“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Siz bilyanizmi,birni na dereje halayanyny nadip bilmeli?_yo.Ony yitirip!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Erkin mowzuklar
Mowzuk açmak
Inime(9 ýaşyny doldurmagy mynasybetli)+1
Arzuwyñ diñlesem “Sen boljak” diýdiñ,Rejeleñ ýaman däl...Nesip, ýetersiñ...Ýöne ýetmek üçin ullakanzat däl,Diñe on bir ýyly arka atarsyñ! Hemem birazajyk boý ösdürseñ bes,Aý näme,horlanmak işiñ añsady...Indi meñ islegmi diñleseñ inim,Saña arzuw edýän kyndan, kyn zady. Gorkma arzuwlamok ölüm,ýitimi,Ýok rowa göremok,durmuşda ody.Ýöne meñ arzuwma seretseñ bular,Pajygalañ iñ bir,Iñ bir añsady. Çünki meniñ saña dilejek zadym,Ö...dowamy...
Bagt diýlip şuňa aýdylsa gerek(toý gutlagy).+0
Hanha görýäs iki goşa juwanyBag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.Bileleşýär bu gün durmuşyñ ýoly,Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.Bagta öwürýärler bu gün söýgini,Arşa göterýärler bu gün söýgini,Başdan geçirýärler ajap duýgyny,Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.Saçagñyzda boş durmasyn tabaklar,Sallançakda iññildeşsin bäbekler,Şatlyk göz ýaşyna ezlip gabaklar,Bag:t diýlip şuña aýdylsa gerek.Kyn günde ýoldaşyñ bolup süýregi,Öñküden-d...dowamy...
Jeza+2
Sen gidensoñ dünýäm garyp galdy gyz,Göwherdiñmi,gyzyldyñmy,zerdiñmi?!Sen gidensoñ dünýäm galdy tagamsyz,Maña ömrüñ süýjüligni berdiñmi?!Berdiñmi dünýäniñ gülki,şatlygyn,Berdiñmi buýsanjyn, guwanjyn, erkin?!Çünki bulañ barsy saña baglanyp,Gidiberdi,dünýäm ýitirdi görkün.Ýitirenlem maña jeza bolmady,Gazananym boldy iñ uly bela.Çünki gözleriñden syrygan göz ýaş,Maña ömrüm üçin iñ agyr jeza....dowamy...
Gyz dogan+0
Ýyllar alyp gitdi “Maşgala” oýnun,Sogurdyda çagalygyñ teýinden.Oýunlary çyna öwrüp, ädimläp,Çykyp barýañ ynha garyp öýüñden.Indiki barjagyñ,garypmy ýa baý,Dogrumy, egrimi... (Hudaý saklasyn).Saýlapsyñ,seçipsiñ,söýüpsiñ ony,Tüf-lenen tüýkülik yza gaýtmasyn.Garyp bolsa baýatjak bol tünegñi,Gurply bolsa nebis sütünin ornat.Ejemiñ öwreden edep-ahlagy,Ejesine bolsun ullakan hormat.Galanyn öwretmek mañada nep däl,Ýene-de diýjeg...dowamy...
Hyrydaryň köp bolar.+0
Ýeñleslikden gaçyp, agras gylyga,Ýer berdigiñ,hyrydaryñ köp bolar.Eneñ öwdün alsañ, gaplap gulaga,Söz berdigim,hyrydaryñ köp bolar.Daşky gözelligñe ber sen ygtybar,Ol seniñ ömrüñi anyk ýagtylar.“Şol gözeliñ içinde-de ýagty bar”Diýdirdigiñ hyrydaryñ köp bolar.Näzi kemräk etmek,söýgiñ lukmany,Ýigdiñ gahryn getiýr,gyzyñ ketjaly...Söýenñe sogan däl,belki şetdaly,Iýdirdigiñhyrydaryñ köp bolar.Yzyñdan sygyran juda kän bolar,Ola...dowamy...
Otly gidip barýar.+0
Otly gidip barýar sesli,tüsseläp,Ýol ugrunda, Tejen, Kaka, Mary bar...Ömür gidip barýar käte hassalap,Ýol ugrunda zäheri bar, baly bar.Otly gidip barýar barha yranyp,Ýol ugrunda şäher, oba,çöli bar...Ömür gidip barýar gama bürenip,Ýol ugrunda ýandagy bar,güli bar.Otly gidip barýar parhyna-da däl,Adamyn düşürýär,adamyn alýar.Onuñ üçin çölmi, obamy,şäher,Parhy ýok bar kyny ýuwudyp gelýär.Ynsan senem indi zeýrenme besdir,Ähl...dowamy...
Enemiň öwütlerinden+0
Bu dünýäge öñün görüp gelen ýok,Ykbalyña ýugrulypjyk ýöräber.Haçan öljegini entek bilen ýok,Halallyga ugrugypjyk ýöräber.Iliñ gepin etme,Özüñem goran,Gybat ýykyp biler “Men” diýen ärem.Ölseñem öwrenme ýalançyñ tärin,Oñ deñinden howlugypjyk ýöräber.Garynjygyñ hiçdir, gözüñi doýur,Duzuny kemeltme,sözüñi doýur.Başarsañ bedewiñ yzyny eýer,Eşek görseñ öwrülipjik ýöräber.Söýgüde utulmak hem-de utmak bar,Üssüñ donly,gyzyl kürtä...dowamy...
Söýgi taktikasy+0
Gözlerim bilen däl ýürekden söýüp,Arzuwlarym saña gönügen ýaly.Men diñe şu güni,ertiri duýup,Hupbatly geçmişim gömülen ýaly.Näz etsene,näziñ çekesim gelýär,Ýöne bir şertim bar, öz çägi bilen.Saña syrly içim dökesim gelýär,Garasyny saklap, ap-agy bilen.Durmuş ýagtylandy, ýakdyñmy çyra,Ýa-da seniñ özüñ ýalkymmy, nurmy?Bu aýry ykbaly baglaly bire,Kiçijek ýürekde meñ ornum durmy?Mende-hä dur,ýürek kiçi bolsa-da,Ullakan ornuñ...dowamy...
Göwün...+0
Ogul:Salam mährem gülçi daýza,çemen bogaý bägülden.Ol şeýle bir gözel bolsun,Haýran galsyn Bägül hem.Ogul:Salam mährem gülçi daýza,çemen bogaý nyrhsyzrak.Bar:bir maňlaýymdan öper,Ejem muňa parhsyzrak.Aýaly:Salamalik gülçi daýza,bogaý arzan çemeniñ.Erkekdirdä...Şu gülem bor,awlaryn oňýüregin.Ejesi:Salamalik gülçi dogan,bog çemeniñ gymmatyn.Çünki otuz ýaşar bu gün,ýeke didäm Hommadym.Bu zatlary gören gülçiň, pikirleri boldy...dowamy...
Durmuşymdan bölek goşgularym)+0
Okaň,baha beriň))...dowamy...
Gysganç!+0
Gözlerimi ýumup,açyp oýnaklap,Hyýalymda gözleýärin keşbiñi.Gel söýgülim,bezäp ýalñyz kalbymy,Bir tutaşdyr ýakyp giden yşkyñy.Goý tutaşsyn,köýdürmese bes maña,Goý ýylatsyn, sowamasyn duýgular.Duýgularsyz meniñ kalbym garypdyr,Beýgelse-de şolar bilen beýgeler.Owadan sözlerme zar bolsañ eger,Gel olaryñ çykýan ýerinde ýaşa.Sen o ýerden gelýän söze teşnesiñ,O ýerem intizar göz bilen gaşa.Ýürek buýsançlarma parhsyz seredip,Olar...dowamy...
Esger armany-1
Rowaýata dönen güjük Hatiko,Dokuz ýyllap eýesine garaşdy.It bolsa-da,wepa bardy ýürekde,Sowuk, yssy,hasrat bilen göreşdi.Wepasyna hormat edip güjügiñ,Tokioda dikdiler ajaýyp heýkel.Dokuz däl, iki ýyl garaşan bolsañ,Seniñ mähriñ bilen ýylardy öýken.Şo wepany görüp bilsedim senden,Dikerdim diýjek däl ullakan heýkel.Emma bagt bererdim türkmene mahsus,Bir töri bagş edip,ullakan öýden....dowamy...
Ýalňyş düşünmäň...-1
Ýaranjañlyk däldir ýalñyş düşünmäñ,Pul üçinem gynamok men toýnagym.Men diñe,diñeje ýeke zat üçin,Isleýän adamlañ meni söýmegin.Añsat durmuş üçinem däl düşüniñ,Anda ýüküm çekdirmegem däl meýlim.Men diñe,diñeje ýeke zat üçin,Isleýän adamlañ meni söýmegin.Gözüm ýumlup, tenim sowan pursaty,Matam tutup geýip gara köýnegin.Ajy sesleñ köpräk bolmagy üçin.Isleýän adamlañ meni söýmegin......dowamy...
Hoş gal, mähriban mekdebim!+0
Kä-te söýüp, jandan seni,Kä-te gadryña ýetmedim.Ýalka meni,Ýazgar meni,Hoş gal,mähriban mekdebim!Aldyk bilmiñ,iýdik duzuñ,Dost tapyndyk,söýdük gyzyñ.Sende geçdi on bir ýazym,Hoş gal,mähriban mekdebim!Güldük munda, agladygam,Göwün tapdyk,...dagladygam.Düýnjek gelen ýalydyg-a, ...hoş gal,mähriban mekdebim!Mugallymlar alkyş size,Ýaş goşulsyn ömrüñize.Gara goýmañ göwnüñizde.Hoş gal,mähriban mekdebim!Bezzatlyklar, ikilikler,Kö...dowamy...
Ýaşasym gelýär...+3
Men uçmak islämok,guş dek asmana, Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär. Isleg ýok özümi Gökden asmaga, Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär. Meni ýaratdylar,ýalkadylar hem, Garyn dok,hiç kimden iýdirmedi kem, Alma!Ömür görsün atamdyr-enem, Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär. Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse, Barmaly menzilin,ýalñyşman ýetse. Duşmanlara güýjüm ejizlik etse, Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär. Gözüm d...dowamy...
Sen hakda soňky gezek.+0
Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,Bu ukyby guýduñ ýeñil kelläme.Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,Ýangynsyz ýazmadym,Peýdasy näme?!Ýazjakdym sen hakda poema, roman,Ýazdym.Tragedýa öwrüldi bary.“Seni söýýän”diýip eserde ýazman,“Söýüpdim” diýlenniñ peýdasy barmy?!Hawa ol peýdasyz,şonuñ üçinem,Olaryñ ömüri bolmady uzak.Ýazdym,Ýyrtdym.Ýazdym özüm üçinem,Saklamak isledim ençeme gezek.Urnuşlarym tamamlandy peýdasyz,Öz içgi dünýäme...dowamy...
Obam!+0
Öýläñi aldyryp Amyderýaga,Bir depäñ üstünde ertelän obam.Öý berip ynsana,boý berip baga,Ýaş boýunça entek, ortalan obam!Gizlemän bagryñdan tapdyryp gazy,Ýurduma bagş etdiñ ilkinji ýazy,Şäheri döretdiñ Gazojak ýaly,Watanda belentdir mertebäñ obam!Merdanadan,sada gerçekleriñ bar,Paýhasdan ýüklenen geljekleriñ bar,Şoña görä saýlapmynasypja ýar,Asylly gyzlaryn kürtelän obam!Patalydyr ýaşulysyndan ili,Kiçileri hormatlaýar ulyn...dowamy...
Astronawt gyza düşündiriş(Hyyaly )+0
Aýa çykmak bize derkar däl gülüm,Biz Ýer üstünde-de diýseñ bagtyýar.Bagta çykjak diýseñ garşy däl welin,Gyssanma onuñam entek wagty bar.Aýa çykjak bolup,köseme özüñ,Aklyñy alypdyr Astranomiýa.Aýt seniñ pikriñçe,“Söýgi”diýlen zat,Ylmyñ bar ýerinde möhüm dälmiýa?Möhüm!Möhüm!Möhüm!Marsdamy,Ýerde,Parhy ýok islendik ýerde şadyr ol.Nil aga-da Aýda,baýdak dikýärkä,Kalbyndakyñ adyn gaýtalandyr ol.Sebäbi ýürek bar hemme ynsanda,On...dowamy...
Edebiýat mugallymyma+0
Öwretdiñ edebiýaty,Öwretdiñ poezýany.Tarypyña bu sözler,Çakdanaşa az ýaly.Seniñ bilen tanadyk,Puşkinini,Haýýamyn.Seniñ bilen öwrendik,Gorkut ata eýýamyn.Magtymguly, Halyly,Gurbannazar, Kerimi.Söýüpmişin Görogly,Agaýunus perini.Janlanardy synpyñda,Gahrymanlar,şahyrlar.Leýli, Mejnun,Hüýrlukga,Hemra,Zöhre, Tahyrlar.Ömre goşup bag:ş etdiñ,Edebiýaty, sungaty.Senden öwrenenlermiñ,Bu gün uly hümmeti.Maña siñdirenleriñ,Täsin bije...dowamy...
Köneçil ýarym bilen jedel(Ag daky dossumyn durmusyndan)+0
Meniñ söýen ýarymyñ,Şeýle gözel görki bar,Gözellikde beýleki,Gyzlardan köp parhy bar.Emma ol ýar köneçil,Egninde-de keteni.Göýä şol köne köýnek,Oñ arzuwlap ýeteni.Diýdim bir gün “Söýenim,Senem döwrebap bolaý,Hanha ähli gözeller,Pommaha geldi golaý”. Hat-da olañ käbiri,Ýupkajygam geýipdir.Çünki olar bu döwrüñ,Lezzetini duýupdyr.Diýdi:-Gutaran bolsañ,Indi sen meni diñle.Duşanyma utanýan,Sen dek kellesi ýeñle.Geýen geýmim ýa...dowamy...
Jemi: 815
<< 1 ... 28 29 30 31 32 ... 41 >>

Soňky teswirler

Sayt nahili doredilya


Özüň Düzdüňmi sayt...dowamy...

Goshgy..


türkmen dili we edebiýatdan 5-lik alýan okuwçylar hemişe klawiaturada ýalňyş ýazýarlar))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goshgy..
Arzuw (Şugün, 07:09)

Hoşowaz /ariýa/


Gowy mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hoşowaz /ariýa/
Bagul (Şugün, 04:47)

DAŞ ASYRYŇ GYZY(hekaya)


Gyzykly ekeni...dowamy...

Dostuma


Goydum gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dostuma
Bagul (Şugün, 04:43)

Dostuma


Goydum gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dostuma
Bagul (Şugün, 04:43)

MENDE BIR ARZUW BAR..


Gowy eken...dowamy...

Goshgy..


t-dili edebiyat olimpistligm billiryami tapdm bryerlerdena...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goshgy..
Yekejelai (Şugün, 01:11)

Sayt nahili doredilya


Html css JavaScript php çala çula, özbaşdak saýt script dörederligä däl, ýöne bar özä kellede olar hakda biraz ýük ...dowamy...

Sayt nahili doredilya


Dine html, css, Java bilen peýdaly iş edip bilmersin. Men muňa 2014nji ýylda 16 ýaşymda göz yetirdim. Sebäbi html bilen css-i herhili edenimdede...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика