Ýürekdeş sözler!
Asyryň garaňkylygy gelýär: 02.08.2027! | Teswirler
| Öwreniji Fantom [1m] (01.01.1970 / 05:00) Hiç zat etmän ýatmak kyn, ýöne men kynçylykdan gaçamok... |
Aslynda Aýyň orbitasy tegelek däl-de, süýri (ellips) şekilli. Şol sebäpli Aý käte Ýere has ýakyn gelýär, käte bolsa daşlaşýar. 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Aý Ýere iň ýakyn nokatlarynyň birinde bolar. Aý ýakyn bolansoň, ol asman giňişliginde adaty wagtdakysyndan has uly görünýär we Günüň ýüzüni has uly meýdanda we has uzak wagtlaýyn büräp bilýär. Ine, şonuň üçin hem 2027-nji ýylda biz 6 minutlyk "asyryň garaňkylygyna" şaýat bolarys.
Gün tutulmasyny Aýyň kölegesiniň Ýeriň ýüzünde goýýan yzy diýip göz öňüne getiriň. Aý kiçi bolansoň, onuň kölegesi Ýeriň hemme ýerini büräp bilmeýär. Şol kölege Ispaniýadan we Demirgazyk Afrikadan "göni" geçýär, şonuň üçin olar doly garaňkylygy görýärler. Türkmenistan bolsa şol kölegäniň gyrasynda galýar, şonuň üçin bizde Gün doly däl-de, "bölekleýin" (gapdalyndan kerçelen ýaly) görner.
Şeýle uzak dowam edýän tutulmalar alymlar üçin Günüň daşky gatlagyny (koronasyny / täjini) öwrenmäge iň amatly pursatdyr. 1919-njy ýyldaky Gün tutulmasynda Albert Einsteiniň "Otnositellik teoriýasy" (ýagtylygyň agyrlyk güýji bilen gyşarmasy) subut edilipdi. Kim biler, belki 2027-nji ýyldaky bu 6 minutlyk garaňkylyk hem ylymda täze bir gapyny açar?
Soňky teswirler
GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Bu ýagdaýyň adamlaryň düşünjesinden aýrylmagynda,Pygamberimiziň (Muhammet.s.a.w.) adyny tutmazlyk gelişmeýär!...dowamy...
GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Jahyllykdan, yone inni guramalar we kanun tarapyndan zenanyn hukuklary doly goralan (azajyk çendenasada), taze swilizasiya doremese bu yagday gay...dowamy...
GYZ ÇAGASY HÖKMANMY?
Yslam dini ýaňy ýaýrap başlan döwürlerinde, geçmişiniň agyr ýüki bilen ýaşaýan bir adam Pygamberimiziň ýanyna gelýär. Bu adam öz taýpasynyň abraý...dowamy...
Asyryň garaňkylygy gelýär: 02.08.2027!
Gün tutulmasy diňe Aý Günüň we Ýeriň ortasyna göni çyzyk boýunça düşende bolýar. Ýöne Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanýan ýoly (orbitasy) bir az gyşyk (...dowamy...
Nipah wirusyna garşy täze sanjymyň kliniki barlagy başlaýar
Dogrysy ýazmajagam boldym, ýöne 3 4 hepdelikde şu barada okapdym, sizem indi bolanyna görä tanyş boluň: Hormatly okyjylar, geliň, şu gün hemme...dowamy...
...