Ýürekdeş sözler!
Düzeliň ynsanlar | Teswirler
| Öwreniji Fantom [1m] (01.01.1970 / 05:00) Hiç zat etmän ýatmak kyn, ýöne men kynçylykdan gaçamok... |
Hormatly okyjylar, biziň häzirki jemgyýetçilik ýagdaýymyzda ýekeje günäkär ýokdur. Bu mesele ägirt uly bir sistemanyň we umumy ruhy çöküşiň netijesidir. Geliň, bu ýagdaýyň hakyky faktlaryna taryhyň we ylmyň aýnasyndan seredeliň.
Iňlis alymlarynyň we Sosial Dilemma ýaly barlaglaryň görkezişi ýaly, TikTok, Instagram we YouTube ýaly platformalar ýönekeý bir göwnaçyllyk däl. Bular adamyň beýnisindäki dofamin sistemasyny dolandyrýan gurallardyr. Rus psihology Andreý Kurpatowyň Sanly akylsyzlyk baradaky barlaglarynda aýdylyşy ýaly, ekran adamyň maddy isleglerini, ýagny nebsini öňe çykarýar. Namysyny ujyplyja pula satýanlar, aslında şol sanly dünýäniň döreden çalt we aňsat baýlyk illuziýasynyň gurbanydyr. Algoritmler adama diňe haramy we hezilligi görkezip, ynsaby ulgamdan daşary çykarýar.
Türk pelsepeçisi Alew Alatlynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde bar bolmak diňe eýe bolmakÝagny, adamyň adamçylygy däl-de, onuň nämeleriniň bardygy has
möhüm ýaly görünýär diýen düşünje bilen çalşyryldy. Öň adamlar abraýy ylymdan we ynsapdan gözlän bolsa, häzirki maddyýetçi dünýäde abraý diňe pul bilen ölçenýär. Rus edebiýatynyň beýik piri Dostoýewskiniň aýdyşy ýaly: Eger gorku we ynam ýok bolsa, onda hemme zada rugsat bar. Adamyň kalbyndan ahyret hasabatyny çykaryp, ýerine diňe pul goýsaň, onda dost duşmana, gyz bolsa harama öwrülýär. Bu maddyýetçilik wirusy häzir bütin dünýäniň ruhy sistemasyny zäherledi.
Fridrih Nitsşeniň Gullaryň moralasy baradaky teoriýasyna görä, haçan-da jemgyýetde hakyky gymmatlyklar ýitse, adamlar biri-biriniň üstünden gülüp, diňe peslikleri bilen öwünip başlaýarlar. Üstüňden gülmäne taýyn dost — bu ruhy garyplygyň netijesidir. Iňlis sosiology Zygmunt Bauman muny Suwuk modernizm diýip atlandyrýar: häzirki döwürde dostluklar we söýgi gatnaşyklary edil suw ýaly durnuksyz we hapadyr.
Biziň öz medeni köklerimizde ene-ata uff diýmezlik iň uly kanundy. Emma häzirki ene-atasyny gynaýan ýaşlar hakykaty — bu terbiýe zynjyrynyň üzülmeginiň subutnamasydyr. Ýaşlar özlerine görelde aljak hakyky erkek ýa-da gyz keşbini taryhy gahrymanlardan däl-de, ekrandaky ýalançy obrazlardan alýarlar. Bu bolsa namysyň aýak asty edilmegine we sylaşygyň ýitmezine sebäp bolýar.
Bulara Kim Günäkär?
Birinjiden, jemgyýetçilik dymyşlygy. Biz ýalňyşy görsek-de, maňa näme diýip dymdyk. Erbetlik-de dymylýan ýerde gül açýar. Ikinjiden, bilimdäki ruhyýet kemçiligi. Biz diňe diplom üçin okadyk, ýöne ynsanlyk üçin okamadyk. Üçünjiden, tehnologiýanyň dolandyryşy. Biz tehnologiýany ulanmadyk, tehnologiýa bizi ulandy.
Hakyky fakt şudur: Häzirki dünýäde ynsap iň gyt haryda öwrüldi. Dowzah duýduryşy, aslında şu dünýäniň özüniň dowzaha öwrülip barýandygyny aňladýar. Syrat köprüsi diňe ahyretde däl, ol her gün biziň ynsabymyz bilen nebsimiziň arasyndaky saýlawymyzda dur.
Bu mesele şeýle bir çuňňur welin, taryhda bolup geçen hakyky çöküşler bilen deňeşdirip bolar. Britan taryhçysy Edward Gibbon Rimiň ýykylyşynyň esasy sebäbini ahlak çöküşinde görýär. Rimde halkyň diňe iýmek we tomaşa bilen meşgullanmagy, häzirki wagtdaky peýdasyz wideolar arkaly wagtyňy öldürmek bilen meňzeşdir. Puluň iň uly hukuk bolmagy Rimiň ýykylyşynyň baş şertidi.
Sodom we Gomora şäherleri hem uly maddy baýlyga eýedi, emma ruhy taýdan iň aşaky derejä düşüpdi. Namysyň bulaşmagy we adamlaryň nebsiniň hemme zatdan ýokary geçmegi şol taryhy çöküşiň iň ýokary nokady boldy. Osmanly döwletiniň Lale döwründe-de dabaralylyga meýil artdygyça, ruhy çüýremek başlandy. Taryhçy Arnold Toýnbi aýdyşy ýaly: Medeniýetler öldürilmeýär, olar öz-özüni öldürýär.
Iňlis sosiology Zygmunt Bauman Suwuk söýgi atly işinde häzirki zaman ynsan gatnaşyklarynyň nähili arzanlandygyny düşündirýär. Öňler bir gyzyň namysy onuň bütin durmuşynyň binasy bolan bolsa, häzirki algoritmler adamyň bedenini bir haryt hökmünde görkezmäge höweslendirýär. 50 manat pul üçin bedeniň harlanmagy, şol harytlaşma prosesiniň iň aşaky derejesidir.
Psihologiýada ekshibisionizm diýen düşünje bar — bu özüňi görkezmek islegidir. Bu platformalar şol islegi ulanyp, gyzlary öz namysyny laýk we pul üçin açmaga iterýär. Bu bolsa ýigit bilen gijesini geçirip, soňra durmuşyndan sowaşýan nesliň döremegine sebäp bolýar. Emma erkekleriň hem jogapkärçiligi ulydyr. Leo Tolstoý erkekleriň aýal-gyzlaryň ahlak çöküşindäki roluny gaty agyr tankyt edýär. Erkek kişi iman getirip erkek bolup saklanyp, öz nebsine "stop" ýok ýogeý,diýmese, haram işleriň ýoly has-da açylýar.
Karoçee
Bu hakyky dünýäniň ýüzündäki hasabatdyr. Günäkärler: öz nebsini hudaý edinen ynsan, tehnologiýany namysdan ýokary goýan medeniýet, puly abraý saýan jemgyýet we çagalaryny sanly dünýäniň eline taşlan maşgaladyr.
Emma her bir goýy garaňkylygyň ahyrynda hökman bir yşyk, bir umyt bardyr. Bu dünýäniň synaglaryny diňe bir wagtlaýynça gülüp-oýnap, aýşy-eşretde şat bolup ýeňmek mümkin däldir. Sebäbi aýşy-eşret diňe bedeniň wagtlaýyn hezilligidir, ýöne ruhuň hakyky bagty wyždanyň päkligindedir.
Hakyky ýeňiş — diňe nebsiňi razy edýän ýeňil hezillikler bilen däl-de, eýsem ynsabyňy her dürli hapa işlerden gorap, kynçylyklara sabyr edip we her bir ädimiňde Allanyň razylygyny gözläp ýaşamaklyk bilen mümkindir. Biz namysy diňe bir sözde däl, eýsem her bir işimizde, her bir garaýşymyzda mukaddes galkan hökmünde götermelidiris. Namys — bu adamyň ruhy pasportydyr; ol ýitse, adamyň jemgyýetdäki we Allanyň öňündäki hakyky gymmaty hem ýitýär.
Şonuň üçin hem, her bir eden işimiziň, hatda iň kiçijik hereketimiziň hem jogabyny bir gün hökman berjekdigimizi asla ýatdan çykarmalyň. Häzirki zaman dünýäsinde bu jogapkärçilik öňküsinden hem has inçeldi we has agyrlaşdy. Indi biziň haýsy ýoldan barýandygymyz diňe bir köçedäki ädimlerimize däl, eýsem sanly dünýädäki her bir barmagyň basýan düwmesinden, goýýan birje "laýkymyzdan", ýazýan teswirimizden we ekranda seredýän her bir wideomyzdan başlanýandyr.
Her bir basylan düwme — bu biziň ahlak saýlawymyzdyr. Her bir seredilen wideo — biziň ruhumyzyň iýmitidir. Goý, biziň barmaklarymyz diňe ýagşylyga, gözlerimiz bolsa diňe hakykata we edebe hyzmat etsin. Ýalançy dünýäniň maddy duzaklaryna egilmän, wyždanyň we namysyň sesi bilen gülübem ýeňeris!
Soňky teswirler
TOÝ TUTYLÝAR DILBERIM
Üçinji gezek okaýan/diňleýän şu goşgyny. täsirli gowy bolupdyr-... haýysy kitapda bar beýle gowy goşgylar? esasanam şeýle lirika goşgylaryň aşy...dowamy...
Düzeliň ynsanlar
Indi şu zatlara kim günäkär diýmegiňiz mümkin. Hormatly okyjylar, biziň häzirki jemgyýetçilik ýagdaýymyzda ýekeje günäkär ýokdur. Bu mesele ägir...dowamy...