“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Боль души — это соль невыплаканных слез.
Oglanlara sorag | Teswirler
 Täzeje
Muawiye [off] (01.01.1970 / 05:00)
Ýene başgalaryň pikirine ilişmäýin diýýärin welin, çyndanam teswirlerde ýene sowatsyzlykdan döreýän garaýyşlary görse bolýar.

Men bu ýagdaýa az gabat gelinýändir öýdemok. Gyz-gelin hasaplarynda (tüweleme her-hili gepi yzarlaýarlar) nähili zatlar gabat gelinýär, oglan ilkinji gijede hassahana äkidilipdir, jynsy organy tikine degip kesilipdir we ganapdyr, ýa-da sögüşip, uruşýanlar, ýalaňaçlap köçä zyňýanlar, gepiň keltesi kän zat bar (ýöne her gepe-de ynanyp durmaly däl).

Has radikal (kesgitli) hereket edýänlerem bar, meselem Lebapda şeýle bolup çyksa, ýeňňesini edip goýberýärmişler (elbetde bu myş-myş). Beýle zat bar bolsa bu jenaýat bilen deň zatdyr we iň agyr jezalary hem hak edýär, ýagny oglan tarap. Haýsam bolsa bir erbetlige, erbetlik bilen jogap gaýtarylmaýar, zorluk bilen gözellik bolmaz. Munuň interwýularda "çagaňyz ateist bolsa näme ederdiňiz?" diýlen soraga "keserdim", "öldürerdim" diýip jogap berýänlerden kän tapawudy ýok. Diňe akmaklar, jahyllar çözgüdi gödeklikde gözleýärler. Sebäbi olaryň ynsany aýratynlyklary kämilleşmändir.

Şuny aýtmagym gerek; Men gyzlygyň bolmazlygyny gaty erbet aýyplanjak zat hasaplamok. Bir kişi birini söýendir, çyny bilen söýendir, şeýlelik bilen aralarynda gatnaşyk dörän bolmagy mümkin. Belki soňam käbir düşünişmezliklerden adam ýaly gürleşip, aýrylşandyrlar. Ýöne goldamok, diňe aýyplanjak, gaty erbet ahlaksyzlyk hasaplanjak zat däldigini nygtaýaryn. Ahlak-namys, iki aýagyň arasynda däl. Bu işi diňe pul bilen edýänler aýyplanyp bilner, sebäbi olar pul garşylygynda öz tenini satýarlar, ýagny özüni pul üçin hödürleýärler. Ýagny ikisiniň arasynda tapawut bar.

Şeýlelik bilen, şol gyz bir oglan bilen gürleşip, gatnaşyk guran bolmaklary mümkin. Ýöne bu ýerde gyzyň etmeli zady, muny saklaman, gatnaşyk uzaga gitmänkä aýdyp, täze gürleşýänini bu hadysadan habarly etmek. Eger täze gürleşýän oglany hem bu ýagdaýa razy bolsa, geň görüljek zat bolmaz bu ýerde. Iki ynsanyň birek-birege ynamy we ygtybary bar. Gyz ýörite muny saklasa, onda bu gowy hereket däl. Çünki, belki oglan beýle kişileri halaýan däldir we halaýan gyzynyň hiç kim bilen gatnaşyk gurmadyk biri bolmagyny isleýändir.

Ýöne bu ýerde soralýan sorag, şolar ýaly hadysa ilkinji gijede başyňa gelse näme ederdiň?
Ynsanlyga gelişýän hereket etjegim belli, men haýwan däl üýrüp, gorkuzyp, zyýan berip zyňar ýaly. Käbir özümiň möhüm hasaplan, bilesim gelen soraglary bererdim. Eger çyndanam diňe bir gezek gatnaşyk guran bolsa, onam ýokardaky birek-birege ynama esaslanýan sebäp bilen eden bolsa, munam gorkup (meni ýitirmekden) aýdyp bilmedik bolsa, başga hiç hili gatnaşygy bolman, onam edenine puşmanlyk duýýan bolsa, şeýle-de menem ony gaty erbet söýüp, şol diýip ölüp-öçüp barýan bolsadym, gizläp gowy zat etmändigine garamazdan bagyşlamagym mümkindi. Şol wagtky hal-ýagdaýyma, duýgularyma hem bagly bolup durýar bu ýagdaý. Men "şeýderdim" diýsemem bu anyk jogap bolanok, sebäbi şol wagt oňa bolan duýgularymyň gaty ýogyn, güýçli bolmagy mümkin, eger doly güýçli bolmadyk bolsa şol wagt, onda adam ýaly zat diýmän, öýüne eltip gaýtmagymam mümkindi. Elbetde hiç kimiň başyna gelmesin ýöne başyňyzdan geçmese beren jogabyňyz diňe şuwagtky hal-ýagdaýyňyza bagly bolýar we anyk, dogry jogap bolmazlygy mümkin.

Gysgaçasy oňa bolan söýgime, duýgularyma, ikimiziň aramyzdaky gatnaşyga, esasy mesele-de welin; onuň puşmanlygyna, bir gezekligine, ol gatnaşygam edil biziň gatnaşygymyz ýaly ömürlik hasaplandygy üçin edenligine ýaly zatlara bagly.
Mowzuga geç!
Foruma geç!
Soňky teswirler

Ýatlamalar bilen saralan ýaram..


Yene biri menden...dowamy...

Ýatlamalar bilen saralan ýaram..


Mlds bir like menden...dowamy...

Bilýäňmi?


Aydymmy bu...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilýäňmi?
Росия (Şugün, 22:17)

Yatdan cykardym


Yöne bilyämiñ sen šo-ol gara gözleñ, Bu oglanlañ birindenem tapamok. ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yatdan cykardym
Yekejelai (Şugün, 21:29)

Diñe seniñ üçin!


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Diñe seniñ üçin!
Kicxikge (Şugün, 21:21)

Ahwal


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
Kicxikge (Şugün, 21:20)

Gitdi.


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
Kicxikge (Şugün, 21:20)

Aýralyk pursady...


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýralyk pursady...
Kicxikge (Şugün, 21:20)

Yekejelaai


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yekejelaai
Kicxikge (Şugün, 21:20)

Namaz


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Namaz
Kicxikge (Şugün, 21:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика