje HOSHNIYET [off] 04.04.2024 / 23:53+2Kese durup, yuzun ashak saldynda,
Seslendin: "bagyshla bagryn daglanmy"
Gaytdym elim salgap, bilmen sen natdin?!
Yone, chala eshidip galdym aglanyny.
Täzeje Firuza [off] 05.04.2024 / 00:00+1
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:19+1Eger-de biri sizi ýamanlaýan bolsa,
Goý olar siziň aýakgabyňyzda ýörän ýollaryňyzdan ýöräp görsün.
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:19+1Adamlar seniň ornuňa başgasyny gaty tiz tapýarlar.
Düýn möhümdiň, bu gün gereksiz.
Tanyş duýgymy ?!
GytyndanYekejelai (10.04.2024 / 03:21) zveezda, +++
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:20+1Eger bir ýeriň agyrýan bolsa dym !
Ýogsam ýene şol ýeriňe urarlar.
#Fýodr Ýemelýanenko
GytyndanYekejelai (10.04.2024 / 03:21) zveezda, +++
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:20+1"Men seni bireýýäm ýatdan çykardym,
Ýatlap ýörmek peýdasyz-a söýmeseň.
Unutdym,
Her säher suratyň ogşap,
Her agşamam düýşe girýäň diýmeseň"
#A.Italmazow
GytyndanYekejelai (10.04.2024 / 03:22) zveezda, Haladm ?
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:22+2Käbirleri siziň ömrüňize ömür berjek ýaly ömrüňize girerler. Netijede ömrüňiz kül eder.
Hz.Möwlana
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:22+1Bir ynsan hereketlerini, özüni alyp baryşyny üýtgedip başlan bolsa, ýa durmuşdan gowy bir sapak alandyr ýada köp ezýet çekendir.
-La Edri
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:22+1Bil baglaýanlaryň heläklemegi mümkin.
Äsgermeýänleriň hem halas etmegi mümkin.
Muňa ýalançy dünýä diýilýär.
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 00:23+0Biziňem köp göwnümize degdiler
ýöne elimizi kesmedik, ýa özümizi asmadyk,
oturup keýp bilen kofýamyzy içdik...
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 05.04.2024 / 04:37+1Näçe ýaşanymyz däl, nähili ýaşanmyz möhüm
Gytyndan Aypipijik [off] Durmuş doly yenil kelleden# 05.04.2024 / 05:00+1onat
Öwrenijizveezda (05.04.2024 / 05:01) Aypipijik, sagbol
Gytyndan yurekdes [off] Diller dymýan wagty, gözler gürleýä... 05.04.2024 / 22:05+1Gijeleriň kirpikleri irkilmez
Olar öýkelere düşüpdir ýesir.
Ozal köňle yşyk salan söýgümiz
Tünleriň goýnunda galypdyr ýetim.
?
Betinden rexha [off] Forever in my mind only you🐼 09.04.2024 / 22:53+0Oñadey
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk