Dostuma
Premium BAYOGUL [off] 16.05.2024 / 12:33 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Darykýanyň aňyp durun gözüňden,
Sözüňde däl, sesiňde bar howsala.
Ne dertdir ol,
Gaýra üzmän üzülmez,
Iki böl-de, dost öňünde goýsana!
Kalpdan-kalba ýoda ýaly çekilgi,
Tarlara dymmaklyk şerti ýetipmi?!
Dag hyýally ýumruk ýaly ýüregiň,
Yşkdan başgasyna erki ýetipmi?!
Biz şol yşga werziş ýüregmiz bilen
Söýüp-söýlüp bu dünýäden ötmeli.
Hemem ýamanlary ýazgarmazdan öň,
Ýagşyny söýmegi endik etmeli.
Joşgunlar öňdedir, darykma hergiz,
Ýagyşlar ýandyryp,
Otlamasa gar.
Göýä, süýnüp-sarkýan bir owadan gyz,
Ylhamyň kä şeýdip, näz etmesi bar.
Ýok, entekler azaşmagyň wagty däl,
Akmaýanyň ýoly bize çelgidir.
Aý dogdugy aýňalarys ýaňadan,
Ýaramyz ýyldyz görere çenlidir.
Teswirler:
Premium BAYOGUL [off] Aldamak aňsat biz ýaly sadalary 16.05.2024 / 12:34+0Like goyayalyn
Täzeje Bagul [off] 17.05.2024 / 04:43+0Goydum gowy
Täzeje Bagul [off] 17.05.2024 / 04:43+0Goydum gowy
Betinden rexha [off] En büyük hatanız kör sandınız🍃 22.05.2024 / 04:29+0👍👍👍👍👍
Soňky teswirler
Oglanyñ gulleri (hekayasy)
Oglana nama gerek diysene sholar yaly samsyklyk narmalnyja and 100sansyny ugradyberda ugradjak diyen bolsan ozem goni toy guni gelayshinay on...
dowamy...sorog.......
Yigidin bar bolsa sheylede shokolad alyp berilyandir diyen pikir bilen birinji yigidin bar yoklugy soralyandyr...
dowamy...sorog.......
Biz görgüli näme üçindir bilmedim(bilýärmikäm ýa) islendik gyzdan soraýan ilki tanyşamda ýöne her gezek şokolada däl hödür edýänimiz başga zat he...
dowamy...sorog.......
Sebäbi her bir gyzyň öňünden gadyryny biläýjek oglan maksimum 1 sapar çykýa. Ondan galanlarynyň hemmesi ****** üçin tanyşlyk gurýa gyz bilen. #d...
dowamy...