Ýürekdeş sözler!
Nipah wirusyna garşy täze sanjymyň kliniki barlagy başlaýar | Teswirler
| Öwreniji Fantom [off] (01.01.1970 / 05:00) Hiç zat etmän ýatmak kyn, ýöne men kynçylykdan gaçamok... |
Hormatly okyjylar, geliň, şu gün hemme zady açyk gürleşeliň. Häzirki wagtda ähli ýerden "Nipah wirusy gelýär, ölümiň ähtimallygy 75 göterim, derman ýok!" diýen gorkuly sesler eşidilýär. Emma bu täze bir zatmy? Ýok. Bu eýýäm taryhda onlarça gezek ulanylan, synagdan geçen we her gezek hem milliardlarça dollar gazanç getiren bir "gorky maşynydyr". Birwagtlar doňuz dümewi, guş dümewi, ebola we ýakynda bolan uly epidemiýa — bularyň hemmesi hem başda edil Nipah ýaly "adamzadyň soňy" hökmünde mahabatlandyrylypdy.
Taryhdan bir mysal getireliň: 2009-njy ýyldaky "Doňuz dümewi" (H1N1) wakasyny ýatlaň. Şol wagt BSGG (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) dünýäde pandemiýa yglan etdi. Äpet derman kompaniýalary gyssagly waksinalary öndürdiler, döwletler milliardlarça dollar serrişteleri şol dermanlary satyn almaga harçladylar. Netije näme boldy? Birnäçe ýyldan soň, Ýewropa Geňeşiniň lukmançylyk komiteti munuň "ýasama epidemiýadygyny" we derman kompaniýalarynyň gazanç etmegi üçin BSGG-nyň adamlary gorkuzandygyny resmi taýdan tassyklady. Satyn alnan millionlarça sanjym bolsa hiç kime gerek bolman, zibile taşlandy. Emma pul eýýäm belli jübilere gidipdi.
Häzirki Nipah wirusy bilen bolýan ýagdaý hem hut şol ssenariýany ýatladýar. Geliň, iň ýönekeý soragy bereliň: Bu zatlar kime peýdaly?
Birinjiden, bu äpet derman kompaniýalaryna, ýagny "Uly Farma" diýilýän güýçlere peýdaly. Olar üçin sagdyn adam — müşderi däl. Kesel adam — bu girdeji, gorkýan adam bolsa — bu çäksiz girdeji. Nipah wirusy baradaky gorky purnyklary nebitden we gazdan has köp gazanç getirip bilýän sanjym bazaryny taýýarlaýar.
Ikinjiden, bu BSGG ýaly halkara guramalaryna peýdaly. Uly döwletler bu guramalardan çykyp başlanda ýa-da olaryň maliýesini kesende, BSGG-na täze bir "global krizis" gerek bolýar. "Serediň, biziň kömegimiz bolmasa, dünýä heläk bolar!" diýen şygary ulanmak üçin Nipah ýaly ekzotik wiruslar iň amatly guraldyr.
Bular näme üçin gerek? Diňe pul üçin däl. Bu — gözegçilik üçin hem gerek. Gorkýan adam dolandyrmaga aňsatdyr. Gorku arkaly adamlaryň hereketini çäklendirmek, olary sanly gözegçilige öwrenişdirmek we her bir ädimini barlap durmak has aňsat bolýar.
Nipah wirusy hakykatda näme? Bu Hindistanyň we Bangladeşiň käbir sebitlerinde, ýabany ýarganatlaryň ýaşaýan ýerlerinde bar bolan tebigy bir kesel. Ol howa arkaly asgyrmak ýa-da üsgürmek bilen ýaýramaýar. Ony ýokuşdyrmak üçin şol ýarganatlaryň iýen miwesini iýmeli ýa-da syrkaw adam bilen gaty ýakyn, bedeniň suwuklyklary arkaly galtaşykda bolmaly. Ýagny, bu dümew ýaly şäherden-şähere uçup ýören kesel däl. Şonuň üçin dünýäniň beýleki künjeklerinde dowul turuzmagyň hiç hili ylmy esasy ýok.
Ýönekeý adamlara näme etmeli? Iň esasy zat — asylsyz gorkudan daşda durmaly. Biziň iň uly duşmanymyz wirus däl-de, eýsem gorky arkaly gowşadylan immunitetimizdir. Sagdyn durmuş ýörelgesi, gigiýena kadalary we iň esasy zat — pikirlenmek ukyby bizi islendik "ýasama" ýa-da hakyky wirusdan has gowy gorar. Rospotrebnadzoryň ýatlatmasyny ýene bir gezek gaýtalaýaryn: elleriňizi ýuwuň we häki rezin dakmagy ýatdan çykarmaň. ))

Biziň gözümiziň öňünde oýnalýan bu spektaklyň maksady — hakykaty däl-de, gorkyny satmakdyr. Hakykat bolsa gaty ýönekeý: siziň saglygyňyz diňe öz eliňizde, derman kompaniýalarynyň meýilnamalarynda däl.
Soňky teswirler
GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Yslam dini ýaňy ýaýrap başlan döwürlerinde, geçmişiniň agyr ýüki bilen ýaşaýan bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelýär. Bu adam öz taýpasynyň abraý...dowamy...
Asyryň garaňkylygy gelýär: 02.08.2027!
Gün tutulmasy diňe Aý Günüň we Ýeriň ortasyna göni çyzyk boýunça düşende bolýar. Ýöne Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanýan ýoly (orbitasy) bir az gyşyk (...dowamy...
Nipah wirusyna garşy täze sanjymyň kliniki barlagy başlaýar
Dogrysy ýazmajagam boldym, ýöne 3 4 hepdelikde şu barada okapdym, sizem indi bolanyna görä tanyş boluň: Hormatly okyjylar, geliň, şu gün hemme...dowamy...
...
gijañ yary hezil edip guldimda...