“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Gidene gynanma, soyse gitmezdi. Gelene begenme, olam bashga birinden gelli. #Yekejelai
Juda yadadym!(Gyzyklyja okapgorun) | Teswirler
 Öwreniji
Muawiye [off] (01.01.1970 / 05:00)
Ýazga düşünmekde gaty kynçylyk çekdim. Hatda 5 gezek gaýtalabam düşünmedim käbir ýerlerine.) Grammatika gaty pesräk.

Sorag başga, jogap başga bolupdyr. Jogap ol soragyň jogaby däl. Sorag ýazgyt barada ýöne ol şahsyýeti kämilleşdirmek kitaplary ýaly birtopar nutuk okapdyr, muňa-da jogap diýipdir we jogaby tapandygyna begenipdir.

"Ynsan dünýä näme niýet bilen indirilýär? Ýazgyt bar bolsa biz nädip saýlap bilýäris, nädip saýlaw hakymyz bolýar?"

Sorag şuny diýjek bolupdyr öýdýän. Bu ýazgyt meselesine, ýazgyt adalgasyna degişli sorag. Adam dünýä indirlenmi, ýa-da indirilmedikmi, ol näbelli. Şeýlelik bilen niýet hem belli däl. Muňa bilim jogap bermeýär. Sebäbi bilim närseleriň üstünde işleýär, barlap, analiz edip bolýan zatlaryň üstünde barlaglar, işler alyp barýar. Ýöne "dünýä indirildikmi?" ýa-da "indiren kim?" soraglaryna degişli, ugur alyp boljak, barlap boljak bir zat, bir ýörelge, bir ýol ýok. Elimizde hiç zat ýok.

Bu soraglara filosofiýa, din, mifologiýalar jogap bermäge synanyşýar. Dine görä bizi Hudaý ýaratdy. Özüne gulluk etmek "niýeti" bilen. Filosofiýa-da bolsa dürli-dürli jogaplar bar. Mysal üçin käbir pelsepewi garaýyşlar bar. Olaryň biri ateizm, muňa görä Taňry ýok we biz bir maksat bilen dünýä inmedik, indirilmedik. Deizme görä bolsa bir ýaradyjy bar, ýöne ol diňe ýaradyjy. Ol din iberenok, adamlara goşulanok, älem bilen işi ýok. Ol diňe älemi ýaratdy, bary işi şoldy. Spiritualizme görä (kän görnüşi bar) Hudaý bilen birleşmek, iň uly zat. Biziň hemmämiz bir kod, bir faýl, biz bir kod hökmünde dünýä geldik we hemmämiz iň uly barlyk bolan Hudaý bilen birleşmek üçin dyrjaşmaly. Adaty adamlar (awam) muny başarmaýarlar, olar dolandyrylmaga mätäç bolany üçin, käbir ideologiýalara, dinlere, garaýyşlara bagly bolup galýarlar we şolar ugrunda öz janynam pida edip bilýär. Bular ulanylmalydyr. Ýöne öz erkini özi sazlap bilýän, eren adamlar bolsa (hawas) Hudaý bilen birleşip bilýärler. Niýet şol. Agnostisizme görä bolsa, biziň bu dünýäde näme üçin barlygymyz bilnip bilinmeýär.

Ýazgyt barada gaty kän zat aýdylyp, çekeleşildi. Ýöne hemmesi diňe bir zada barýar. Olam, ýazgyt bar bolsa, ynsanyň erkin ygtybary bolmazdy.
Mowzuga geç!
Foruma geç!
Soňky teswirler

Är-aýal gatnaşygyndaky çaprazlyk döwürleri


...dowamy...

ANNEMIN AĞLADIĞI GÜN / hikaye


Awtory Kakamyrat Atayew. Turkca terjime eden: @Belki Turkmence wersiyasynam okamagy maslahat beryan...dowamy...

Goñşularda galan köne ÿazgylarymdan..


Mlds ...dowamy...

Goñşularda galan köne ÿazgylarymdan..


Gozegmesiin...dowamy...

Söýgi ve Aýralyk!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi ve Aýralyk!
Kicxikge (Şugün, 10:48)

Kakam meni halanok...


Akl papama su...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kakam meni halanok...
Kicxikge (Şugün, 10:47)

Kakam meni halanok...


Ozbekcani gowy bolia ekenin.Jura täsirli.(kakam meni halanok)sözi tanshyrak geli.Like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kakam meni halanok...
Dreamfull (Şugün, 09:09)

Kakam meni halanok...


Bah gybancly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kakam meni halanok...
BAYOGUL (Şugün, 07:14)

Söýgi ve Aýralyk!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi ve Aýralyk!
BAYOGUL (Şugün, 07:13)

Söýgi ve Aýralyk!


Йуреге аграм салянайт Жигим..!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi ve Aýralyk!
Мерет (Düýn, 22:25)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика